Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 3-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

2024-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanyň häzirki syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýagdaýy, ýurduň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek barada pikir alyşdylar. 1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden Yrak Respublikasyna üstaşyr ibermegiň meselelerine garaldy.

2024-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Şu ýylyň iýulynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen bu çäreler daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm ugry bolup, dostlukly döwletler bilen ynanyşmak, özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanyň häzirki syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýagdaýy, ýurduň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek barada pikir alyşdylar.

Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym...

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň uly dabara bilen bellenilýän günlerinde «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýagty, parlak ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy baradaky hoş habar bizi ýyldyzlar äleminiň syrly dünýäsine gaýybana syýahata alyp bardy. Eýsem-de, biz asman bezegi bolan ýyldyzlar barada nämeleri bilýäris? Gijeligi aýdyňlyga öwrüp, şöhle saçýan ýyldyzlar bilen bagly halkymyzyň durmuşynda gadymy döwürden ýaýran yrym-ynançlar bar. Ýyldyzlaryň tebigata, ynsan täleýine edýän täsirleri halk döredijiligidir gadymy dessanlarymyzdan hem aýan. «Bagt ýyldyzy» «Umyt ýyldyzy», «Ýyldyza toýnak salmak», «Ýyldyzy gowuşmak», «Ýyldyzlar näme diýýär?» ýaly asman jisimleri bilen bagly jümleler, megerem, halkymyzyň ýyldyzlaryň ylahy güýjüne bolan ynam-ynançlaryndan dörändir. Älem giňişliginde ýerleşýän ähli ýyldyzlar 88 topara bölünip, olaryň hersiniň gadymdan gelýän hususy atlary bar. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň şanyna «Arkadag» diýlip atlandyrylan ýyldyz hem Pegas ýyldyzlar toparyna degişli.

Arkadagyň beýik binalary — bagtyýarlyk nyşany

Ýaşaýşyň iň täsin tarapy dünýäde ähli zadyň özgerip, durmuşyň dynuwsyz ösýänligidir. Adamzat hem maddy tarapdan, hemem ruhy-aňyýet tarapdan hemişe gözlegde bolup, durmuşy özgertmek bilen uly taryhy ýoly geçipdir. Dünýä taryhynyň öçmejek sahypalarynda görnükli yz goýan türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk kuwwaty Garaşsyzlyk eýýamynyň ajaýyp maddy, ruhy keşbini ussatlyk bilen döretmegiň egsilmez çeşmesine öwrüldi. Garaşsyzlygyň otuz üç ýyly gurmak, döretmek bilen dowam etdi. Şu döwürde tutuş ýurdumyzyň keşbi täzelendi, gözelleşdi. Binagärligiň özboluşly, baý tejribesi döredi. Häzirki zaman şähergurluşyk syýasaty ähli beýleki ugurlardaky ösüşlerimiz bilen birlikde, türkmen binagärliginiň üýtgeşik döredijilik ýolunyň kemala gelmegine şert döretdi.

Mümkinçilikleriň deňzi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow VI Hazar sammitinde bu deňzi hut şeýle atlandyrdy. Şeýle diýmezçe-de däl. Hazar — bäş döwletiň arasynda ýerleşýän täsin suw giňişligidir. Ol uly köldür, daşky suwlara — deňizlere we ummanlara suw çykalgasy ýokdur. Emma şeýle ägirt uly bolansoň, adamlar oňa deňiz diýýärler, ähli resminamalarda, kartalarda, hatda iň gadymy kartalarda-da ol şeýle atlandyrylýar. Bu onuň birinji täsinligi. Ikinji täsinligi onuň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirip durýanlygydyr. Hut şu ýagdaý hem onuň halkara ähmiýetini artdyrýar. Bu deňiz arkaly Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen araçäkleşýär. Hazaryň türkmen kenary dostlugyň, parahatçylygyň, syýahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde tanalýar. Hazar deňzi tebigy we biologik serişdeleri özleşdirmekde, ekologiýada, deňiz kenarynda dynç alşy guramakda, sporty we turizmi ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Hazarda we onuň sebitinde nebit bar, gaz bar, elektrik energiýasyny almakda oňaýly şertler bar. Suw jandarlarynyň — balyklaryň dürli görnüşi, şol sanda bekre balygynyň dünýädäki iň uly gory, dünýäde ýeke-täk görnüş bolan Hazar düwleni bar. Suwda we batgalyklarda ýaşaýan guşlaryň, şol sanda gyşda ýyly ýurtlara uçup gidende düşläp geçýän, köplenç hem Hazaryň kenarynda gyşlamaga galýan guşlaryň örän kän görnüşlerine duş gelmek mümkin. Hormatly Prezidentimiz Hazara «mümkinç

Döwletlilik ýörelgesi bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýramçylyk ediljek günleriniň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny, durmuş-ykdysady ösüşini, halkara abraýyny belende götermegiň ösüşli ýollary barada gürrüň ederler, pikir alşarlar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, türkmen halky ähli döwürde-de döwletli işleriň başyna baryljak bolnanda atly-abraýly ýaşululara geňeşmegiň, ýaşkiçileriň pikirini diňlemegiň oňyn netije berjekdigine düşünipdir. Taryhy geçmişimize nazar aýlanymyzda, her döwrüň patyşasynyň, hökümdarynyň köşgünde öz dana gojalarynyň, parasatly wezir-wekilleriniň, pähimli geňeşçileriniň, ýolgörkezijileriniň bolandygy bize mälim. Aýratyn ähmiýete eýe bolan bu nusgalyk ýörelgäniň gözbaşynda Gorkut ata, Görogly begiň atasy Jygalybeg, Çagryl we Togrul begiň atalary Seljuk beg, Oguz hanyň dana weziri Erkil hoja ýaly pähim-parasatly kişileriň bolandygy guwandyryjydyr. Goja taryhymyzyň sahypalary pederlerimiziň durmuş tejribesi, parasatly maslahatlary bilen baýlaşyp, halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşa — mukaddes Garaşsyzlyga, baky Bitaraplyga ýetmegine gönezlik boldy. Asly, zandy watansöýüjilige, pähim-paýhasa, mertlige, gaýratlylyga, asyllylyga,

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Iş maslahaty geçirildi

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garalyp, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahalda

Gatnaşyklar ösdürilýär

30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Tährana iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, elektrik energiýasy, üstaşyr ulag ugurlary boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine ünsi çekdiler.

Adam hukuklaryna bagyşlandy

29-njy iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Gün tertibine laýyklykda, mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Adam hukuklary babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

Geljege şugla saçýan tutumlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň maksatnamalaýyn esasda utgaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisidir. Şuglasy asyrlara nur çaýjak tutumlaryň başlangyjyny goýýan wakalar barada gürrüň etmek örän ýakymly. 26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler barada habar berildi.

Beýik ösüşleriň röwşen şuglasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, binýadyny has-da berkidýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik işleri bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri buýsandyryjy wakalara, hoş habarlara beslenýär. Halk hojalygynyň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýar. 26-njy iýulda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmek, dostlukly döwletler, şeýle-de abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler baradaky hasabatlary diňledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: täze belentlikleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklary il-ýurt ähmiýetli döwletli işlere täzeçe badalga berdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» atly ynsanperwer taglymatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 61-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilýändigi beýan