Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Iň ulular, uzynlar hem beýlekiler

Dünýäde iň uly haýwanlar süýdemdirijilere degişlidir. Olaryň iň äpedi gök kitdir. Onuň uzynlygy 33 metre, agramy 150 tonna barabardyr. Gök kitiň ýüreginiň agramy 700 kilograma, böwrekleriniň agramy 1 tonna, diliniň agramy bolsa 2 tonna deňdir. Kitiň aşgazanynyň uzynlygynyň 3 metre, içegeleriniň uzynlygynyň bolsa 250 metre ýetýändigi geň galdyryjydyr. Täze doglan kitiň uzynlygy 8 metre, agramy 6 tonna ýetýär. Kitleriň kiçi görnüşleri hem bar. Olaryň käbirleriniň uzynlygy 1,5 metr, agramy bolsa 50 kilogramdyr.

Uzak ýaşaýan agaç

Hoz agajy uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişlidir. Dermanlyk we azyklyk häsiýeti bolan bu agajyň ýurdumyzda bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy ýa-da adaty hoz hem diýilýär. Adaty hoz hozlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 20-25 metre çenli ýetýän, bir ýa-da köp sütüni emele getirýän agaçdyr. Onuň şar şekilli ýokary başynyň gabarasynyň giňligi 20 metre çenli ýetýär. Ýapraklary örän uly bolýar. Hoz agajy, adatça, ýapragyny çykarýan wagtynda, aprel-maý aýlarynda gülleýär. Gülleri aýry ownuk, ýaşylymtyl reňkli bolýar, ýeliň kömegi bilen tozanlanýar. Miwesi sentýabr--oktýabr aýlarynda ýetişýär. Miwesi togalak ýa-da süýnmegräk şar görnüşli, gara-ýaşyl reňkli galyň gabyk bilen örtülen uly şänik bolýar. Agaçlaşan gabygynyň içinde ikileýin tohum-maňyz ýerleşýär. Hoz agajy tohumyndan we düýbünden çykan ösüntgilerinden köpelýär. Bu agaç 10-12 ýaşynda miwe berip başlaýar. Doly miwe berip başlamak, adatça, 30-40 ýaşynda başlanýar.

Joşgunly zähmetiň baýramçylyk öwüşgini

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Diýarymyzda bak ekmek, saýa berýän, bar getirýän daragtlary ýetişdirmek işleriniň gerimi barha giňelip, bu asylly işler yzygiderli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy özboluşly baýramçylyk çäresine öwrülýär.

Barlyga bezegdir bu gözel baglar

Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gözel görke beslenip gelen ýazynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek dabarasy hem bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu asylly ýörelge täze tokaý zolaklaryny döretmegiň, tebigata aýawly çemeleşip, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga öwürmek wezipelerini öz içine alýan bag ekmek Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şu ýylda hem bag ekmek dabarasynyň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabatlanmagy özboluşly mana eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalynyň ekilmegi hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanmasyna öwrüldi. Dogrudan-da, tebigat bilen ynsanyň arasynda täsin sazlaşyk bar. Adam olary eken gününden başlap, oňa ideg edip başlaýar, eýeçilik gözi bilen garap, wagtynda suwarýar, ideg edýär. Ýapraklary şemalyň ugruna saz ediberende oňa guwanýar. Onuň kemala gelşi hem şoňa görä bolýar. Suw berip, esewan bolan günüň ýapraklar

Iň owadan gül

Bägül dünýäde iň owadan gül hasaplanýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bägüller miladydan öňki 500-nji ýylda ösdürilip başlanypdyr. Bägüller söýgini, hormaty, gözelligi we hyjuwy alamatlandyrýar. Dünýäde bägülleriň 300-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Täsin güllere, esasan, Aziýa yklymynda, mundan başga-da, Ýewropada, Demirgazyk Amerikada we Afrikada seýrek gabat gelmek bolýar. Bägül «rosa» diýen latyn sözünden gelip çykandyr. Olaryň her birine özboluşly gözellik mahsusdyr. Adatça bägülleriň 5 sany ýapragy bolýar. Ýöne olaryň «Sericea» görnüşi 4 ýaprakdan ybaratdyr. Bägüllere gyzyl, sary, gülgüne, ak we mämişi reňklerde duşmak bolýar. Bägülleriň gök we gara reňklerine duş gelinmeýär. Käbir ýurtlarda bägüller «bagyň şa zenany» diýlip atlandyrylýar. Bu güller toý-dabaralarda, şanly senelerde bezeg işlerinde, şeýle hem atyr önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Bägülleriň köp görnüşiniň uzynlygy 5 — 15 santimetre barabardyr. Bilermenleriň bellemeklerine görä, häzirki wagtda duş gelýän bägüller Hytaýdan gelýär. Bägülleriň her reňki bir alamaty aňladýar. Olardan gyzyl söýgini, gülgüne nepisligi, ak bägüller dostlugy, sary reňk bolsa aýralygy alamatlandyrýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar.

Tebigatyň abadançylygy — sagdynlygyň baş şerti

Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar. Dünýä derejesinde öň hatara çykýan ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize eýerilip, ýaşlara janly tebigat, gigiýena hakdaky ylymlaryň çuňňur öwredilmegine, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetliliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Gül görkli pasyl

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel Diýarymyza ynsan kalbyna şatlyk eçilen nurana bahar-ýaz geldi. Ýaz pasly ýurdumyza üýtgeşik röwşi, özboluşly ýakymy bilen gelýär. Bahar gül-pürçük çemenzarlygy, reýhan gülleri, mahmal owazly şat bilbilleri, hiňňildigi bilen gelip, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ol şahyryň köňül beýdine, bagşynyň ýürek taryna, sazandanyň şirin nagmasyna öwrülýär. Bu ajaýyp möwsümiň dowam edýän pursatlarynda kalby ylhamlanmaýan şahyr-ýazyjy, ýüregi joşmaýan aýdymçy, megerem, ýok bolsa gerek?! Ilkinji ýaz ýagşynyň topragymyza bol-telki bereket eçilmegi baharyň ilkinji şirin mukamynyň owazydyr. Baharda tebigatymyzyň gözel ýaýlalarynda, dagynda-düzünde gözüň eglenende göwnüň göterilip, kalbyň heýjana gelýär. Türkmen sährasyna, tebigatyna bolan buýsanjyň has-da artýar. Her gün ir säher bilen garşy alýan nurly Günümiz, zemin zynaty bolan al-elwan güller, bilbilleriň ýakymly owazy ruhuňy göterýär.

Nowruz — ýylyň ýaraşygy

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda geçmişimizi öwrenmäge, asylly däplerimizi we milli ýörelgelerimizi has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň şöhratly taryhy, baý mazmunly däp-dessurlary bar. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ine, bu gün hem türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda belleýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen, ýere jan girip, gül-gülälekler açylýar, tebigat gyş ukusyndan oýanyp, ýaşyl donuny geýýär. Bahar pasly täzelenişiň, galkynyşyň pasly. Ol asyrlarboýy adamzadyň durmuşynda we medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Bu döwürde türkmen halkynyň naýbaşy baýramlarynyň biri bolan Halkara Nowruz gününiň bellenilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky ajaýyp ýörelgesiniň şöhlelenmesidir. Nowruz diňe bir täze ýylyň gelmegini alamatlandyrman, eýsem, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, ynsanperwerlik, goňşuçylyk ýaly maddy we ruhy gymmatlyklarynyň özboluşly beýanydyr. Baýramçylygyň dowamynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar türkmen halkynyň, tutuş adamzadyň döreden naýbaşy ruhy baýlyklarydyr. Munuň özi Nowruz baýramynyň mazmunyna göz ýetirmäge ýardam

Dost-doganlygyň baýramy

Hormatly Prezidentimiz 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň häzirki döwürde halklaryň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dostlugy pugtalandyrýar. Umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

Gabagyn galdyryp, älem oýandy

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyza bahar pasly gelip, bütin tebigaty mahmal howasy bilen gaplap aldy. Tebigat gyşyň ýapan ak donuny çalşyryp, al-ýaşyl nagyşlara beslenen owadan lybasyny geýdi. Gün ene ýere ýyly demini berip, bütin barlyk janlanyp, baglar pyntyk ýaryp, sähralar, çöller älemgoşar reňkli güllere beslenip, ýaşaýşyň baky sazlaşyk sazyny çalýan ýaly. Gadym döwürlerden bäri ýaz pasly täzelenişiň nyşany hökmünde täze günüň, täze durmuşyň başlangyjy hasaplanýar. Bahar paslynyň gelmegi bilen janlanyşyň, direlişiň, täzelenişiň ajaýyplygyny özünde jemleýän Nowruz mübärek gadamlary bilen bagtyň, baharyň buşlukçysy bolup gapylary kakýar. Halklaryň arasynda Nowruz baýramynyň bellenilişinde käbir aýratynlyklar hem bolupdyr. Özbek halky şol gün ak lybas geýnip, öz bişiren tagamlaryny alyp meýdana çykyp, dürli oýunlar oýnapdyrlar. Nowruz güni ot ýakyp, üstünden böküpdirler. Beýleki musulman halklarda bolşy ýaly, olarda hem otdan bökseň, günälerden saplanyp bolýar diýen ynanç bolupdyr.

Gözelligiň we arassaçylygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen köpugurly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigi ak şäherimiziň keşbiniň düýpli özgerýänliginde, bagy-bossanlyga bürenýänliginde aýdyň görünýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň bahar gözelliklerine beslenýän owadan künjekleriniň sany barha artýar. Bütin ülkämizi ýaşyl lybasa büreýän bahar paslynyň gelmegi bilen, ene toprak bolçulygyň bereket çeşmesine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyza iş saparlarynyň dowamynda alnyp barylýan sanitariýa, ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrýar. Daş-töweregimizde arassaçylygyň, abadançylygyň höküm sürmegi, bagy-bossanlyga bürenmegi — bularyň ählisi, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň çeşmesi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur almak bilen, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda üstünlikli amala aşyrylýan köpçülikleýin abadanlaşdyryş we arassalaýyş işleri zähmet joşgunyna beslenýär. Edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim ojaklarynyň, saglyk öýleriniň daş-töwereklerinde, seýilgählerde, köçeleriň, şaýollaryň ikiýan tarapynda, çagalar meýdançalarynda arassaçylyk, abadanlaşdyryş, bejeriş we timarlaýyş işleri bilen birlikde

Mukaddes topragyň bezegi

Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler durmuşyň ähli ulgamlaryny öz içine alýar. Döwrebaplaşdyrylan işler batly depginlerde dowam edýär. Şunda ylmyň we innowasiýanyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen mähriban Diýarymyzda täze seýilgäh we tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler türkmen topragynyň ähli künjekleriniň görküni artdyrýar. Ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklary ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şerti, milletimiziň abadançylygynyň we sagdynlygynyň kepili bolup durýar.

Bahar pasly (Oýlanma)

Bahar! Ýaşyl ýaşaýşyň, al-elwan sähra gülleriniň gözelligini äleme ýaýýan bahar! Heý-de, bu pasly gowy görmeýän barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Joşgunly bahar pasly özüniň gelşini Gögi gümmürdedip, öýlänçi ýagşyny şybyrdadyp duýdurýar. Asmandaky bulutlar uzak gözýetimden örüp gelýän dowar sürüsi ýaly, şadyýanlyk bilen göç edýärler. Şeýle pursatlarda kalbyň heýjana gelýär-de, şahyr Halyl Kulyýewiň «Bahar buşlukçysy» atly goşgusyny biygtyýar ýatlaýarsyň: Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör,Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Hoş geldiň, Nowruz!

Bahar-ýazyň ilki aýy,Hoş geldiň ülkäme, Nowruz!Bagta çoýup her bir öýi,Hoş geldiň ülkäme, Nowruz! Asuda erkana iller,Buýsançly saýraýar diller,Açylyp gunçalar, güller,Hoş geldiň ülkäme, Nowruz!

Jümleýi-älem gülüstandyr bu gün

Merkezi Aziýadan Balkana hem-de ýakyn Gündogara çenli aralykda ýaşaýan halklar tarapyndan üç müň ýyldan gowrak wagt bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy many-mazmun taýdan baýlygy, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bilen hemmelerde uly gyzyklanma döredip gelýän baýramlaryň biridir. Bu baýram, ilkinji nobatda, tebigatyň gyş ukusyndan oýanyp, täzeden janlanyşyň — bahar paslynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Nowruzyň gelmegi bilen maldaryňam, daýhanyňam aladasy artýar. Çar ýanda joşgunly durmuş möwç urup başlaýar. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän pursady hem bu baýrama gabat gelýär. Tapbiler pederlerimiz mal-garanyň, ekin-dikiniň ýagdaýyny Nowruzyň gelşinden çaklamagy inçelik bilen başarypdyrlar. Ata-babalarymyzyň dana paýhasynyň uşakgöz eleginde elenip, akyl pyýalasynda kümüş suwy çaýylan «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, ýaryň gelşi — sowgadyndan», «Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen — gyz», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz» ýaly häzire çenli gadyr-gymmaty egsilmeýän çuň mazmunly aýtgylar muňa doly güwä geçýär.

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda toýlarymyzyň toýlara, baýramlarymyzyň baýramlara ulaşmagy asuda, parahat durmuşyň hözirini görüp, guwanyp ýaşaýan halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz häzirki döwürde täze röwşe eýe bolýar. Agzybir halkymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününi uly dabaralar bilen giňden belläp geçýär. Milli bahar baýramy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan baýramlaryň biridir. Ol ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden kemala gelip, täzelenişiň müň bir öwüşginine beslenýär. Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir-muhabbeti bagyş edýän baýram. Milli bahar baýramy halkymyzyň özboluşlylygyny, ajaýyp däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Bahar meýlisine çyksaň seýrana

Her paslyň öz häsiýetli aýratynlygy bar. Tomsuna miweli baglaryň berekedi, Güneşiň çogy, güýzüne agras we altynsow tebigat, gyşyň akja garynyň päkligi ynsan kalbyny täsin duýgulara gaplaýar. Ýöne, näme üçindir, ýaz pasly has üýtgeşik. Tebigatyň: daglaryň, baglaryň, derýadyr bulaklaryň, al-asmanyň, mymyk şemalyň täsiri başgaça. Güneşiň çoguna janlanan tebigat ynsanyň içki dünýäsine hem gaýtadan jan berýär. Göwün nähilidir bir üýtgeşik joşguna gelýär. Bu joşgun biygtyýar halda göwünleri ganatlandyrýar. Göwünleriň şeýle täsin duýgulara gaplanan günlerinde toýlar-toýa ulaşýar. Ilki durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlaryň halkara baýramy, yzysüre hem Milli bahar baýramy. Uly şatlyk-şowhuna beslenýän bu baýramlar ýyllarboýy däp bolup gelýär. Bahar baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar — bereketli saçaklaryň bezegi.

Şu gün ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilýär

BAGY BARYŇ — BARY BAR Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda däp bolup gelşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýy hem baýramçylyklara, ajaýyp wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreleriň gerimini giňeltmek hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň sanyny has-da köpeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, alma, erik ýaly miweli baglaryň, üzüm, tut nahallarynyň 30 million düýbüni ekmek baradaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl welaýatymyzda 4 million düýp agaç, şol sanda 2 million düýp tut nahallary, 400 müň miweli, 1 million 600 müň düýp saýaly we pürli baglar ekiler.

Täze günüň buşlukçysy

Älem-jahany ala-ýaza beslän gadymy türkmen topragyna Nowruz geldi, bahar-ýaz geldi. Adyndan belli bolşy ýaly, Nowruz täze durmuşy alyp gelýär. Taryhda-da, häzirki wagtda-da Nowruz adamzat ýaşaýşynyň gyzgalaňly döwrüdir. Bu döwür babadaýhanlar geljekki hasylyň düýbüni tutup, ekerançylyk işlerine hemmetaraplaýyn girişýärler. Gadymy däp-dessurlary, baý medeni mirasy özünde jemleýän bu baýramçylyk türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Nowruz pars dilinden sözme-söz terjime edilende «Täze gün» diýmegi aňladýar. Milletiň ruhuna siňen mukaddeslikleriň bakylyga öwrülişi ýaly, Nowruz hem dürli halklaryň durmuşynda ymykly orun tutupdyr. Nowruzda şaman oduny ýakyp, onuň üstünden bökseň, bar günäleriň dökülermiş diýlip yrym edilipdir. Bu baýramçylygy täze egin-eşikler bilen garşylamak indi däbe öwrüldi. Hatda gadymy döwürlerde hem Nowruz baýramynda daýhanlar hiç hili ekin işlerini ýerine ýetirmändirler. Olar öz wagtlaryny diňe dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary bilen duşuşmaga sarp edipdirler. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary aýdýarlar.