Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Heýkeller dünýäsinde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda heýkeltaraşlyk sungaty hem pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň çar künjüni Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly geçmişinden, bagtyýar şu gününden söhbet edýän ajaýyp heýkeller bezeýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň zehininden dörän heýkeller hem görnükli orun tutýar. Heýkel diýmek gaýrat diýmek bolsa gerek. Heýkeli döredilýäniňem, ony döredijiniň hem gujur-gaýratynyň artyk bolmagy, megerem, bu sungatda ilkinji şert bolsa gerek. Olar hem özünden öňki halypalardan görelde alandyrlar. Elbetde, ýene olaryň gaýratyndan! Bu pikirler halypa heýkeltaraş Babasary Annamyradow bilen söhbetdeşlikden soň döredi. Elbetde, bilşimiz ýaly, gaýrat düşünjesine bolsa erjelligem, zähmetsöýerligem, sungata wepalylygam — ählisi girýär.

Türkmenistan — Owganystan dostlugyň medeni kökleri

Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen gojaman Jeýhunyň boýuny bezäp oturan gadymy Lebapda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň aralygyndaky 30 kilometr demir ýolunyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt elektrik geçirijisiniň we «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi ýüreginde aýdym, dilinde dessan, kalbynda bossan edip ýaşaýan bagtyýar watandaşlarymyzyň buýsanjyny püre pürledi. Çünki goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň ak asmanyny türkmen energetikasynyň nurlandyryp başlamagy, Beýik Ýüpek ýolunyň sakasyndaky Çynma-Çyna türkmen gazynyň iberilmegi diňe bir bu dostlukly ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş Gündogar sebitiniň taryhy üçin şanly waka öwrüldi. Munuň özi, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň baştutanlygynda aragatnaşyk, ýol, energetika we nebit-gaz ulgamlaryndaky özgerişleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda giň gerimli özara hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açdy, durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmak,

Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň kämilleşdirilip, şu günlerimize gelip ýetmeginde bagşy-sazandalarymyzyň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aýdym-saz barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Aýdym-saz sungaty — täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi. Bu gün türkmen toýlarynyň sahnasynda halk aýdymlary, häzirkizaman türkmen kompozitorlarynyň ata Watanymyzy, türkmen halkyny, onuň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, tebigatymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän kämil, şowhunly eserler aýratyn joşgunlylyk we özüne çekijilik bilen ýerine ýetirilýär. «Jeýhun bilen bahry Hazar arasynda» — keremli Watanymyzda bagtyýarlyga gowşan halkym bu gün bagşy tutup, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, göreş tutduryp uludan toý tutýar». Türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirtleri, beýik ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen öçmejek yz galdyran bagşylar Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Nurberdi Gulow, Ödenýaz Nobatow, Aşyrmämmet Dawudow ýaly halypalar şirin owazlary bilen ýüreklerde ömürlik orun aldylar.

Ýylyň şygarynyň şanyna

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi. Oňa muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kitaphana ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sergide ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň fotosuratlary, milli gymmatlyklarymyzyň şekilleri, sünnälenip çitilen türkmen halylary, özboluşly nusga eýe bolan milli lybaslarymyz, ussat zergärlerimiziň zenanlara hem-de halkymyzyň buýsanjyna we şöhratyna öwrülen bedewlere niýetläp ýasan şaý-sepleri görkezildi we olar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Hünär kämilliginiň köşgi

«Jahan» döredijilik merkezinde myhmançylykda bolanymyzda, ýaş zehinlerimiziň ençemesiniň öz höwes edýän ugurlaryndan başlangyç hünär öwrenýändiklerine, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýändiklerine şaýat bolduk. Aýdyň ertirlerimiziň eýeleri bolan balalarymyzyň bagtyýarlygy üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň röwşen geljegine bolan ynamyňy has-da artdyrýar. Arzuwlary ganatly ýaşlarymyzyň ajaýyp döwrümize bolan buýsançlary, kalp joşgunlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyş sözleri bagt mukamy bolup ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

ASYRLARYŇ ŞAÝADY Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda halkymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge, geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmäge ýokary derejede üns berilýär. Şöhratly geçmişimiziň sahypalaryna nazar salanymyzda taryhyň dürli döwürlerinde ýurdumyzyň çäklerinde uly-uly şäherleriň, bilim ojaklarynyň bolandygyna we bu toprakda dünýä medeniýetine we sungatyna, ylymlaryň dürli ugurlaryna saldamly goşant goşan alymlaryň, beýik şahsyýetleriň ýaşap geçendiklerine göz ýetirýäris. Şol döwürlerden habar berýän gadymy ýadygärlikleriň köpüsi hem-de geçmişde öçmez yz goýan beýik şahsyýetlerimiz baradaky gymmatly maglumatlar asyrlar aşyp, nesilden-nesle geçip, özüniň baý taryhy gymmatlygyny ýitirmän, biziň günlerimize hem ýetip gelipdir.

Sungatda taplanýan zehin

Mähriban çagalar, siz «Nejep oglan» dessany barada nämeler bilýärsiňiz? Belki, ony okansyňyz, ol boýunça sahnalaşdyrylan oýna tomaşa edensiňiz. Dessanyň wakalary göz öňüňize gelýändir. Oýnuň gahrymanlary ýadyňyza düşdümi? Mümkin, dessan barada ýene-de bilmek isleýänsiňiz. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Nejep oglan» çeper filmi surata düşürildi. Dessan boýunça filmiň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Filmiň režissýory Wepa Işangulyýew, operatory Nurmuhammet Borjakow, suratkeşi Baýram Patyşagulyýew, kompozitory Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamow hem-de filmiň gurnaýjysy Allamyrat Kerimow. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu filmi teleýaýlym arkaly köpiňiz görensiňiz. Filmde Nejebiň keşbinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň milli saz gurallary orkestriniň artisti, solisti Söhbet Annamyradow, Nejebiň çagalyk keşbinde deň-duşuňyz Mekan Amanow surata düşdi. Kino sungatymyzyň täze zehinleriniň ýüze çykmagy, olaryň başlangyç ädimlerde şowly çykyşlary bilen tanalmaklary, milli sungatymyzyň ösmegi, bu ugurdan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesidir. Ýaşajyk kino artistimiz bilen ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.

Gözelligiň gözleginde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň sagdyn hem erkana ösüp ulalmaklary, göreldeli okamaklary we dürli ugurlar boýunça zehindir başarnyklaryny ösdürmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde ylham-zehininden gözellik döredýän jigilerimiziň biri-de Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Şanazar Eminowdyr. Žurnalymyzyň şu sahypasynda Şanazaryň çeken suratlarynyň käbiri bilen tanyş edýäris.

Gurjakgoş

Nesil terbiýesinde milli däp-dessurlaryň ähmiýeti barada söhbet Ýaş nesillerde ýokary ahlaklylyk, ruhubelentlik, bilesigelijilik, bilimlere ymtylmak ýaly düýpli häsiýetleri kemala getirmek döwrüň möhüm wezipesi. Bu barada hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde aýratyn durup geçdi. Ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny aýtdy. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçiriljek ähli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtady. Bu möhüm işde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň, mugallymdyr terbiýeçileriň paýyna aýratyn jogapkärçilik düşýär. Yhlasly zähmeti, ugurtapyjylygy, ýeterlik bilim-tejribesi bolan şeýle ynsanlar ýaş nesilleriň kalbynda milli ýörelgelerimize bolan çäksiz söýginiň çyragyny ýakýarlar. Gyşyň sowujak howasynda ýylyjak pejiň gapdalynda oturan Nabat daýza ik egirýärdi. Onuň arzuwly kalby bireýýäm inçelik bilen tow berlen ýüpünden jorap örüp, balalarynyň aýagyny ýyladýardy. Gözi-gulagy bolsa, «Gurjakgoş» oýnaýan gyzjagazlaryň şowhunyndady. Bu wagt Ogulnurdyr Güljemal gyýkyndy matalardan tikilen naşyja ýorgan-ýassyklary kiçijek «guty öýleriň» törüne ýerleşdirýärdi. Aýjemaldyr Orazgül bolsa, toýa geljek daýzalaryň «çaý-naharynyň» ugrundady.

Bagtyýar günleriň bagtly ýaşlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ýaş nesil babatdaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigi bizi ýokary ruhubelentlikde döwrebap ylym-bilim almaga borçlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmekden, onuň intellektual hem-de zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmekden, ýaşlara döwrebap bilim bermekden ybaratdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar barada döwlet derejesinde maksatnamanyň kabul edilmegi we ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen agzybirlikde işleriň alnyp barylmagy hem bizi — ýaşlary guwandyrýar.

«Ylham» seýilgähi — ylham eçilýär

Agşamara gyzym bilen paýtagtymyzyň ajaýyp we çeper keşpde bina edilen «Ylham» seýilgähine gezelenje çykypdyk. Howanyň ýakymlylygy, töwerek-daşyň gözellikleri täsin sazlaşygy emele getirip, ruhuňy galkyndyrýardy. Çaganyň bilesigelijiliginiň artyp berýän sowallarynyň we gyzyklanmalarynyň has ýiti duýulýan döwri hasaplanýan çagyna ýaňy aýak basan bäş ýaşlaryndaky gyzym bu ajaýyp seýilgähe bir göz aýlady-da, ep-esli oýlanyp durdy. Esli ädim ädensoň, bilesigelijilik bilen:

Milli medeniýet we döwür

Milli medeniýetiň ata-baba gelýän kämil mekdebini geçen, türkmeniň şirin dessanlaryndan, «Görogly» şadessanynyň gahrymançylykly sahypalaryndan, hoşowaz bagşylaryň börňüldäp duran mukamlaryndan ruhy dünýäsi kemsiz ganan hormatly Prezidentimiz çagalykda gursagynda şinelän söýgi-hormatynyň nyşany hökmünde turuwbaşdan medeniýete we sungata, bagşyçylyk kimin sungat akabalaryna täzeden badalga berdi. Sungat ussatlaryna serpaý ýapýar, derejeleýär. Milli medeniýetimize, sungatymyza, däp-dessurdyr ýörelgelerimize bagyşlanan «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» we «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplaryny peşgeş berdi. Medeniýeti öwreniş ylmynda: “Medeniýetleşmek — munuň özi, birinjiden, medeniýetiň gurallary tarapyndan tebigy ýagdaýda üpjün edilip bilner, ikinjiden, adamyň ahlak we döredijilik tagallalaryny talap edýän şahsy iş hem bolup biler” diýlip aýdylýar.

Halypa sapagy

«Çagakam-da artist bolmagy arzuw edýärdim. «Ulalaňda kim boljak?» diýip sowal berenlerinde, «Artist boljak» diýip, käte-käte arzuwymy daşyma çykaraýmam bardy. Elbetde, Biribar adamyň gursagyna salýandyr-da...». Göwnüme bolmasa, ýürekden aýdylýan bu sözler gulagyma täze bir sahna eserinden halypa artistiň monology ýaly bolup eşidilýär. Gürrüň berlişi çeper bolanda, söz ýürekden çykanda, mydama üýtgeşik täsir galdyrýar. Iň esasy zat şol. Sungat hakda Türkmenistanyň halk artisti, geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalyna mynasyp bolan Çary Berdiýew hakdaky makalany onuň öz sözleri bilen başlamagymyz ýöne ýere däl. Ol turuwbaşdan özüniň bile işleşen halypalaryny birin-birin adyny tutup ýatlaýar. Olar bolsa, tüweleme, gaty kän. 1974-1975-nji ýyllarda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral institutynda bilim alan Çary Berdiýewiň sungatda döreden keşpleri hem kän, hem saldamly. Olar tomaşaçynyň kalbyna siňen keşpler. Oguz hanyň, Salyr Gazanyň, Däli Domrulyň atlary biziň gündelik gürrüňimizde hem häli-şindi ýatlanyp dur. Hakyky ussatlyk şeýle bolýan bolaýmasyn?! Beýleki tarapdan, ol gülküli keşpleri döretmegiň hem ussady. «Sen söýseň meni» sahna oýnundaky Bally mollanyň keşbini bilmeýänimiz, bu sahna oýnuna tomaşa etmedigimiz ýok bolsa gerek.

Kalba siňen aýdymlar

Sazy Çary ABDYLLAÝEWIŇKI.Sözleri Geldi BÄŞIÝEWIŇKI. Näzleriňden  (Aýdym)

Jadyly senediň aşygy

Balhy tutdan dutara gapak goýsaň, sesi batly ýaňlanýar. Beýle dutar bagşylara laýyk gelýär. Sebäbi bagşy aýdym aýdanda, owazy dutaryň sesi bilen sazlaşýar. Peýwendi tutdan gapak goýsaň, sazyň sesi näzik we pessaý bolýar. Beýle saz guralda diňe sazandalar saz çalsa, heňi süýji bolýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň gözbaşyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýandygyna garamazdan, halkymyzyň ruhy dünýäsi bilen bagly bu milli senetçilik ýörelgeleri häzirki eşretli döwrümizde mynasyp dowam etdirilýär. Edil saçak, çörek, tamdyr ýaly dutar hem her bir türkmen öýünde maşgala mukaddesligi hökmünde aýalyp saklanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyzyň goşa tarly gudratynyň waspy jahana dolup, bagşy-sazandalar toý döwresiniň bezegi hasaplanýar. Bu milli senetçilik ýörelgesini dowam etdirýän ildeşlerimiziň döredijilik dünýäsi gyzykly hem täsirli.

Asyl köke kökerilen meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň mukam ýoluna ser salyp...

Türkmeniň halypa-şägirtlik mekdebinde bir däp bolupdyr. Halypa öz şägirdine ak pata berende, dutar sowgat berýän eken. Şeýle däbe eýerip, Mämmetmyrat ussa hem şägirdine öz ýasan dutarlarynyň birini sowgat beripdir. Mylly aganyň bütin ömrüne çalan, ençeme toý-baýramçylykda halkyň sagbolsunyny alan dutaryny Mämmetmyrat ussa ýasapdyr. Köpetdagyň tämiz howasyndan dem alyp oturan Ýaňgala obasynda 1885-nji ýylda dünýä inen oglanjyga Annaseýit diýip at dakypdyrlar. Aý-gün geçýär, oglanjyk bir ýaşaýar, emma ol ýöräberenok. Adaty çagajyklar ilki emedekläp, bir ýaşda «ýörjen-ýörjen» bolýarlar. Täçmyrat aga oglunyň adyny serdarlara ýanap dakan hem bolsa, onuň bu umydy soň-soňlar ýatdan çykýar. Kiçijik Annaseýit gowşajyk bolupdyr. Täçmyrat aga welin daýaw, süňňi sagdyn pälwan adam bolupdyr. Ol toýlarda göreş tutulsa, pälwanlygyny görkezip, köp baýraklary alypdyr. Il arasynda onuň arkasy ýere degmeýän pälwanlygyny aňladýan: «Putluk ýaly bolup, bu ýeňer-le» diýen sözler kän gaýtalanýan eken. Şondan soň Täçmyrat aganyň adynyň gapdalyna «put» lakamy goşulypdyr. Bu barada Mylly Täçmyradowyň öz ýatlamalary hem bar: «Men oglankam kakamyň düýäň üstündäki gyşaryp duran çuwaly bir egni bilen galdyryp düzedenini gördüm, men oňa öýkünjek bolup, kän synanyşardym».

TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: medeni diplomatiýa rowaçlanýar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz Täze, 2021-nji ýyla ýagşy niýetler, hoşniýetli arzuwlar bilen gadam basdy. Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, watandaşlarymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran bu taryhy waka Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamynda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy ba

Aýdym bilen adyganlar

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa» atly kitaplary türkmen aýdym-saz sungatyny döwrebap derejede öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz kitaplarynda bu sungatyň halypa-şägirtlik ýoluny hem inçelik bilen yzarlaýar we onuň ähmiýetini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz müň keren mamla. Halypa-şägirtlik ýoly arkaly türkmen aýdym-sazlary halypadan şägirde, atadan ogla, asyrdan asyra geçip gelipdir. Mary welaýatynyň Pendi topragynda ýaşan Akmyrat bagşy, Akmyrat bagşynyň ogullary Gurban, Amansähet öz döwrüniň ussat bagşy-sazandalarydyr. Doganlar Gurban bilen Amansähediň aýdym-saza ezberligi olaryň meşhurlyk örüsini giňeldipdir. Şonuň üçin doganlar Pendi ýaýlasyndan Mary welaýatynyň ähli çäginde tanalyp ugrapdyrlar. Soň-soňlar Ahal sebitlerinde, Balkanda, Daşoguzdyr Lebapda tanalypdyr.

Ýaş zehiniň döredijilik dünýäsi

Çagalar, hormatly Prezidentimiz siziň gowy okap, bilim almagyňyz, şeýle hem okuwdan daşary ukyp-başarnyklaryňyzy artdyrmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Merdana nesil», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy ýaly döredijilik bäsleşikleri ýylyň-ýylyna geçirilýär. Hemme welaýatlaryň etrap merkezlerinde, obalarda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri hereket edýär. Olara çagalar mekdepden daşary öz zehinlerini artdyrmak üçin, uly höwes bilen gatnaýarlar. Ýaşlykdan döredijilik, sungat dünýäsine aralaşyp, öz ýoluny tapýan zehinli ýaşlary göreniňde buýsanjyň artýar. Ine, paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mekan Ataýew hem zehinli ýaşlaryň biri. Täze ýylyň başlanmagy Mekana üstünlik getirdi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek joşgunyny şeýle beýan etdi: — Maşgalamyz aýdym-saz bilen meşgullanýar. Kiçiligimden kakamyň aýdýan aýdymlaryny diňläp, aýdym aýtmagy höwes edýärdim. 2-nji synpda aýdym aýtmaga başladym we mekdeplerde geçirilýän dabaralara yzygiderli gatnaşyp, aýdymlarym bilen ç

Sylaglaryňyz gutly bolsun!

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça söweşjeň, gumanitar taýýarlykda we harby düzgün-nyzamda has tapawutlanan harby bölümlere göçme nyşan, Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şol dabaranyň dowamynda podpolkownik Geldimyrat Mämmedowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň şahsy düzümi hem sylaglandy. Şol mynasybetli harby bölümde dabara geçirilip, onuň dowamynda harby bölümiň 2020-nji okuw ýylynyň jemleri boýunça söweşjeň, gumanitar hem-de harby düzgün-nyzamda has tapawutlanan batalýon we rota sylaglanyldy. Ýagny batalýonlaryň arasynda kapitan Meýlis Çaryýewiň serkerdelik edýän batalýony, rotalaryň arasynda bolsa, uly leýtenant Ýagmyr Çaryýewiň serkerdelik edýän rotasy 1-nji orna mynasyp bolup, göçme nyşan, Hormat haty we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Sylaglaryňyz gutly bolsun, merdana harby gullukçylar!