«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

10 Fewral 2021
1880

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň çäginde geçiriljek «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär.

Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Beýleki habarlar