Parahatçylygyň ýörelgesi

4 Ýanwar 2021
2032

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi.

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerini bu gün ýaşlarymyz mynasyp dowam edýärler. Munuň özi berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar. Sazlaşykly ösüşiň esasy bolan beýik ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy üpjün edýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.