Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Ösüşleriň täze mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çuň mazmuna baý pursatlarynda muny aýdyň görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, eýýäm ençeme ýyllardan bäri  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we dünýäde parahatçylygy ösdürmekde, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ilerletmekde öňe sürýän ählumumy bähbitli tagallalaryna bildirilýän ýokary hormatyň beýanydyr.

Ulag ulgamynyň hukuk binýady

Ýurdumyzyň ulag ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup, onuň ösdürilmegine döwlet derejesinde aýratyn goldaw berilýär. Şeýle hem bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen birlikde, hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamynda alnyp barylýan işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Howa kodeksi, «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Magistral turba-geçiriji ulag hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biri boldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Güljahan MEREDOWA, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik: — Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmak babatda-da anyk işler alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek BERDIMUHAMEDOWA

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy hormatly hanym! Men biziň Türkmenistana bolan döwlet saparymyzyň dowamynda meniň ýoldaşyma hem-de maňa bildiren mähirli myhmansöýerligiňiz üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna we Size çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin. Siziň bizi şeýle göwnaçyklyk hem-de myhmansöýerlik bilen garşylamagyňyz bizde bir-birimizi köp wagtdan bäri tanaýan ýaly duýgyny döretdi. Biz oňaýly ýagdaýda dürli ugurlara degişli meseleler boýunça söhbetdeş bolmaga mümkinçilige eýe bolduk.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär. Deputatlary bellige almak 13-nji iýulda sagat 9:00-da başlanýar.

Ahal we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary zähmet ýeňşini gazandylar

Ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri babatda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, oba zähmetkeşleri tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün edilýär. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Munuň özi bu jogapkärli möwsümiň ýokary netijelere beslenmegine ýardam berýär. Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda ilkinji bolup Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary öz şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär. Deputatlary bellige almak 13-nji iýulda sagat 9:00-da başlanýar.

Azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

«Arkadag» ýyldyzy — bagtyň ýyldyzy

Bu günki gün mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren bagtyýar zamanasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýy barha belende galýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlas-paýhasyndan kemal tapan döwrebap Arkadag şäheri bolsa eýýäm bir ýyldan gowrak wagt bäri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan bu döwrebap şäheriň ýakynda uludan baýram edilen bir ýyllyk dabaralary ähli raýatlarymyzyň ýüreklerini joşduran taryhy wakalaryň ýene biri bilen utgaşdy. Şol gün asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle hem teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy ýokary okuw mekdebimiziň ähli mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny çäksiz buýsandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Türkmenistan — BMG gatnaşyklary: ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga eýedir

Şu ýylyň 5-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. 6-njy iýulda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak bilen, Türkmenistanyň we Milletler Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň BMG-niň esasy halkara konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň güwäsidir. Olar bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýada öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly!Hormatly dabara gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş! Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç! Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Maulen Sagathanuly! Hormatly dabara gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!