Sanly ulgam — ylmy giňişlikde

14 Iýun 2021
2141

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karary möhüm ähmiýete eýedir. Ol ylmyň gazananlaryna esaslanýan, bilim babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini durmuşa ornaşdyrmaga, häzirki döwrüň maglumat jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim bermegiň görnüşlerini artdyrmaga, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, hünärmenleriň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary çekmäge itergi berdi.

Döwletimizde ylym we bilim pudaklarynyň edaralarynyň internetiň ählumumy ulgamyna birikdirilmegi sanly tehnologiýalar babatda döwrebap ösüşlere badalga berdi. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä tejribesinde bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň netijeli ýollarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly okatmagyň elektron görnüşi netijeli ulanylýar. Bu işleriň ýurdumyzda döwrebap ýola goýulmagy uzak aralykdan maglumat alyşmaga we özara işleşmäge, multimedia enjamlaryny we interneti peýdalanmak arkaly, okuwlaryň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda dürli derslerden okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmagy we bu işleriň ylmy esasda ýola goýulmagy möhüm wezipeleriň birine öwrüldi.

Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar