Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýaş alymlaryň ynamly gadamlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň her ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edýän ylmy işler boýunça bäsleşiginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky tapgyrynda ýaşlaryň 57-si ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýeňiji bolan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şahadatnamalardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz dabarada bolup, ýaş alymlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk.

Sanly ulgam — ylmy giňişlikde

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karary möhüm ähmiýete eýedir. Ol ylmyň gazananlaryna esaslanýan, bilim babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini durmuşa ornaşdyrmaga, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim bermegiň görnüşlerini artdyrmaga, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, hünärmenleriň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary çekmäge itergi berdi. Döwletimizde ylym we bilim pudaklarynyň edaralarynyň internetiň ählumumy ulgamyna birikdirilmegi sanly tehnologiýalar babatda döwrebap ösüşlere badalga berdi. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä tejribesinde bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň netijeli ýollarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly okatmagyň elektron görnüşi netijeli ulanylýar. Bu işleriň ýurdumyzda döwrebap ýola goýulmagy uzak aralykdan maglumat alyşmaga we özara işleşmäge, multimedia enjamlaryny we interneti peýdalanmak arkaly, okuwlaryň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda dürli derslerden okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmagy we bu işleriň ylmy esasda ýola goýulmagy möhüm wezipeleriň birine öwrüld

Ylmyň batly gadamlary — sanly ulgamyň kämilligi

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ata Watanymyzyň ilkinji «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy türkmen ylmynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň açyp görkezdi. Bu aragatnaşyk hemrasy milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişiniň, radioýaýlymlaryň eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, daş aralykdan teleokuwlary, telelukmançylyk aragatnaşygy guramaga oňyn şertleri döretdi. Ýurdumyzyň ähli çäginde ýokary hilli internetiň elýeterliligini üpjün etmäge, öýjükli aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwlet ýer kadastryny ýöretmek işinde aýrokosmosdan surata düşürmeleriň topograf-geodeziýa, kartografiýa, toprak, agrohimiýa, geobotanika we beýleki barlaglaryň geçirilip, ýer kadastr maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ulgamynyň döredilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Esasan hem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ilerlemelerine, önümçilik-tehnologiýa netijeliligine oňyn şert döredýän nazary bilimleriň, ylmy-inženerçilik pikirleriň we halkara ülňülerine daýanýan sanly ulgamyň döwrebap ösdürilmegine täzeçe badalga berdi. Bu günki gün ylma esaslanýan hem-de ýokary tizlik bilen ýaýraýan sanly ulgam dünýä ýurtlarynyň ösüş-özgerişiniň baş şertleriniň biri bolup durýar. Çünki sanly giňişligiň strategik ugurla

Ýaşlaryň täzeçil ylmy çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak mümkinçiliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar

Çözgüt — haýsydyr bir mesele dogrusynda gelnen karar, netije. Belli bir karara, netijä gelmek bolsa irginsiz pikirlenmäni, dowamly gözlegi talap edýär. Täzeçil ylmy çözgüde ýetmek üçin döwrebap bilimleriň we ylmy garaýyşlaryň toplumyny ele almak zerur. Şu babatda ýaş alymlarymyz we talyp ýaşlarymyz professor-mugallymlaryň, halypa alymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy ugurlaryň dürli görnüşleri boýunça taslamalary ýerine ýetirýärler, irginsiz kämilleşýärler. Muny Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň guramagynda «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilen ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

Ylym — önümçilik — işewürlik

Ykdysady gatnaşyklaryň dünýä derejesinde ösýän, milli ykdysadyýetleriň sanlylaşýan döwründe, ilkinji nobatda, ylma daýanýan sanly innowasiýalara ähmiýet berilýär. Çünki sanly ulgam arkaly önümçilikleriň hili kämilleşdirilýär, netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleriň, şeýle hem ykdysady önümçiligi guramakda täzeçil çemeleşmeleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilýän ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi hut şol ugra gönükdirilendir. Şu ýerde bu gezekki bäsleşigiň geçen ýylkydan aýratynlygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek. Geçen ýylky ylmy taslamalara «Bilim — Ylym — Önümçilik» ugry boýunça seredilen bolsa, bu gezek ol ugur has kämilleşdirilip, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlyk derejesi göz öňünde tutulyp, işlere «Ylym — Önümçilik — Işewürlik» ugry boýunça garaldy.

Bagtly geljege ak ýol

Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup,  bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen baýlaşyp, geljegi juda parlak ylmy jemgyýetçiligi kemala gelýär. Milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny çäksiz goldaw bilen gurşamagynyň netijesinde alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna siňip, açyşlar, oýlap tapyşlar älemine aralaşmaklary üçin taýsyz tagallalary edýär. Bu bolsa Watanyň kuwwatly geljegi bolan ýaş nesli ylym bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Şol sebäpden ylym diýlen jadyly barlyga aralaşyp, netije gazanýan ýaşlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň hem sany barha artmak bilen. Ýylyň-ýylyna «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-taslama bäsleşigine, şeýle-de Halkara olimpiadalara gatnaşyp, ýurdumyza baýrakly dolanýan ýaşlarymyzyň az däldigi bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Ylmyň innowasion ösüşi

Islendik jemgyýetiň ösüşiniň netijeliligini onuň esasy düzüm bölegini düzýän sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlar hem-de ylym-bilim ulgamynyň kämillik derejesi kesgitleýär. Ýaşlar jemgyýetiň ösüşiniň amala aşyrylmagynyň hereketlendiriji güýji bolýan bolsa, ylym we bilim şol hereketlendiriji güýji ösüşlere ugrukdyrýar. Ähli döwürlerde ylmyň jemgyýetçilik ösüşiniň merkezinde durandygyny hem-de onuň häzirki derejesiniň gazanylmagynda türkmen jemgyýetiniň mynasyp paýynyň bardygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Bilim-ylym ulgamynyň döwrebap ösüşi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde, olaryň ählisiniň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde, umumybilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dillerini, şol sanda hytaý, ýapon dillerini okatmagyň ýola goýulmagynda şöhlelenýär.

Ylym — ösüşleriň gözbaşy

Uly ähmiýet berilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly tutumly işlere badalga berdi. Bu ulgamda amala aşyrylan düýpli özgertmeler gysga döwrüň içinde gowy netijesini berdi. Garaşsyz döwletimiziň ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyryldy. Alymlaryň we ylmy işgärleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, döredijilikli zähmet çekmeklerine ähli zerur şertleri döretmekde giň möçberli işler bitirildi.

Öňdebaryjy tehnologiýalar — rowaçlygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň ylma we ýokary tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti durnukly ösýär. Täze-täze inženerçilik desgalary, binalar, zawod-fabrikler gurlup, önümçilige ornaşdyrylýar. Ykdysadyýetiň ösmegi bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Şeýle şertlerde düýpgöter täze tehnikalarda we tehnologiýalarda öz ornuny tapýan ylmy pikirlerdir çözgütleriň başlangyjy bolan ylmyň ähmiýeti has hem artýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, 2015-nji ýylda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary tassyklandy.

Ylym — kuwwatlylygyň kepili

Şu ýyl şanly 30 ýyllyk toýy toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen ykbalynda täze eýýamyň başlangyjyny goýdy. Bu ajaýyp zamanamyzda halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, milli-medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy bilen bir hatarda ylymda, bilimde dünýä belentliklerine tarap ak ýol çekildi. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamlarynda amala aşyrýan özgertmeleri, durmuşymyza ornaşdyrýan täzeçillikleri ylmy, bilimi uçar ganata deňeýän halkymyzyň geljegimiziň mundan-da röwşen boljakdygyna bolan ynamyny has-da berkidýär. Milli Liderimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Diýmek, biz ylmyň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen sözleri bu günki gün her birimiziň, ylaýta-da, bagtyýar ýaşlaryň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Bu günki gün dünýä ylmy tehnologiýanyň iň bir ösen derejelerine bil baglaýar. Bu ugurdan ýylyň-ýylyna täze-täze enjamlaryň döredilip, dünýäniň çar künjüne ýaýradylyp durulmagy her bir ösen döwletiň şol depginlere deňleşip gadam urmagyny talap edýär. Munuň özi häzirki zaman ösüşleriň depginini kesgitleýär. Hut şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlara bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda zerur bolan ähli şertler döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda ähli ugurlarda, şol sanda bilim ulgamynda-d

Ösüşleriň altyn açary

Maglumat asyrynyň özgerişleri netijesinde adamzat jemgyýetiniň ösüş ýolunda täze tapgyr açyldy. Bu bolsa, esasan, ýaşaýşyň aň-paýhasyň ösüşi netijesinde döredilýän tilsimat bilen dolandyrylýan zamanasynyň binýadyny goýdy. Bu gün ösen aň-paýhasa, ýokary ylmy netijelere bolan talap has öňe çykyp, jemgyýetiň öňdebaryjylygy bu ugurda ýetilýän derejeler bilen kesgitlenip başlandy. Bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga ymtylýan ýurtlar, ilkinji nobatda, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge çalyşýarlar. Şeýlelikde, milli baýlyklaryň egsilmez çeşmesi hasaplanýan ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ykdysadyýetde goşmaça gymmaty döretmek, jemgyýeti ösdürmek wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ylmy-innowason we sanly-tehnologiýalar ulgamynyň ösüşiniň döwlet syýasatynyň esasy strategik ugruna öwrülmegi, bu ugurda täze özgertmeleriň durmuşa geçirilip, ýörite maksatnamalaryň kabul edilmegi soňky ýyllarda milli ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny döwrebaplaşdyrmakda we berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen, her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni döwlet tarapyndan bu ugra mynasyp ünsüň gönükdirilýändigini görkezýär. Ylym jemgyýetiň öndüriji güýji we möhüm durmuş serişdesi hökmünde barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Ylym adamyň daş-töweregini gurşap alýan ähli zatlar, ýagdaýlar baradaky bilimlerid

Takyk we tebigy ylymlar — durmuşyň geljegi

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir. Bu resminama Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugur

Ylym — bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny ýaýbaňlandyrmak, bäsleşige ukyply, energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek we önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir ugrunyň ylma daýanyp, ýokary ösüşe eýe bolmagy üçin aýdyň çözgütleri kabul edýär. Milli Liderimiziň ylym özgertmelerinden gözbaş alýan çözgütler ýurdumyzyň ösüşleriniň binýadyny berkidip, täze işlere badalga berýär. Çünki hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde, ylmyň tutýan orny uludyr. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli, dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere ýetilýän döwrümizde ýurdumyzyň ylym özgertmeleriniň durmuşa giňden ornaşýandygy hemme ugurlarda aýdyň görünýär.

Ylym — beýik ösüşleriň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ylym-bilimiň ähmiýetine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň netijesinde dünýä ylmyndaky iň täze tehnikalar, tehnologiýalar we tejribeler ýurdumyzda önümçilige, bilime giňişleýin ornaşdyryldy. Ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýan Diýarymyz öňdebaryjy tejribäni hem-de ösüşlere beslenen işleri giňişleýin öwrenýär, özleşdirýär we kämilleşdirýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň binýadynda täzeçil tehnologiýalara esaslanýan nusga kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilimiň ösüşi ýokary depginlere eýe bolýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň giňden bellenilip geçilmegi bu ulgama ýokary ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. 12-nji iýun Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýaş alymlary bilen söhbetdeşlik taýýarladyk. Biz şol söhbetdeşligi giň okyjylar köpçüligine hödürleýäris. Maýagözel JEPBAROWA,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri:

Şöhratly taryhymyzda meşhur alymlar

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý taryhymyzy, milli mirasymyzy ylmy esasda doly we dogry öwrenmäge, dikeltmäge hem-de ony dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň geçmişi adamzat taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Orta asyrlarda ýurdumyza syýahat eden ýazarlar, jahankeşdeler Nusaý, Dehistan, Köneürgenç, Amul, Abywert, Sarahs ýaly şäherler bilen bir hatarda, Merwiň hem gülläp ösendigini, sebitde ylmyň we medeniýetiň ojagy bolandygyny ýazyp beýan edipdirler.

Ykbalyny ylma baglan

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ylym ýolunda yz galdyran halypalaryň asylly işlerini mynasyp dowam etdiriji ýaş nesliň kemala gelmegi barada uly aladalar edilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň daşary ýurt dilleri fakultetiniň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň doktory Narbibiş Şammaýewa hem düýpli ylmy açyşlary bilen tanalýan alym. Ol 1972-nji ýylda bu ylym-bilim ojagynda mugallym bolup işläp başlady. Halkymyzyň arasynda «Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam» diýen nakyl bar. Daşary ýurt dilini çuňňur öwrenmek biziň ösüşlerimiziň gönezligi bolup durýar.

Adaty däl energiýa

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýöredýän syýasy strategiýasynda daşky gurşawyň goraglylygynyň hem-de howpsuzlygynyň bölünmezliginiň we bitewiliginiň nazaryýet esaslary möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ekologiýa babatynda halkara-hukuk resminamalarynyň birnäçesine: şol sanda BMG-niň “Çölleşmä garşy göreş” hakyndaky konsepsiýasyna goşuldy. Konsepsiýa çölleşmek hadysasynyň öňüni almak we ony togtatmak, öri meýdanlaryny gowulandyrmak, süýşýän çägeleri berkitmek ýaly meseleleri öz içine alýar.

Ylym — bagt güzeri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmek bilen, innowasion ösüşleriň esasynda, ýagny interaktiw, multimedia, onlaýn we beýleki elektron hyzmatlardan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan beýik özgertmeler öz oňyn netijesini berýär. Şeýle özgertmeleriň esasyny bolsa ylym, bilim düzýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr» diýip belleýär. Munuň özi ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar. Alymlar, şahyrlar, dana kişiler ylym öwrenmegi hemişe ündäpdirler. Hususan-da, şahyrlar öz döredijiliklerinde ýaş nesli terbiýelemekde edep-öwüt meselesine aýratyn üns beripdirler. Bu ýagdaýy geçmişde ýaşap geçen şahyrlaryň şygyrlarynda hem görmek bolýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy:

Ýaş alymyň üstünligi

Uly söwda kärhanasynyň eýesi bolan bir kişi garrap, tapdan düşýär. Ol üç ogluny hem ýanyna çagyryp: — Araňyzda haýsy hem bolsa biriňiz kärhananyň başyna geçmeli, emma muňa haýsyňyzyň has laýyk boljagyňyz barada şu pursat anyk zat aýtmak kyn. Men dünýäden ötenimden soňra, miras sebäpli siziň araňyza sowuklyk düşmegini islämok. Şol sebäpli hem haýsyňyzyň kärhananyň ýolbaşçysy bolmalydygyňyz barada kesgitli netijä gelmek üçin sizi synamagy makul bildim. Häzir her biriňize on müň manat berjek. Oňa siz şeýle bir zat alyň welin, agşam geleniňizde, şu otagy boýdan-başa doldursyn. Baryň, indi bolsa, ýola düşüň! — diýýär.

Ylym-bilimiň ähmiýeti

Adamzat jemgyýetiniň ösüşinde ylym we bilim uly orna eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym we bilim ulgamynyň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz alyp barýan döwlet işi bilen utgaşyklylykda ylmy we çeper eserleriň köp sanlysyny ýazyp, ilatyň ruhy medeniýetiniň ýokarlanmagy babatda uly işleri durmuşa geçirdi. Milli Liderimiz «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda, «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda, şeýle hem beýleki eserlerinde, çykyşlarynda, sözlän sözlerinde ylmyň, bilimiň jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini açyp görkezýär.