Şol günden soň, serhetçi esgeriň göwni bir ýerde karar tapmady. Aýsähra hat ýazmak üçin sözleriň süýjüden-süýjüsini, täsirliden-täsirlisini agtaryp başlady.
Çagalyk ýyllary adam ömrüniň iň gyzykly we ýatdagalyjy ýatlamalaryndan, wakalaryndan doly döwri bolýar. Meniň size gürrüň berjek wakam hem, çagalyk ýyllarynda bile önüp-ösüp, bileje oýnap ulalan deň-duş oglan bilen gyz hakynda.