Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Şöhratly taryhyň ýaňy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy biziň üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Milli Liderimiziň jöwher zehininden dörän täze kitap anyk maglumatlara baý bolup, onda şöhratly taryhymyzyň ýaňy bar, halkymyzyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary, medeniýeti, gadymy ýadygärlikleri barada giňden söhbet edilýär. Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlara baýdygy kitabyň many-mazmunyny, täsirliligini has-da artdyrýar.

Maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygynyň we adamzat ösüşiniň esasy kepilidir» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan maslahaty welaýat häkimligi hem-de Bilim ministrligi bilelikde gurady. Maslahata gatnaşyjy öňdebaryjy bilim işgärleri we beýleki myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanynda ýerleşýän nurana ýadygärligine gül desselerini goýup, ussat mugallymy hatyraladylar. Mekdep muzeýine aýlanyp, ondaky gymmatlyklardyr maglumatlar bilen tanyşmak hem ýakymly duýgulary döretdi.

Sylagyňyz gutly bolsun!

Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan ildeşlerimize sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler ýubileý medaly bilen sylaglananlary durmuşyndaky şatlykly waka mynasybetli gyzgyn gutlap, olara ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler. Çykyşlarda täze taryhy döwrümizde berkarar Watanymyzyň beýik ösüşlerine saldamly goşant goşmaga, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga döredýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Şa serpaýynyň eýesi

Nyýazdurdy GULLYNOW,Gökdepe etrabynyň Türkmenistan obasynyň ýaşaýjysy: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ýylynyň taryhy pursatlaryna guwanyp, buýsanyp ýaşaýan günlerimizde meniň durmuşymda hem ýatdan çykmajak waka boldy. Hormatly Prezidentimiz meni Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady. Bu belent sylag maşgala agzalarymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.

Aklyk

Her pasyl öz gözelligi bilen gözüňi egleýär. Geriş-geriş daglaryň başyna ak donuny serpaý ýapan gyş hem öz gözelligini güjeňläp bilipdir. Aýna ýaly ýollary ak gary bilen bezeýän gyşda penjiräni açan badyňa içerik köwsarlap girýän arassa howa sähel salymyň içinde şähdiňi açýar. Ýola çyksaň egnine possundyr başyna akja pamygy ýatladyp duran başgaby geýen oglanjyklardyr gyzjagazlar haýdaşyp mekdebe tarap barýandyrlar. Gyşda hatda guşlaryň hem çalasyn hereket edýändigi tötänlik däl. Sowuk howada çalasyn hem çakgan bolmasaň üşejegiň ikuçsuz. Bu günler rahat dem alyp ýatan, täze hasyla güýç toplaýan ene topragyň teşnelikden nähili ganyp, zyýanly mör-möjeklerden mazaly dynýandygyny duýmak has-da ýakymly. Gyş günleriniň säherleri sowuk bolýar. Säher şemalynyň degen ýerini kesip barmagy şeýle setirleriň serime dolmagyna sebäp boldy: Doňdursa-da gyşyň aýazy Ýeri,Sowatmasyn ykbal ýüreklermizi.Kalbymyza sowuk aralaşmasyn,Aklyga atarsyn ak daňlar bizi.

Bulary bilmek gyzykly

Hyýaly haýwanat bagy Awstraliýanyň Brisben şäherinde ilkinji «Hologram Zoo», ýagny «Hyýaly haýwanat bagy» açyldy. Bu haýwanat bagy sanly tehnologiýalaryň ösen derejesiniň netijesidir. Çünki haýwanat bagynda haýwanlara derek, sanly tehnologiýalaryň emele getirýän janly-jandarlaryň, guş-gumrulary, şeýle-de balyklaryň 3D usulynda şekillendirilen suduryny synlap bolýar. Haýwanat bagynyň ýene bir aýratynlygy, onda ýüzlerçe ýyl mundan ozal ýok bolup giden dinozawrlaryň şekillerini görüp bolýandygydyr. Dünýäde ilkinji «Hyýaly haýwanat bagynyň» taslamasy Awstraliýanyň «Axiom Holographics» şereketiniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanypdyr.

Baýramçylygyň şanly pursatlary

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli düýn paýtagtymyzda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, daşary ýurtly hünärmenlere döwlet sylaglaryny we nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Halkara Bitaraplyk güni şanly seneleriň biridir. Bu şanly senä halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşyp, baýramçylygy şatlyk-şowhun, uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenleriň birnäçesi hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen gelip, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Gazetimiziň şu sanynda bagtdan paýly ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Allaberdi PAŞŞYKOW,Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy:

Tebigat gözelliginiň waspnamasy

7-nji dekabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylaryň we olaryň mugallymlarynyň gatnaşmagynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň kalbynda ata Watanymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmak bilen bagly dabaraly çäre geçirildi. Bu ekologik çäre «Döredeliň bagy-bossan, goý, güllesin Türkmenistan!» şygary bilen guraldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylaryň we olaryň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen çäräniň esasy maksady ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatyna ösüp gelýän ýaş nesliň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdan, ýaşlara çuňňur ekologik bilim bermekden we olarda ekologiýa medeniýetini ösdürmekden, ekologiýa abadançylygyny döretmekden, eziz Watanymyzyň gözel tebigatyna we mukaddes topragyna, tebigy baýlyklaryna söýgini we buýsanjy, zähmetsöýerligi terbiýelemekden ybaratdyr.

Lybasly Sütün

* Halkymyzyň asyrlarboýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri-de milli lybaslardyr. Zenanlarymyzyň keteni köýnegi, begresdir çabytlary, kürteleridir düýpli gyňaçlary, erkek kişileriň gyrmyzy donlarydyr telpekleri, akgaýma tahýalary ýerligi, biçilişi, tikilişi, bejerilişi, bezelişi bilen özge halklardan düýpli tapawutlanyp, milliligiň naýbaşy nusgalaryny emele getirýärler. * Hindi zenanlarynyň meşhur lybaslarynyň adynyň «sari» diýlip atlandyrylýandygyny, megerem, bilmeýän ýok bolsa gerek. Bu lybas haýsydyr bir ölçegde ýa-da galypda tikilmeýär. Ol 4-8 metr aralygyndaky matanyň bedene saralmagy bilen emele gelýär. Sariniň egne we kellä atylýan bölegi «uttariýa», bedeniň aşaky bölegine saralýan bölegi «antriýa», üstki bölegi bolsa «stanapatta» diýlip atlandyrylýar. Hindi zenanlary tarapyndan gündelik durmuşda hem giňden ulanylýan sarileriň toý-baýram üçin niýetlenen görnüşleri reňkleri, matasynyň we bezeginiň nepisligi bilen görenleri haýran galdyrýar.

Söhbetdeşlik geçirildi

Bitaraplyk — bagtyýarlygyň aýdymy Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyldy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy

Bitaraplyk — şöhradymyz-şanymyz Her bir güni toýdur baýramlara şanly senelere, taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda şonuň ýaly-da, biziň welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär.

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2025 Size 2025-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris.

Alkyş aýdyp Arkadagly Serdara, toý toýlaýar bu gün Bitarap Watan!

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli TDP-niň welaýat komitetiniň guramagynda  «Hoşniýetli dost ili – biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!» atly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, partiýa guramaçysy Ejebaý Akmedowa, Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri Kuwat Mämmedow, Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri Gurbannepes Täçmedow, Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, Mejlisiň deputaty Kakamämmet Nepesow, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni Selbi Hojakowa, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Çary Baýryýew dagy çykyş etdiler.

Öňdebaryjylar sylaglanyldylar

Türkmenabat şäherindäki «Aý-Gün» toý mekanynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap we şäher komitetleriniň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň öňdebaryjy agzalary, welaýatymyzyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri gatnaşdylar. Dabarada bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglary, ýürek buýsançlary diňlenildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge giň ýol açýandygy uly buýsanç bilen nygtaldy. Dabaranyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan beýik özgertmeler syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlaryny, täze başlangyçlaryny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher we etrap komitetleriniň partiýa hataryny ösdürmek, ony guramaçylyk taýdan pugtalandyrmak, ilkinji partiýa guramalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen yglan edilen «Ýylyň göreldeli wagyzçysy», «Göreldeli partiýa guramaçysy», «Öňdebaryjy partiýa komiteti» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistan

Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy

7-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýanwar-noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň durnukly we netijeli işini gazanmakda önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil tehnikalaryň we enjamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa pudagyň öňünde belent wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Geçen anna güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan işgärleriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistanyň YA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Tyllanur Ataýewa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» Dk-nyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Gülruh Mollaýewa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlar merkeziniň guýy geologiki barlaglarynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamak we interpretirlemek toparynyň başlygy Arslan Annamyradow dagy çykyş etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halky ähli döwürlerde kitaba uly hormat goýup, ony gymmatly hazyna deňäp gelipdir. Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza yzygiderli peşgeş berýän ajaýyp eserleri hem giň halk köpçüligi, ä

Rowaçlyga uzaýan röwşen ýol

Her bir günüň ösüş-özgerişlere beslenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp zamanamyzda Berkarar Watanymyzyň abraýy dünýä dolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň uly ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Halkymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine merdana pederlerimizden miras galan mukaddes topragymyzyň şanly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine söýgi-hormat bilen garamaga, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuw eden berkarar döwletiniň Ýer ýüzündäki belent mertebesine buýsanjy hökmünde garaýar. Parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, dünýä halklary bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp amala aşyrýan asylly syýasatynyň esasy gymmatlyklarydyr. Watanymyzyň sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolmagy hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik abadançylygy berkitmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýäde gyzgyn goldaw tapýar. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligini parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şun

Aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­ni taý­ýar­la­mak­da döw­re­bap şert­ler

Ýol­lar­da he­re­ket howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi il-gü­nüň aba­dan dur­mu­şy­nyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Her ýyl «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» şy­ga­ry bi­len ýö­ri­te bi­raý­ly­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň asyl­ly dä­be öw­rül­me­gi hem bu ha­ky­ka­ty tas­syk­la­ýar. Aý­na ýa­ly te­kiz we aras­sa ýol­la­ry­myz­da he­re­ke­tiň howp­suz bol­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri­niň üns­lü­li­gi­ne, jo­gap­kär­çi­li­gi­ duýuşyna, iň esa­sy­sy-da, taý­ýar­ly­gy­na bag­ly­dyr. Bi­z hem «Türk­menaw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň Aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň hu­kuk­çy­sy Pe­na ÖWE­ZOW bi­len aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň sü­rü­ji­le­ri­ni taý­ýar­la­mak we gaý­ta­dan taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da söh­bet­deş bol­duk. — Söh­be­ti­mi­zi «Türk­men­aw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň Aw­to­mo­bil mek­dep­le­ri­niň bir­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan iş­le­rin­den baş­laý­sak?!

Baýramçylyk sowgady

Düýn — 9-njy dekabrda Gyzylarbat etrabyndaky Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze, üç gatly edara binasynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara buýsançly wakalaryň biri boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni — hemişelik Bitaraplygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllygynyň şanyna geçirilen çäreler bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu binanyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň oba-şäherlerini gözel görnüşe getirmek, islendik ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň iş şertlerini dünýä derejesine çykarmak barada edýän irginsiz aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazlarynda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan buýsançly ösüşler wasp edildi.

Asudalygyň keşbi

Döredijilik bilen meşgullanýan ynsanyň döreden parahatçylyk eserleri halklary asuda durmuşa çagyrýan jarçyny ýadyňa salýar. Şeýle parahat durmuşy, abadançylygy reňkli galamlaryň we boýaglaryň sazlaşykly öwüşginlerinde şekillendirýän suratkeşleriň eserlerinde görmek bolsa has-da täsirli. Parahatçylyk eserleri barada gürrüň açylanda, ussat suratkeş, heýkeltaraş, dizaýner, şeýle-de, kubizmi (şekillerde geometrik formalary ulanmak arkaly surat çekmek) esaslandyryjylaryň biri bolan Pablo Pikassony ýatlaman geçmek mümkin däl. Pikasso dünýäde parahatçylygy, asudalygy, adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşygy pugtalandyrjak sungat eserleriň awtorydyr. Ol 1881-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doglup, 1973-nji ýylda Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykýar. Ussat suratkeş dünýäde gaýtalanmajak sungat eserleriniň onlarçasyny döredipdir. «Gernika», «Aglaýan zenan», «Düýş», «Aýnaň garşysyndaky gyz» ýaly surat eserleri olaryň käbirleridir.