Ezberlere — ýeňiş hemra

4 Ýanwar 2021
1573

Golaýda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň badminton federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýaryşda türgenler jübütleýin hem-de şahsy görnüşde bäsleşdiler.

Zenanlaryň arasynda lebaply Rozygül Jumaniýazowa has şowly çykyş etdi. Ol jübütleýin görnüşde Ýana Sarkisýan bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Şahsy görnüşde-de Rozygül ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.

Gözel GYLYJOWA,
ýörite habarçymyz.