«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda belli rus ýazyjysy hem-de meşhur edebiýat tankytçysy F.Dostoýewskiniň heýkeliniň bolmagy edebiýaty söýüjileri begendirdi. Çünki F.Dostoýewskiý özüniň pelsepewi eserleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanan ýazyjylaryň biridir. Geçirilen halkara sosiologiýa seljermeleriň netijesine laýyklykda rus ýazyjysynyň kitaplary dünýäde iň köp okalýan eserleriň öňdäki onlugynda hormatly orny eýeleýär.