Aýdym bilen adyganlar

14 Ýanwar 2021
2217

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa» atly kitaplary türkmen aýdym-saz sungatyny döwrebap derejede öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz kitaplarynda bu sungatyň halypa-şägirtlik ýoluny hem inçelik bilen yzarlaýar we onuň ähmiýetini nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyz müň keren mamla. Halypa-şägirtlik ýoly arkaly türkmen aýdym-sazlary halypadan şägirde, atadan ogla, asyrdan asyra geçip gelipdir. Mary welaýatynyň Pendi topragynda ýaşan Akmyrat bagşy, Akmyrat bagşynyň ogullary Gurban, Amansähet öz döwrüniň ussat bagşy-sazandalarydyr. Doganlar Gurban bilen Amansähediň aýdym-saza ezberligi olaryň meşhurlyk örüsini giňeldipdir. Şonuň üçin doganlar Pendi ýaýlasyndan Mary welaýatynyň ähli çäginde tanalyp ugrapdyrlar. Soň-soňlar Ahal sebitlerinde, Balkanda, Daşoguzdyr Lebapda tanalypdyr.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar