Akbilek — Artygyň aty

14 Noýabr 2024
288

Bir gezek türkmen bedewleri barada söhbet açylanda, kärdeşimiz Garrybaý Aşyrow hem söhbetdeşlige goşuldy. Şonda ol kakasy Baýly aganyň bu barada köp zatlary bilýändigini aýtdy. Biz bu babatda söhbetdeş bolmak üçin baranymyzda, Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Baýly Aşyrow şeýle gürrüň berdi:

— Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan yhlasym örän uly. Ýaşlyk döwrümde Aşgabadyň Atçylyk toplumynda on ýyllap at çapdym. Häzir hojalygymda hususy atlarym bar. Atlarym uly çapyşyklara gatnaşyp, uly-uly baýraklara eýe boldy. Meniň kakam Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, ussat seýis Aşyr Garrybaýew bütin ömrüni ahalteke atlaryna bagyş etdi. Käte onuň ýetişdiren atlary bilen bagly pursatlar ýadyma düşýär.

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgäri.
Beýleki habarlar