Milli goşun — mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, ony mundan beýläk hem has-da kämilleşdirmek, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, häzirki döwrüň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap goranyş ulgamyny kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaragly Güýçlerimizde häzirki zaman harby tehnikalaryna we ýaraglaryna erk edýän harby gullukçylaryň taýýarlanylyşyny yzygiderli ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ähli amatlyklar bilen üpjün etmek, ýokary düzgün-tertibi saklamak, Watan goragçylaryna harby-watançylyk terbiýesiniň çuňňur many-mazmunda berilmegini gazanmak esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndaky: «Watany goramak borjy Watanyň gadyr-gymmatyna çensiz uly sarpa goýýan il-halkymyzyň emer-damarynda ýaşaýar» diýlip beýan edilen çuňňur manyly sözler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň harby hünäriň inçe syrlaryny ürç edip öwrenmekleri, şeýle-de Watan goragçylarynyň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly bildirýän talaplary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginde hem netijeli durmuşa