Kitap bereni unutma!
Gündogarda: «Saňa kitap sowgat bereni hergiz unutmagyn! Çünki ol iň gowy, iň gymmat sowgady beren adamdyr» diýilýär. Kitap beren saňa dünýe baýlygyny — akyly, erki, ylmy, bilimi, ukyp-başarnygy, ajaýyp maksatlary we olara barýan ýol-ugry, bagty bagyş eden adam hasaplanylýar. Munuň şeýledigine halypamyz, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan «Dünýä akyldary — türkmen danasy» atly kitabyny sowgat berende nobatdaky gezek göz ýetirdik. Çünki täze kitap Magtymguly atamyz, onuň dür däneleri ýaly lowurdap duran şygyrlary dogrusynda makalalar, goşgulardyr hekaýalar ýazmagy maksat edinen döredijilik adamlary üçin aýratyn gymmatly. Metbugatda zähmet çeken uzak ýyllarynyň dowamynda Döwrangeldi aga Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi barada yzygiderli çykyş edip, onlarça makaladyr goşgular ýazyp, halk köpçüligine ýetirdi. Onsoň, şol eserleriniň iň saýlamalaryny bir kitaba jemläp, şanly ýyl mynasybetli özboluşly goşant goşmagy, il-ulsa sowgat etmegi maksat edinipdir. Netijede, Magtymguly atamyza bagyşlanan ýene bir kitap elimize gowuşdy. Hakykatdan hem, Türki medeniýetiň halkara guramasy — TÜRKSOÝ-nyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, akyldar şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we