Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Parahatlyk — ömürlerň çyragy

Parahatçylyk sözüniň güýji-täsiri her bir ynsanyň kalbynda üýtgeşik duýgulary oýarýan bolsa gerek. Parahatçylygyň ähmiýeti dünýäniň abatlygy, adamlaryň haýyrly duýgularynyň bitewiligi bilen berk baglanyşyklydyr. Düýn Türkmen döwlet Neşirýat gullugy bilen «Esger» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde geçiren medeni çäresi hem parahatçylyk diýlen kämil we arzyly düşünjäniň ähmiýetine bagyşlandy.      Çäräni «Esger» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Aýgül Garaýewa açdy we ol alypbaryjy hökmünde ynsan ömrüniň nury-çyragy bolan parahatçylyk babatdaky pikirlerini labyzly şygyr setirleri bilen utgaşdyryp beýan etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda parahatçylygyň höküm sürmegi babatda alyp barýan içeri we daşary syýasatlarynyň manysy we ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durup geçdi.

Sungat sapaklary

Paýtagtymyzda dowam edýän «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşmak üçin türki döwletlerden gelen tejribeli kino işgärleri düýn Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplar bilen duşuşyp, ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Özboluşly döredijilik duşuşygyna gatnaşan türki dilli döwletleriň kino wekilleriniň arasynda Mete Soýdan, Altynaý Nogerbek, Anarkul Nazarkulowa, Mammadli Aghasi Sara Saad Han, Rejep Renan Bilek ýaly sungat ussatlary bar. Olar talyplara baý iş tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Dostlary doganlaşdyrýan kino baýramy

Düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda ýurdumyzda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi. Olar soňky bir ýylyň dowamynda eden işleri, geljekde ýerine ýetirilmeli taslamalar, edilmeli işler dogrusynda pikir alyşdylar. Biz hem oňa gatnaşyjylaryň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Israfil KURALAÝ,«Yedirenk» kommunikasiýalar toparynyň baş direktory, kinofestiwalyň emini (Türkiýe):

Abraýly festiwaldaky üstünlik

Şu ýyl Moskwada 8-nji gezek geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Ol sazandalardyr wokalçylara, kompozitorlardyr ýaş ýerine ýetirijilere, suratkeşlerdir çeper sözüň muşdaklaryna öz döredijilik mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi. Festiwalyň çäginde aýdymçy-sazandalaryň arasynda geçirilen onlaýn bäsleşikde türkmenistanly ýaşlar hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly 2015-nji ýyldan bäri aýdym-saz muşdaklaryna şatlyk paýlap gelýär. Geçen ýyllarda oňa 600-den gowrak adam gatnaşdy. Bu sungat baýramçylygynyň şu ýylky meýilnamasy dürli bäsleşikleri öz içine aldy. Şolaryň hatarynda etnomedeniýet däp-dessury esasynda dürli hünärlerden sazandalaryň akademiki sazynyň iň gowy ýerine ýetirilişi, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri boýunça bäsleşikler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsertler, «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly ylmy-amaly maslahat hem bar.

Baky sungat keşbi ýaly, Dostluk kinofestiwaly

Anarkul NAZARKULOWA,Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti:

Türkmen kinosy ösüş ýolunda

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen türkmen medeniýeti, sungaty barha gülläp ösýär. Milli medeniýetimiziň kino sungaty hem döwrebap ösüşleri başdan geçirýär. Gysga döwrüň içinde surata düşürilip, ekrana çykarylan milli kinofilmler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň işiniň döwrebap ösüş ýoluna düşendigini buşlaýar. Biz hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň soňky ýyllarda ýaýlyma çykaran we täze surata düşürýän filmleri hakynda söhbet etmegi makul bildik. Häzirki döwürde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde zähmet çekýän Sahysalyh Baýramow, Rahymberdi Annagulyýew, Myrat Orazow, Maksat Gylyjow, Baýmyrat Musaýew ýaly soňky ýyllarda ýetişen kino ussatlary we belli halypalar tarapyndan «Beýik Ýüpek ýoly», «Atalar we ogullar», «Gyzyl kürte», «Istärin», «Daragt», «Dutaryň owazy», «Kompozitor», «Ekologiýa — päkize durmuş», «Gyzyl alma» atly çeper we çeper-publisistik filmler hem-de «Ýiten top» atly multfilm surata düşürilip, tomaşaçylara ýetirildi.

Akbilek — Artygyň aty

Bir gezek türkmen bedewleri barada söhbet açylanda, kärdeşimiz Garrybaý Aşyrow hem söhbetdeşlige goşuldy. Şonda ol kakasy Baýly aganyň bu barada köp zatlary bilýändigini aýtdy. Biz bu babatda söhbetdeş bolmak üçin baranymyzda, Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Baýly Aşyrow şeýle gürrüň berdi: — Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan yhlasym örän uly. Ýaşlyk döwrümde Aşgabadyň Atçylyk toplumynda on ýyllap at çapdym. Häzir hojalygymda hususy atlarym bar. Atlarym uly çapyşyklara gatnaşyp, uly-uly baýraklara eýe boldy. Meniň kakam Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, ussat seýis Aşyr Garrybaýew bütin ömrüni ahalteke atlaryna bagyş etdi. Käte onuň ýetişdiren atlary bilen bagly pursatlar ýadyma düşýär.

Türkmen akapellasynyň öňbaşçysy

Sungata söýgi çägi bilmeýär. Käbir ussatlaryň öz dogduk mekanyndan has alysdaky halkyň edebiýatyna, sungatyna... siňip gidişini göreniňde-de, muňa göz ýetirýärsiň. Şeýle sungat ussatlarynyň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, kompozitor Genrih Stanislawowiç Držewskidir. 1903-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Drogobyç şäherinde dünýä inen G.Držewskiý ýaşlygyndan çeper höwesjeňler toparlaryna gatnaşýar. Maşgalasynda sazandalaryň bolmagy ýaş Genrihde hem saza uly höwes döredýär. Moskwa, Lugansk, Ýalta, Feodosiýa, Harkow, Donesk şäherleriniň filarmoniýalarynda konsertmeýsterlik etmegi onuň üçin uly mekdep bolýar.

Ki­no sun­ga­ty ar­ka­ly halk­la­ry ýa­kyn­laş­dy­ryp

13-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de «Gor­kut ata» at­ly hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wal ba­dal­ga al­dy. Tür­ki döw­let­le­riň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän bu fo­ru­myň baş mak­sa­dy ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan, ki­no sun­ga­ty­ny ös­dür­mek­den, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni tür­ki halk­la­ryň me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nyş­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Çä­rä tür­ki döw­let­ler bi­len bir ha­tar­da, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan meş­hur ki­no hü­när­men­le­ri­niň, akt­ýor­la­ryň we bi­ler­men­le­riň gat­naş­mak­la­ry bu ugur­da giň ge­rim­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­lyň Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ge­çen ýyl tür­ki dün­ýä­niň III ki­no­fes­ti­wa­lyn­da Türk­me­nis­ta­na «Gor­kut ata» ki­no­fes­ti­wa­ly­ny ge­çir­mek no­ba­ty­nyň ny­şa­ny bo­lan «Dur­na» heý­kel­ji­gi gow­şu­ry­lyp­dy.

Kinematografiýa sungatynyň döwrebap hukuk binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji noýabrynda gözel paýtagtymyzda  «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň festiwala  gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär» diýip bellemegi, ýurdumyzda sungata belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Arkadagly eýýamymyzda türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň bir akabasyna, umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Şu ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde medeniýet babatda garalan döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleleriň hatarynda medeniýet ulgamynda ýurdumyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyny hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda ç

Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodajykdan ýöräp geçýärler. Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekleýärler. Soňra Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalary geçýärler.

Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy

Aşgabat, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.

Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy

Aşgabat, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.

Jebislik we parahatçylyk — kinonyň dilinde

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde badalga alan «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly kino sungaty arkaly türki dünýäniň doganlyk halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we jebisligi pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Biz hem bu kinoforuma gatnaşýan ildeşlerimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Mämmetnazar SAPARMYRADOW,Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygy:

Halkara kinofestiwaly: sungatlaryň dabaralanmasy

Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyşy boldy. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan hem-de Tywa Respublikalarynyň kinorežissýorlary, kinematografiýaçylary, kinoaktýorlary we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Eýýäm 12-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabada gelen myhmanlar türkmen topragynda halkymyza mahsus myhmansöýerlik bilen mähirli garşylandy. 13-nji noýabrda günüň birinji ýarymynda sungat ussatlarynyň sapary gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin ýadygärliklerine baryp görmekleri bilen başlamagynyň özi aýratyn mana eýe boldy. Soňra paýtagtymyzyň gözel künjeklerine guralan gezelenç hem myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen festiwalyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bolsa uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Şeýle-de festiwalda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada taýýarlanylan wideofilmiň görkezilmegi çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi. Ýeri gelende

Gadymy medeniýetiň beýany

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan geçmişde yz galdyran taryhy ýadygärlikler, halkyň baý milli mirasy, tebigat täsinlikleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler öz beýanyny tapýar. Şeýle gymmatly ýadygärlikleriň içindäki Seýit Jemaleddin metjidiniň taslamasy hem türkmeniň buýsançly geçmişini özünde jemleýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bu taryhy ýeriň ýaşaýyş medeniýetiniň has irki döwürleri, saklanyp galan ýadygärlikleri barada gyzyklanmalar has-da artdy. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindäki Seýit Jemaleddin metjidiniň taslamasy bu ýere gelýän adamlaryň ilkinji tanyşýan gymmatlyklarynyň biri. Metjidiň girelgesindäki (potalynda) syrçaly nagşynyň we onuň üstündäki arap ýazgysynyň, şonuň ýaly-da aždarhalaryň şekilleri nepisligi bilen haýran galdyrýar. Asyl ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ýokary ussatlygynyň we şol döwrüň binagärliginiň ösüşiniň subutnamasy bolupdyr.

Täsin tomaşa

Arkadag şäherindäki milli gahrymanymyz Göroglynyň ady dakylan sirkiň döredijilik toparynyň her bir çykyşlary gyzykly pursatlara baý bolýar. Ine, täze çykyşlara taýýarlyk pursatlary ýetip gelýär. Sirkiň döredijilik toparynyň her bir agzasy öz pikirleri, ukyp-başarnygy bilen çykyşlaryň sungat derejesine ýetmegi üçin yhlasly zähmet çekýärler. Režissýor, baletmeýster, ses režissýory, suratkeş, tansçylar... mahlasy, ählisi öz ornunda sirk tomaşalarynyň gyzykly bolmagy üçin jan edýärler. Olaryň maksady çykyşlary bilen tomaşaçylaryň wagtyny hoş geçirmegini gazanmak, ruhy lezzet paýlamak. Dagyň arassa, mylaýym howasyndan dem alyp, Arkadag şäheriniň gözelligine haýran galyp, sungat ojagynyň bosagasyndan ätlän tomaşaçylary sirkiň işgärleri güler ýüz bilen garşy alýarlar.

«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşýan myhmanlara söz berýäris

Düýn paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda bu kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Biz hem halkara derejeli kinofestiwala gatnaşyjy myhmanlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Kino sungatynyň dabarasy

Sungat dünýäsiniň serhetsizdigini görnükli şahsyýetler juda jaýdar belläpdirler. Elbetde, sungatyň köpdürlüligi bu ulgamyň ösüşinden, özgerişinden, kämilliginden nyşandyr. Ol has kämilleşdigisaýy, şol halkyň ykbaly hem nurlanýar. Ykbaly nurlanan halk bolsa, öz durmuşyny sungat eserlerine siňdirmäge başlaýar. Bu babatda, ilki bilen, göz öňümizde kino sungaty janlanýar. Aslynda, kino — hakyky durmuşdan alnan bir bölek! Şol eser arkaly biz durmuşa aýnanyň öňünde duran ýaly tomaşa edýäris. Gynanmaly ýerinde gynanyp, şatlanmaly ýerinde çynymyz bilen şatlanýarys. Onuň terbiýeçilik ähmiýeti-de hut şonda bolsa gerek. Sebäbi adam üst-başyna serenjam bermek üçin ýüz görülýän aýnanyň öňüne barşy ýaly, kinoda häsiýetlendirmeler, çeper keşpler arkaly özüne meňzeş «gahrymany» tapýar. Hut şol pursatdan başlap, tomaşaçy ol keşp arkaly durmuşa, täzeçe, üýtgeşik röwüşde seretmäge başlaýar. Gürrüňimiziň dowamyny kino sungatynyň ösüşi bilen baglasymyz gelýär. Ine, düýn hem paýtagtymyz Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylyş dabarasy bolan festiwal turuwbaşdan şowhuna beslendi. Üç gün dowam etjek bu kino baýramçylygynyň dowamynda dostlukly halklaryň birek-birege owalkydan-da has ýakynlaşmaklary bilen bilelikde, sungat ussatlarynyň didarlaşmagyna, döredijilige ýugrulan pikir alyşmalaryna şaýat bolun