Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Şeýle at bilen golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän deňiz serhet birikmesiniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 300-nji harbylaşdyrylan ýangyn söndüriji söweşjeň bölüminiň müdiri, uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Meýlis Nepesowyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Gurbanmyrat Abdylweliýew hem-de harby bölümiň harby gullukçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar öz çykyşlarynda ýangynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öz wagtynda pugta berjaý etmek, döwlet emlägine aýawly garamak, ot bilen seresaply bolmagy we ýangyn hadysasy ýüze çykanda onuň garşysyna göreşmek barada, şeýle hem ýangyn hadysasynda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek boýunça meseleler babatynda aýratyn durup geçdiler. Şeýle-de çykyşlarda edara binalarda we öýlerde elektrik toguny, gaz ýangyçlaryny ulanmagyň tertibinde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek babatynda hem aýdyldy.

Sähra sahawaty

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda gülli ösümlikleriň üç müňe golaý görnüşi ösýär. Şolaryň 200-den gowragy boýag berýän tebigy ýabany ösümliklerdir. Eždatlarymyz öz döwründe şol ösümliklerden dürli reňkli boýaglary öndürmek bilen, onuň bir bölegini Aziýanyň we Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň bazarlarynda satypdyrlar. Ot-çöplerden tebigy boýaglary öndürýänlere «nilgärler» diýlipdir. Olar her bir obada, şäherde bolupdyr. Ussatlaryň öndürýän boýaglarynyň hyrydary-da ýetik bolupdyr. Özüniň hiç wagt solmaýan ýiti reňki bilen meşhurlyk gazanan bu boýaglaryň ot-çöplerden alnyş usullarynyň özboluşly syrlary bolupdyr. Ony nilgärler diňe öz yzyny ýöretjek ýaş, hakyky nilgärlere öwredipdirler. Esasy syryň Garagum sährasynyň özünden başlanýandygy barada pikir hem etmändirler. Muny diňe birnäçe ýyllar geçenden soňra türkmen alymlary, hünärmenleri öwrendiler. Garagum sährasyna Gün şöhlesiniň dik düşýändigi üçin ýiti şöhleden we aşa gyzgynlykdan goranmak üçin boýag berýän çöl ösümlikleriniň käbir gorag häsiýetli maddalary öndürýändigi ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, türkmen sährasynyň boýag berýän ösümlikleriniň kämil derejä ýetendigini aýdyp bileris. Çöl haýwanlarynyň öz reňklerini pasyllara görä üýtgedişi ýaly, çöl ösümlikleri hem Garagumuň aňzagyna-da, jöwzasyna-da özlerini taýýarlaýarlar. Şonuň üçin bu ot-çöplerden, güllerden alynýan boýaglar dürli howa şertlerine durnukly bo

Täsin ösümlikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde itburnuň, ýabany alçanyň we böwürsleniň halk lukmançylygynda we biziň günlerimizde ylmy lukmançylykda ulanylyşy barada gymmatly maglumatlar berilýär. ITBURUN

Ýowşan

Gözel Diýarymyzyň özboluşly we täsin tebigaty bar. Şol sebäpden hem, hormatly Prezidentimiz tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň möhümdigini nygtaýar. Tebigatymyzda ösýän ösümlikleriň her biri özüniň aýratynlyklary, gözellikleri, dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň müňlerçe görnüşine duş gelmek bolýar. Şeýle dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň biri hem ýowşandyr. Ýowşanyň dünýäde 400 görnüşi bolup, olar Kawkazda, Günbatar Sibirde, Aziýada, Gazagystanda ösýär. Güneşli Diýarymyzyň daglarynda, dag eteklerinde, çöllerinde ýowşanyň 32 görnüşi duş gelýär. Ýowşan köpýyllyk ösümlik bolup, çylşyrymly güllüler maşgalasyna degişlidir. Ol dik kökli, 15 — 80 santimetre ýetýän baldakly, gabygy goňras reňkli miweli ösümlikdir. Onuň miwesi ownuk, togalak görnüşli, daşy ýylmanak we inçe joýajykly bolýar. Ýowşan awgust, sentýabr aýlary gülleýär we miweleýär. Olar tohumy arkaly köpelýär. Ýowşanlaryň çägelikde we duzlaşan ýerlerde ösýän görnüşleri hem duşýar. Ýowşanyň dermanlyk häsiýeti barada Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» eserinde giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynda hem ýowşanyň adam saglygyna peýdasy, şeýle hem halk lukmançylygynda peýdalanylyşy hakynda giňişleýin beýan edilýär. Halk lukmançylygynda ýowşan gyzzyrma garşy, ýokary gan basyşynda, ş

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33... +38 gradus yssy bolar.

Gajar

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu guş ýurdumyzyň daglyk ýerlerindäki goraghanalaryň we Bathyzyň guşlarynyň iň täsin wekilleriniň biridir. Gajar guşlarynyň gözleri adamlaryňky bilen deňeşdirilende, 7 esse, hatda ondan-da ýitidir. Ol şeýle bir ýokary belentlikde uçýar welin, ýerden seredilende kiçijik guş ýaly görünýär. Ol oljasyny gördüginden ganatlaryny kakyp, aýaklaryny öňe uzadyp tizlik bilen aşak gaýdýar. Bu guşlar diňe bir ýere seredip uçman, eýsem, daş-töwereginde bolýan zatlary hem üns merkezinden düşürmeýärler.

Güller — gözellik dünýäsi

Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek üçin ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan, durnukly we halk hojalygy üçin peýdaly täze görnüşler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu işlere ýaşlaryň hem giňden gatnaşmaklary gazanylýar. Tebigy gözellikleriň esasy bölegini güller emele getirýär, gülleriň içinde bolsa çigildemler, gülälekler halkymyzyň eý görýän gülleriniň hataryndadyr. Çigildemleriň dürli görnüşleri bar. olar öz möwsüminde diňe sähra-meýdanlara däl, eýsem ýörite ýetişdirilip, oba-şäherlerimiziň ýol-ýodalaryna hem bezeg berýär. Miheliň çigildemi Köpetdagyň ähli ýerinde — dag eteginden, dagyň ýokarky guşaklaryna çenli, çagylly-daşly we ownuk toprakly eňňitlerde, deňiz derejesinden 400 — 2800 metr beýiklikde duş gelýär. Gülleýiş döwri martyň üçünji ongünlüginden apreliň birinji ongünlügi aralygydyr. Onuň gülleýiş dowamlylygy 30 güne ýetýär. Çigildemler tebigatda dürli ekologik şertlerde duş gelmek bilen, düzlüklerde we dag ekoulgamlarynda toprak şertlerini talap etmezden ösýär. Miheliň çigildeminiň düýpsogany 40 santimetr çuňlukda ýerleşýär (edebi çeşmeleriň maglumatlarynda — 20 — 30 santimetr). Seýrek görnüş hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Säher — mynajat çagy

Säher yhlas bilen saýranda guşlar, Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar. Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

Buýan

ýene-de gülledi Ýakynda lukman dostum maňa buýanyň gülländigini aýdyp, ol ýere bile dynç almaga gitmegi teklip etdi. Biz ýola düşdük. Ine-de, Amyderýanyň ýakasyndaky buýanly meýdanlar. Bärden baranyňdan, göwün göteriji hoşboý ysy bilen seni özüne çekýän buýana «Müň bir derdiň dermany» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýandygyna bada-bat göz ýetirýärsiň. Ýoldaşymyň aýtmagyna görä, onuň güllän wagtyndaky ysy demgysma keselini dep edýär. Şonuň üçin buýanyň gülleýän döwründe Amyderýanyň kenaryna baryp, balyk tutýan çeňňegiňi derýa ataga-da, buýanlykda dynç almagyň özboluşly lezzeti bar. Maý aýynda gülläp başlaýan buýan soňra däne getirýär. Onuň baldagynda gezekleşip ýerleşen, içi däneli miwe haltajyklary tä däneler bişip ýetişýänçä, olary özünde saklaýar.

Ak şäheriň ýaşyl ýaraşygy

Paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan ajaýyp künjekleriň biri-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Botanika bagydyr. Onuň täsinlikleri hakynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen bagly gürrüň etmek has-da ýakymly. Bu ýer — tebigatyň täsin dünýäsi, seriňi durlaýan, pikiriňi has-da aýdyňlaşdyrýan, kalbyňa gözellik eçilýän ýer. Bu ýerde döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimizi, talyplary hemişe görmek bolýar.

Üljäniň peýdasy

Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Miwe we miwe önümlerini yzygiderli iýmek bilen ýürek, gan-damar, aşgazan, içege, kelle-beýni keselleriniň öňüni almak mümkin. Türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän saglyga peýdaly nygmatlarynyň arasynda ülje esasy orunda durýar. Bu miwäniň özi-de, ondan taýýarlanýan önümler-de taýsyz melhemdir. Üljäniň has giňden ýaýran görnüşleri adaty ülje we çereşnýadyr. Bu turşumtyk, süýji tagamly miwe, esasan, şekere, B1, B2, P, PP, C, E witaminlerine, karotine, foliý turşusyna, pektin maddalaryna, şeýle-de mineral duzlardan marganese, kalä, mise, demre, kalsä we ýoda örän baýdyr. Ülje ganazlykda örän peýdalydyr. Bu miwäniň nerw ulgamyna, ýürek kesellerine hem haýry uludyr. Üljäniň miweleri we ondan alnan şire dowamly iç gatamada iç sürüji serişde hökmünde, üşütmede, bedeniň gyzgynlygy ýokarlananda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda giňden peýdalanylýar. Ülje bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Onuň ýapragy köp mukdarda askorbin turşusyny saklaýar. Şonuň üçin ysgynsyzlykda, işdäsizlikde, witamin ýetmezçiliginde, beden gowşaklygynda ülje ýapragyndan demlenen çaýy içmek maslahat berilýär. Ülje kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanan ýapgylar deriniň tiz garramagynyň öňüni alýar, reňkini durlaýar we agardýar, ownuk ýygyrtlary aýyrýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30... +35 gradus maýyl bolar.

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilen «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary Watanymyzda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy, köpeldilmegi, tebigat gymmatlyklarynyň rejeli peýdalanylmagy, ekologiýa ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny kesgitlemekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde tebigaty ýangyndan goramak aýratyn ähmiýet berilmeli meseleleriň biridir. Tebigatymyzyň gözel ýerlerine gezelenç edilende, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly sähelçe säwliklere ýol berilmegi öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirip bilýär. Şol sebäpden tokaý zolaklarynda, çöllerde we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilmelidir.

Salkyn saýaly çynar

Tomsuň jöwzaly günlerinde yssydan goranmak — saglyk üçin wajyp zatlaryň biri. Şeýle ýagdaýlarda biziň gözlegimiz bir-ä içer ýaly suw, onsoňam salkyn saýalyja ýer bolýar. Onsoň ýylyň beýleki pasyllarynda känbir üns bermesegem, tomsuna salkyn saýaly agaçlar gözümize has owadan bolup görünýär. Agajyň saýasy köp boldugyça, tomsuna ol has-da arzyly, göze ýakymlydyr. Salkyn saýalylygy, göwrümi, uzak ýaşaýanlygy taýdan beýleki agaçlardan saýlanýan agaçlaryň biri-de çynardyr. Ol ähli yklymlarda diýen ýaly duş gelýär. Ýewropada oňa Italiýada, Gresiýada, Balkan ýarymadasy ýurtlarynda, Ortaýer deňziniň töwereginde — Krit we Kipr adalarynda, Siriýada, Liwanda, Iordaniýada, Kiçi Aziýa jülgelerinde, Azerbaýjanyň tokaýlyklarynda, Awstraliýada, Demirgazyk Amerikada duş gelmek bolýar. Çynar agajynyň ýer ýüzünde «Gündogar çynary», «Günbatar çynary», Kerra, meksikan çynary we Reýta ýaly görnüşleri bar.

Tebigaty goramagyň hukuk esaslary

Tebigatyň jana ýakymly howasy, derdiňe müň bir derman bolan şypaly we hoşboý ysly ösümlikleri, göwnüňi göterýän beýik daglary, kalbyňy heýjana salýan dury suwly çeşmeleri, egsilmez baýlyk eçilýän ymgyr giň sährasy bahasyna ýetip bolmajak baýlyklardyr. Bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan ýurdumyzyň täsin tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, dagyny, düzüni, sährasyny, deňiz-derýalaryny, ýerüsti, ýerasty baýlyklaryny gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr» diýlip berkidilýär.

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Dynç günlerinde ýada zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaýseýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Egerde çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýada akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşly ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň 15 metr daştöweregi guran otçöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýada daşly ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolandan soň, ot suw ýada gum, çäge sepilip, doly söndürilmelidir. Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde doly söndürilmedik otluçöp galyndysyny ýere taşlamak howpludyr. Şeýlede dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmaň, sebäbi şol aýna gaplaryň Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen, ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkin.

Turaç

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty barha dabaralanýar. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Adam daşky gurşaw bilen sazlaşykda ýaşaýar, onuň gözel ýerlerinden ylham alýar. Ýurdumyzda şeýle ýerleriň biri-de haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan Günorta-Günbatar Köpetdagdyr.

Yssy günlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şoňa görä-de, olarda ýangyn döremek howpuny aradan aýyrmak üçin, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly we ulanmaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däldir. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Öýden, iş ýerleriňizden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda, jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlaň! Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek bolup biläýjek nogsanlyklaryň öňüni alar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +27... +32 gradus maýyl bolar.

Dagdan agajy

Türkmenistanyň tebigaty dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususan-da senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar. Şol ösümlikleriň biri hem dagdanlar maşgalasyna degişli bolan dagdan agajydyr. Dagdan agajy adyndan belli bolşy ýaly, dag şertleri üçin häsiýetli bolan agaçdyr. Bu agaç daglaryň gaýalarynda, jülgelerde, hek daşlarynyň üstünde, esasan, daglaryň aşaky guşaklygynda ösýär. Onuň ýurdumyzda 26 görnüşi bardyr. Ol relikt, ýagny gadymy we seýrek duş gelýän agaçdyr. Dagdan agajynyň boýy 4-7 m (seýrek ýagdaýda 12 m çenli) ýetýär, onuň ýylmanak çal gabygy bar, ýaş şahalary goňur ýa-da gyzgylt-goňur reňkde bolýar. Ol mart-maý aýlary aralygynda gülleýär, miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Güýz aýlarynda onuň ýapraklary gyzyl reňke öwrülýär. Bu agaç örän haýal ösýär, ýagtylygy we guraklygy halaýar. Ekileninden 10 — 20 ýyldan soň miweläp başlaýar. Onuň ömri 500 ýyla çenli ýetýär. Dagdan agajy tohumyndan we şitilinden köpelýär. Yssy wagtlar ýapraklar ýygrylmaga ukyply bolýar.