Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Maslahat geçirildi

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Saýlawlar — milli demokratiýanyň kepili» ady bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Saglyk öýüniň lukmanlary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, sagdyn nesli kemala getirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli işleriň iş meýilnamalary tassyklanyldy, beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

Gözlegimiz — ýaş zehinler

Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa, professor Kakajan Ezizow, dirižýor Mäne Meredow, pianinoçy Gözel Annamämmedowa, aýdymçy Roza Töräýewa, kompozitor Rejep Rejepow ýaly ussatlaryň ençemesi sungatyň ilkinji ädimlerini hut şu ýörite sazçylyk mekdep-internatyndan başladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ösüşleriň, özgerişleriň zamanasy hökmünde taryhda altyn sahypalar bilen orun alýar. Bu günki gün milli gymmatlyklarymyzyň dünýä çykmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň özi-de halkymyzyň asyrlarboýy toplap gelen medeni-ruhy hazynasyna täze ömrüň bagyş edilmegidir. Bu babatda sungat işgärlerine, şol sanda aýdymçy-sazandalara-da uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem biz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda sungat äleminde mynasyp menzilleri dowam etdirjek ýaş zehinleri ýetişdirmekde ähli yhlas-başarnygymyzy siňdirip zähmet çekýäris.

Çowdur ýolunyň ussady

Dessançy halypa Palta Garaýew 1960-njy ýylda Gündogary öwrenijileriň Moskwadaky XXV halkara kongresine gatnaşýar. Şol ýerde bagşydan «Görogly» şadessanynyň birnäçe şahalary, tirme aýdymlary ýazylyp alynýar. Türkmen bagşyçylyk sungatynyň dürli ýollary bar. Olardan ahal, ýomut-gökleň, salyr-saryk, damana, ärsary we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan çowdur ýoludyr. Şu ýollaryň hem her haýsysy özüniň ussat bagşy-sazandalary bilen tanalýar.

Halk aýdymlarynyň perwanasy

Roza Hudaýbergenowa köp ýyllaryň dowamynda «Pyýala», «Sen-sen», «Gyzlar geleýdi», «Gelinler», «Owazy geldi», «Kim biler», «Nowgül» ýaly aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Geçen asyryň altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarynda obamyzyň medeniýet öýüne welaýat filarmoniýasynyň artistleri konsert bermäge gelerdiler. Uzyn boýly, dolmuş göwreli, ýüz-gözleri mähirden doly, özüni örän salykatly alyp barýan görmegeý zenan, Türkmenistanyň halk artisti Roza Hudaýbergenowa sahna çykanda, dowamly el çarpmak bilen garşylaýardyk. Sebäbi biz onuň bilbil owazly aýdymlaryna aşykdyk. onuň ajaýyp keşbi göz öňümizden, şirin owazly aýdymlary häli-häzirem gulagymyzdan gidenok.

Innowasiýalar we kino

Häzirki wagtda dünýäniň iri kino şereketleri öz önümçiliginde kompýuteriň tehnologiýalarynyň iň häzirki zaman mümkinçiliklerinden has ýygy-ýygydan peýdalanýarlar. Ilki-ilkiler animasiýanyň kömegine ýüz tutulýan çylşyrymly görnüşleri beýan etmek üçin indi kompýuteriň iň bir çylşyrymly tilsimlerinden peýdalanmak adaty zada öwrüldi. Ýörite effektleriň peýdalanylmagy bilen režissýorlaryň öz pikirlerini açyp görkezmeklerinde mümkinçilikleriniň çägi giňedi. Bu günki gün dünýä kino öndürijileri kompýuter tehnologiýalaryny has täsin we kämil görnüşde ulanmakda bäsleşýärler. Biz bu babatda iň bir kämil saýylýan filmler barada gysgaça gürrüň etmegi makul bildik. «Alisa täsinlikler dünýäsinde». Režissýor Tim Berton 3D grafikasynda ilkinji synanyşygy bolan bu filmini surata düşürmek üçin Alisanyň hakyky dünýädäki öýünden başga ýekeje-de dekorasiýa gurulmandyr. Ähli wakalar pawilýondaky gök fonuň öňünde surata düşürilipdir.

Tans—gadymy sungat

Tans sungaty ynsanyň öz duýgularyny beýan etmek, ýüze çykarmak usullarynyň iň bir täsin görnüşleriniň biridir. Dürli halklaryň mundan müňýyllyklar öň diwar ýüzünde we beýleki zatlarda galdyran suratlarynda tansyň görnüşleriniň bolmagy onuň öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryna alyp gidýändigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin-de tans sungaty ilkidurmuş jemgyýetinde dörändir diýmäge esas bar. Gelip çykyşyny öwrenenlerinde, tanslary döwürlere, şonuň ýaly-da halklara, medeniýetlere bölýärler. Ýakyn Gündogarda tanslar dürli dessurlaryň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Mundan 3300 ýyl öňki döwre degişli bolan Bhimbetkiň (Hindistan) gowaklardaky suratlar, gadymy Müsürdäki gubur şekilleri muňa şaýatlyk edýär. Arheologik tapyndylar Gadymy Müsürde zenanlaryň toparlaýyn tanslarynyň hem bolandygyny subut edýär. Orta asyr derwüşleriniň dürli ruhy ahwala aralaşmak üçin edýän tanslary hem bellidir.

«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň çäginde geçiriljek «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär. Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Wasp eýleýip bagtyýarlyk döwrüni

Gahryman Arkadagymyz ählihalk saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günlerinden bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzda beýik özgertmeler gazanyldy, ozal görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüş depgini saklanylýar, jemi içerki önümiň öndürilişi ýylyň-ýylyna artdyrylýar. Bu türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny kepillendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji günleri hem eýýämden üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp zähmet ýeňişleri, il agzybirligi, asuda, abadan durmuşymyz welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň döredýän naýbaşy eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Ynha, golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk konserti hem turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabara welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky gadymy ýol-ýörelgeleri täze many-mazmun bilen kämilleşdirilip, olara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki gün milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip bellemegi hem türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň näderejede belentdigine buýsanç bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, şol sanda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy bilen tanyşmagy we alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklanmagy hem örän buýsançly boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň, şol şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäginde alabaý itleriniň gözellik bäsleşiklerini gurap, bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen ala

Hünär ussatlygy

ÖŇŇIN Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşigiň nobatdaky tapgyry «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çärelerine baý many öwüşginini berdi. Dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan hünär bäsleşigi ýylyň-ýylyna aýratyn işjeňlige eýe bolýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanyljak ýylynda geçirilen bu gezekki bäsleşik aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Onuň welaýat tapgyryna çeper elli gelin-gyzlar gatnaşmak bilen, hünär ussatlygyny we kärine egsilmez söýgüsini açyp görkezdiler. Bu babatda bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Gökdepe etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de etrapdaky Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň we Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ähli mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi. Munuň özi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine hem oňyn täsirini ýetirdi.

Watan – eýýamlaryň baky aýdymy

Eziz Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä dolmagyna, bedew bady bilen gülläp ösmegine, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taryhy ýeňişler bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny garşy almak, ýurdumyzyň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek we ýaş nesli ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Her bir zadyň gymmaty, owadanlygy oňa sarp edilen zähmetiň, siňdirilen yhlasyň möçberi bilen kesgitlenilýär. Şu nukdaýnazardan mähriban Watanymyzy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgalyk merkezine öwren hormatly

Akyl - paýhasyň güýji — ýaşaýşyň täji

Ir zamanda bir ýetim ýetginjek bolup, ol iliň hyzmatyny edip, iýjegini gazanýan eken. Ýöne ol, täleýi ters gelip, gözagyry derdinden batyl bolýar. Bu ýagdaýa juda gynanan ýetginjek gije-gündiz Haka sygynyp, ýene-de gözüniň görmegini dileg edip, ýalbarypdyr. Ahyry onuň ýanyna bir ýagşyzada gelip: — Saňa üç zat getirdim — saglyk, maşgala, baýlyk. Ýöne sen şularyň haýsy-da bolsa birini saýlamaly — diýipdir.

Türkmeni jandan söýen alym

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Altyndepäni öwrenmek — ömrüniň manysy

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

Jahana nusgalyk sungat

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly baýramçylyk bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen, jemi dört tapgyrdan ybarat baýramçylyk bäsleşiginde zenanlar hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň özlerinde galdyran täsirleri, gadymy we häzirki zaman nagyşlarynyň gelip çykyşy, döreýşi dogrusynda gyzykly gürrüň bermekde, el hünärlerini görkezmekde özara bäsleşdiler. Şeýle hem, jemleýji tapgyrda nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgy setirlerini çeper sahnalaryň we aýdym-sazlaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşik milli mirasymyzy ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde, eli hünärli, çeper sözli gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çy

Şygryýet älemi

Watan waspy Watan, waspyň sözlesem,Dagyň, düzüň keramat.Derde eýleseň melhem,Otuň, çöpüň hemaýat.

Türkmeni jandan söýen alym

Giriş ýerine Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen kitabynda şeýle ýazýar: «Ilkidurmuş adamzat jemgyýetinden galan yzlar — daşdan we demirden ýasalan zähmet we ýarag gurallary, irki ekerançylyk we şäher merkezleri, köp sanly ýazuw we arheologik çeşmeler diňe bir Türkmenistanyň, türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň taryhy ýoluny beýan edýän, bahasy halkyň buýsanjy, çeper aň kämilligi bilen ölçenilýän gymmatly ýadygärliklerdir».

Gahrymançylyga ýugrulan eser

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şygarynda uly many, mukaddeslik jemlenendir. Watanyň mukaddes bolşy ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak hem biziň üçin mukaddesdir. Parahatçylyk düşünjesi öz gözbaşyny gadymdan alyp gelýär. Ol halk dessanlarymyzdyr eposlarymyzdan, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan hem eriş-argaç bolup geçýär. Türkmeniň her bir meseläni parahatlyk, birek-birege ynanyşmak ýoly bilen çözmäge çalyşýandygyna akyl ýetirmek kyn däl. Muňa Şükür bagşynyň ykbaly-da aýdyň mysal bolup biler. «Şükür bagşy» çeper filmine tomaşa eden her bir adam, ozal telim gaýta gören hem bolsa, aňynda ýaňadan watançylyk duýgusynyň oýanandygyny duýman galýar. Çünki uzak gijeläp saz çalýan Şükür bagşynyň mukamynda jady bar, edil şonuň ýaly-da geljege umyt duýulýar. «At-ýaragyň bitirýän işini dutar bitirip bilmezmi?!». Bu sowaly öz-özüne beren Şükür bagşy, oňa düýrmegi bilen ynanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda eseriň şu wakasyna aýratyn üns berlip: «Men Nurmyrat Saryhanowyň hakyky halky häsiýete eýe edip genilik bilen döreden keşbine — Şükür bagşynyň keşbine ýüzlendim. Onuň taryhy filmde örän ussatlyk bilen beýan edilipdir. Edebi gahryman bolsa, hakyky durmuşa has hem ýakynlaşdyrylypdyr. Bu — parlamentiň wekiliniň, gepleşikleri geçirijiniň, diplomatyň keşbi. Bu ýerde gür

Ruhy gymmatlyga sarpa

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt» köşgi toý-dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda paýtagtymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işewür zenanlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň çuň paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň esasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäheriniň etraplary boýunça ýeňiş gazanan zenanlar gatnaşdylar. Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklary, dost-doganlyk gatnaşyklary, meşhur şahsyýetlerimiziň bitiren beýik işleri, milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy, çuň many-mazmunly durmuş wakalary, täsirli rowaýatlar inçeden yzarlanýar. Kitapda türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramy, tutanýerli zähmeti, sungat derejesine ýetiren el işleri, akyl-paýhasy, durmuş wakalary çeper dilde giňden beýan edilýär. Bular babatdaky täsirli gürrüňleri bäsleşigiň şertleri boýunça çykyş eden zenanlar giňden beýan etdiler. Bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň mugallymy Maral Allagurbanowa, 2-nji orna Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçysy Aýna Ýe

Aýdyma öwrülen setirler

Merdi-merdan Arkadag! Sözleri Gözel ŞAGULYÝEWANYŇKY.Sazy Begenç HOJAÝEWIŇKI.