Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Real Madrid» — FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi

Ka­ta­ryň Lu­sa­il şä­he­rin­dä­ki «Lu­sa­il» sta­dio­nyn­da FI­FA In­ter­kon­ti­nen­tal Ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da Is­pa­ni­ýa­nyň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry bi­len Mek­si­ka­nyň «Pa­çu­ka» to­pa­ry du­şuş­dy. 67 müň 249 jan­kö­ýe­riň to­ma­şa eden oý­nun­da we­ne­sue­la­ly emin He­sus Wa­len­zue­la jür­le­wük çal­dy. UEFA-nyň we­ki­li­niň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oýun­da «Re­al» 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Oý­nuň 37-nji mi­nut­ynda Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň pa­syn­dan soň Ki­li­an Mbap­pe ha­sa­by aç­dy. Du­şu­şy­gyň 53-nji mi­nu­tyn­da Mbap­pe­niň asist et­me­gin­de Rod­ri­go owa­dan gol ge­çi­rip, ha­sa­by 2-ä çy­kar­dy. Oý­nuň 84-nji mi­nu­tyn­da emi­niň pe­nal­ti­si­ni dürs uran Wi­ni­si­us Ju­ni­or du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» bu ku­bo­gy­ny 1960-njy, 1998-nji hem-de 2002-nji ýyl­lar­dan soň 4-nji gezek almagy başar­dy. «Re­al» bu ugur­da «Mi­lan­dyr» «Bo­ko Hu­niors» hem-de «Pen­ýa­rol» to­par­la­ryn­dan öňe saý­la­nyp, 1-nji or­na geç­di. Du­şu­şyk­dan soň Wi­ni­si­us ýa­ry­şyň «Al­tyn top», Fe­de­ri­ko Wal­wer­de «Kü­müş top» hem-de «Pa­çu­ka» to­pa­ry­nyň oýun­çy­sy Elias Mon­ti­el «Bü­rünç top» baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di.

Tä­ze film

Ady: «Mu­fa­sa: Şa ýol­bars» (Mu­fa­sa: The Li­on King); Re­žiss­ýo­ry: Ber­ri Jen­kins; Keşp­ler­de (ses be­ren­ler): Aa­ron Pi­er, Kel­win Har­ri­son Ju­ni­or, Set Ro­jen, Bil­li Aýh­ner, Tif­fa­ni Bun, Do­nald Glo­wer, Mads Mik­kel­sen, Tan­diw Nýu­ton, Len­ni Jeýms, Ani­ka No­ni Ro­uz, Blu Aý­wi Kar­ter, Be­ýons Now­les-Kar­ter; Sse­na­ri­çi: Jeff Ne­ten­son; Prod­ýu­se­ri: Adel Ro­mans­ki, Mark Çer­ýak; Kom­po­zi­to­ry: Deýw Mets­jer; Ön­dü­ri­ji: «Walt Dis­ney Pictu­res»; Paý­laý­jy: «Walt Dis­ney Stu­di­os Mo­ti­on Pictu­res»; Do­wam­ly­ly­gy: 118 mi­nut; Gör­nü­şi: epi­ki baş­dan ge­çir­me, mýu­zi­kal, uruş­ly; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 200 mil­li­on $ «Dis­ney» stu­di­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan bu ani­ma­si­ýa ga­ty­şyk­ly film «Mu­fa­sa: Şa ýol­bars» (Mu­fa­sa: The Li­on King) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Stu­di­ýa­nyň ozal­ky ani­ma­si­ýa­la­ry­ny jan­ly fil­me öwür­ýän tas­la­ma­la­ry­nyň çä­gin­de ek­ran­laş­dy­ry­lan bu fil­me «Aýyň ýag­ty­sy» (Mo­on­light) ki­no­sy bi­len ady­gan Ber­ri Jen­kins re­žiss­ýor­lyk et­di. Sse­na­ri­si Jeff Ne­ten­son ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan ek­ran ese­rin­dä­ki gah­ry­man­la­ra Aa­ron Pi­er, Kel­win Har­ri­son Ju­ni­or, Set Ro­jen, Bil­li Aýh­ner, Tif­fa­ni Bun, Do­nald Glo­wer, Mads Mik­kelsen, meş­hur aý­dym­çy Be­ýons Now­les we gy­zy Blu Aý­wi da­gy ses ber­mä­ge gat­naş­dy­lar. 200 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­len

Ýewropada ýylyň filmi saýlandy

Ýewropa kino akademiýasynyň baýraklary bolan Ýewropa film baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi. 37-nji Ýewropa film baýraklarynda iň gowy film diýlip, fransiýaly režissýor Žak Odiaryň «Emiliýa Peres» atly kinosy saýlandy. Bu ekran eseri Pedro Almodowaryň, Mohammad Rasulofyň, Korali Faržanyň hem-de Maura Delperonyň soňky surata düşüren kinolaryny yzda galdyrdy. Filmi surata düşüren Žak Odiar iň gowy režissýor, iň gowy ssenariçi baýraklaryna-da laýyk görüldi. Filmde surata düşen artistlerden Karla Sofiýa Gaskon iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Şweýsariýanyň Lýusern şäherinde geçirilen dabarada filmi kebşirlän Žuliett Welfling iň gowy montaž baýragy bilen sylaglandy. Iň gowy aktýor baýragyna-da «Süleýmanyň hekaýasy» (L’Histoire de Souleymane) filminde baş keşbi janlandyran Abu Sangar mynasyp boldy. «Başga ýer ýok» atly (No Other Land) ekran eseri iň gowy dokumental film diýlip saýlandy. Latwiýaly Gints Zilbalodisiň surata düşüren «Akym» (Straume) atly multfilmi iň gowy animasiýa diýlip ykrar edildi.

82-nji «Altyn globus» baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

Ki­no sun­ga­ty­nyň ab­raý­ly sy­lag­la­ryn­dan ha­sap­lan­ýan «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Os­ka­ryň buş­luk­çy­sy ha­sap­lan­ýan «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ry «Hol­ly­wo­od»-da­ky da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler bi­le­le­şi­gi­niň gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da gow­şu­ryl­ýar. 82-nji «Al­tyn glo­bus» baý­rak­la­ryn­da «Emi­li­ýa Pe­res» fil­mi 10 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zil­di. «Netf­lix»-iň önü­mi bo­lan bu film­den soň «A24» stu­di­ýa­sy­nyň «Bru­ta­list» fil­mi 7, şeý­le-de «Konk­law» ki­no­sy-da 6 ugur­dan da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Iň go­wy dra­ma fil­mi baý­ra­gy­na «Bru­ta­list», «Bü­tin­leý nä­bel­li», «Konk­law», «Dýu­na: ikin­ji bö­lüm», «Ni­kel­li og­lan­lar», «5-nji sent­ýabr», iň go­wy ko­me­di­ýa ýa-da mýu­zi­kal fil­mi baý­ra­gy­na-da «Ano­ra», «Bäs­deş­ler», «Emi­li­ýa Pe­res», «Ha­ky­ky je­pa», «Subs­tan­si­ýa», «Hyr­syz: Gün­ba­ta­ryň ja­dy­gö­ýi ha­kyn­da er­te­ki» filmleri da­laş­gär gör­ke­zil­di.

Sanki çek­ýän it­ler so­wuk­da üşe­me­ýär­mi?

Adam­zat ýa­şaý­şyn­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri it­le­riň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­ny­lyp ge­lin­ýär. Itiň kä­bir gör­nü­şi ýi­ten za­dy tap­mak­da, go­rag mak­sa­dyn­da sak­lan­ýan bol­sa, kä­bi­ri ýük da­şa­mak­da, ha­las ediş iş­le­rin­de adam­la­ra ýa­kyn­dan kö­mek ed­ýär. Aşa so­wuk ho­wa­ly se­bit­ler­de sanki (sani) çe­kip bar­ýan it­ler ba­ra­da­ky mult­film­le­ri ýa-da film­le­ri gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. It­li sanki bu­zuň ýa-da ga­ryň üs­tün­de do­lan­dy­ry­jy­nyň buý­ru­gy esa­syn­da it­le­riň tir­ke­gi çek­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Dün­ýä­niň de­mir­ga­zyk se­bi­ti­niň ýa­şaý­jy­la­ry güýz we gyş aý­la­ryn­da tir­keg­li it­le­ri ulan­ýar­lar. Eý­sem, it­le­riň is­len­dik gör­nü­şi sanki çe­kip bil­ýär­mi, olar so­wuk­da üşe­me­ýär­mi?! Ge­liň, tir­keg çek­ýän it­ler ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry öw­re­ne­liň! Sa­gat­da 32-40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len sanki çe­kip bil­ýän bu it­leriň dy­kyz we ga­lyň sü­tü­gi ola­ry so­wuk­dan go­ra­ýar. Itiň äh­li gör­nü­şi so­wu­ga çy­dam­ly däl. Tir­keg çek­ýän it­ler ýö­ri­te saý­la­nyp alyn­ýar we de­mir­ga­zyk­da ide­dil­ýär. Has­ki, ma­la­mut, gren­land iti we inuit ýa­ly to­hum it­ler so­wuk ho­wa­da ýa­şa­ýar­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, tir­keg çek­ýän to­hum it­ler müň­ler­çe ýyl ozal de­mir­ga­zyk­ly ýer­li ýa­şaý­jy­lar ta­ra­pyn­dan se­çi­lip al­nyp­dyr.

Marş­mel­low – çy­by­ga il­di­ri­len süý­jü­jik

Dün­ýä­de her ýyl 80 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi kon­di­ter önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Me­ge­rem, kem­put­dyr kö­kä­ni ha­la­ma­ýa­ny­ňyz ýok bol­sa ge­rek. Süý­ji önüm­ler, esa­san, şe­ker­çiň­rik­dir ka­kao aga­jy­nyň mi­we­sin­den ön­dü­ril­ýär. Süý­ji iý­mi­tiň ösüm­lik­den alyn­ýan­dy­gy­na ynan­mak kyn. Şeý­le-­de bol­sa, marş­mel­low hem bat­ga­lyk­da ös­ýän «alt­haea of­ficina­lis» gü­lü­niň şi­re­sin­den alyn­ýar. Mult­film­ler­de we ki­no­film­ler­de uzyn çö­püň uju­na mar­me­la­da meň­zeş süý­ji­ni il­di­rip, oda tu­tup otu­ran ça­ga­la­ry gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Dün­ýä­niň köp ýur­dun­da ça­ga­lyk ýyl­la­ry­nyň iň go­wy süý­jü­si hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan marş­mel­low bi­ziň «ho­raz süý­ji­miz» ýa­ly meş­hur­dyr. Eý­sem, çy­by­ga il­di­ri­lip iýil­ýän bu süý­ji nä­hi­li taýýarlanýar? «Alt­haea of­ficina­lis» Ýew­ro­pa­nyň we Af­ri­ka­nyň bat­ga­lyk­la­ryn­da ös­ýän köp­ýyl­lyk ösüm­lik­dir. Bu ösüm­li­giň kö­ki we bal­da­gyn­da­ky şi­re­si aş­pez­çi­lik sun­ga­tyn­da hem-de mel­hem taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ga­dy­my ýaz­gy­lar­da bu ösüm­li­giň sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ta­ry­hyň bel­li bir döw­rün­de «alt­haea of­ficina­lis» ösüm­li­gi iý­mit çeş­me­si hök­mün­de hem peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu ösüm­li­giň gü­lün­den al­nan şi­re şe­ker bi­len ga­ry­lan­da ýa­kym­ly süý­jü­lik – marş­mel­low eme­le gel­ýär. Aşa süý­ji bol­ma­d

Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?!

Köp ýurt­da de­kabr aýy­nyň gel­me­gi bi­len se­ýil­gäh­ler­de, dynç alyş mer­kez­le­rin­de we kö­çe­le­riň ug­run­da Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry peý­da bol­ýar. Il­ki­baş­da al­ma bi­len be­ze­len ar­ça­lar soň­lu­gy bi­len oý­na­waç dü­kan­la­ry­nyň hö­dür­le­me­si esa­syn­da ýal­pyl­da­wuk şar­ja­gaz­lar, oý­na­waç­lar hem-de ýa­nyp-öç­ýän çy­ra­jyk­lar bi­len be­ze­lip baş­lan­ýar. Eý­sem, ar­ça be­ze­mek dä­bi ni­re­den göz­baş al­ýar? Ga­dy­my dö­wür­ler­de adam­lar te­bi­gy dur­muş­da ýa­şap, agaç­la­ryň mi­we­si­ni iýip­dir­ler, çy­byk­la­ryn­dan çat­ma, bu­kal­ga­lar gu­rup­dyr­lar, ýyr­ty­jy jan­dar­lar­dan go­ran­mak üçin uly agaç­la­ryň kö­we­gin­de giz­le­nip­dir­ler. Umu­man, te­bi­gat­da ada­ma iň ýa­kyn zat agaç bo­lup­dyr. Il­ki­dur­muş adam­la­ry agaç­lar­da bir güý­jüň, gud­ra­tyň bar­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Yl­myň we me­de­ni­ýe­tiň or­naş­ma­gy bi­len adam­lar te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra has aý­dyň göz ýe­ti­rip baş­lap­dyr­lar. Ýy­lyň iň uzyn gi­je­sin­de gün­di­ziň gi­je­den üs­tün çy­kyp, ýe­ne-de ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi üçin di­leg edip­dir­ler. Bu ha­dy­sa 21-nji de­kabr­da bo­lup ge­çip, er­te­den gün­ler uza­lyp baş­la­nyp­dyr. Olar mu­ňa Gün ýe­ňiş ga­zan­dy di­ýip dü­şü­nip­dir­ler hem-de mu­ny bel­le­mek üçin agaç be­zäp, aşa­gyn­da her dür­li iý­mit­dir azyk önüm­le­ri­ni go­ýup­dyr­lar. Ta­ryh­çy­lar bu ynan­jyň il­ki­baş­da Me­so­po­ta­mi­ýa­da ýü­z

Sow­gat ber­me­giň äh­mi­ýe­ti

Bag­la­ryň goý­nun­da­ky agaç­lar we hoş­boý ys­ly gül­ler bi­len owa­dan gör­nü­şi ýa­ly, adam­lar hem sa­hy­ly­gy we hoş­ni­ýet­li­li­gi bi­len owa­dan gö­rün­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňa ýa-da kim­dir bi­ri­ne sow­gat be­re­niň­de hem özüň, hem-de sow­gat alan adam be­gen­ýär. Uly ýa-da ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, is­len­dik sow­gat adam­da hoş­ni­ýet­li duý­gu­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Köp­lenç dog­lan gün­ler­de we baý­ram­çy­lyk­lar­da bi­rek-bi­re­ge sow­gat be­ril­ýär. Eý­sem, sow­gat ber­me­giň äh­mi­ýe­ti nä­me? Pi­kir­le­ri baý­laş­dyr­ýar. Sow­gat ber­mek dö­re­di­ji­li­gi, es­te­ti­ki ma­ny­ny baý­laş­dyr­ýar we ös­dür­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek sow­gat­la­ry­ňy­zy ka­gy­za ýa­zyň. Şon­da ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek zat­la­ry­ňy­zyň pi­kir edi­şi­ňiz­den has köp­dü­gi­ni gö­rer­si­ňiz.

Sag­lyk üçin peý­da­ly çor­ba­la­r

Gyş pas­lyn­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len so­wuk­la­ma we dü­mew ala­mat­la­ry kö­pel­ýär. Be­de­niň dü­me­we gar­şy gö­reş­me­gi bi­len gow­şak­lyk ala­mat­la­ry ýü­ze çyk­ýar. Dü­mew ala­mat­la­ry­ny ýe­ňip geç­mek üçin na­har sa­na­wy­na çor­ba­nyň kä­bir gör­nüş­le­ri­ni goş­ma­ly. Hep­de­de 2-3 ge­zek çor­ba iç­mek be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýç­len­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr. Ge­liň, wi­ta­min­le­re baý çor­ba­nyň gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň! To­wuk çor­ba­sy. So­wuk­la­ma ýa-da dü­mew ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da be­den üçin iň peý­da­ly iý­mit to­wuk çor­ba­sy ha­sap­lan­ýar. To­wuk çor­ba­sy im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, suw­suz­ly­gy gan­dyr­ma­ga, wi­ta­min ýet­mez­çi­li­gi­niň öwe­zi­ni do­l­ma­ga ýar­dam ed­ýär. To­wuk çor­ba­sy­na kä­şir go­şu­lyp, li­mon sy­ky­lyp içil­se, has-da peý­da­ly bol­ýar.

Tä­ze ýyl sy­ýa­ha­ty

Köp­ler Tä­ze ýy­ly öý­de ge­çir­ýän bol­sa­lar, kä­bir adam­ bu baý­ram­çy­ly­gy owa­dan şä­her­le­re gi­dip, Baş ar­ça­nyň ýa­nyn­da ýa-da owa­dan ke­nar­da ýyl­dyz­la­ryň aşa­gyn­da gar­şy al­ýar­. Tä­ze ýyl ag­şa­my di­ňe bir tä­ze ýy­lyň baş­lan­gy­jy bol­man, eý­sem, tä­ze umyt­la­ryň we ar­zuw­la­ryň hem baş­lan­gy­jy­dyr. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­ny da­ba­ra­ly ge­çir­ýän şä­her­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik. Nýu-Ýork. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň iň meş­hur ge­çi­ril­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Nýu-Ýork her ýyl mil­li­on­lar­ça myh­ma­ny gar­şy al­ýar. 1907-nji ýyl­dan bä­ri Taýms meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýän «top itek­le­mek» çä­re­si Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň iň gy­zyk­ly da­ba­ra­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Ýy­lyň iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri

Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça dü­zü­len ýyl­lyk sa­naw­da 2024-nji ýy­lyň iň go­wy şä­he­ri saý­lan­dy. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy 20 şä­he­rin­den yba­rat sa­naw Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Eu­ro­mo­ni­tor In­ter­na­tio­nal» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­dy. Sa­naw yk­dy­sa­dy we işe­wür­lik ne­ti­je­li­li­gi, sy­ýa­hat­çy­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ösü­şi, sag­lyk we howp­suz­lyk de­re­je­le­ri, şeý­le-de da­şar­ky we­him­le­re dur­nuk­ly­lyk ýa­ly bir­nä­çe gör­ke­zi­ji­le­riň sel­jer­me­si­ne esas­lan­ýar. Şä­her­le­riň daş­ky gur­şaw sy­ýa­sa­ty hem na­za­ra alyn­dy. Pa­riž ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da meş­hur­ly­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek su­but et­di. Sa­naw­da ikin­ji or­ny Mad­rid, üçün­ji or­ny To­kio eýe­le­ýär. Öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bäş­li­gi­ne Rim we Mi­lan hem gir­di. Sa­na­wa gi­ri­zi­len­le­riň ara­syn­da Nýu-Ýork, Ams­ter­dam, Sid­neý, Sin­ga­pur, Bar­se­lo­na, Taý­beý, Se­ul, Lon­don, Du­baý, Ber­lin, Osa­ka, Bang­kok, Los-An­je­les, Stam­bul we Mel­burn hem bar. Bu sa­naw ja­han­keş­de­le­re sy­ýa­hat et­mek üçin ugur­la­ry saý­la­ma­ga ýar­dam ber­mek, şeý­le hem sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça dur­nuk­ly ösü­şiň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­mek mak­sa­dy bi­len dü­zül­ýär.

Iş­çi güý­jü­ni ro­bot­lar eýe­le­ýär

Hal­ka­ra ro­bot teh­ni­ka­lar fe­de­ra­si­ýa­sy (IFR) soň­ky ýe­di ýyl­da dün­ýä­niň za­wod­la­ryn­da ro­bot­la­ryň ula­ny­ly­şy­nyň iki es­se ar­tan­dy­gy ba­ra­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň esa­syn­da ha­sa­bat çap et­di. Önüm­çi­lik­de ro­bot­la­ryň iň köp ula­nyl­ýan ýe­ri bo­lan ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­rin­ji orun­da dur­ýar, Hy­taý bol­sa, 2023-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa­dan we Ýa­po­ni­ýa­dan öňe geç­di. Ha­sa­bat­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­gat ro­bot­la­ry­nyň iň köp ula­ny­jy­sy­dy­gy bel­le­ni­lip, (10 müň iş­çiň ýerine 1012 ro­bot) bu gör­ke­zi­ji 2018-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl 5 gö­te­rim ýo­kar­lan­ýar. On­dan soň Sin­ga­pur ge­lip, ol ýer­de 10 müň iş­çiniň ýerine 770 ro­bot iş­le­ýär. Il­kin­ji üç­lü­ge Hy­taý bi­ri­gip, ol ýer­de 10 müň iş­çiň ýerine 470 ro­bot iş­le­ýär. IFR-iň baş­ly­gy Ta­ka­ýu­ki Ito­nyň pi­ki­ri­çe, ro­bot­la­ryň köp­lü­gi glo­bal önüm­çi­lik­de aw­to­mat­laş­dyr­ma­gyň de­re­je­si­ni gör­kez­ýär.

Fran­si­ýa­nyň tä­ze Hökümet Başlygy

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron go­laý­da Fran­sua Baý­runy ýur­duň tä­ze hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Bu ba­ra­da Ýe­li­seý köş­gü­niň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär. 73 ýaş­ly Baý­ru Pre­zi­den­tiň «Bi­le­lik­de» sy­ýa­sy koa­li­si­ýa­sy­na gir­ýän li­be­ral «De­mok­ra­tik he­re­ket» (Mo­Dem) par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­dyr. Baý­ru fran­suz sy­ýa­sa­ty­nyň we­te­ra­ny. Ol 1993-1997-nji ýyl­lar­da Fran­si­ýa­nyň bi­lim mi­nist­ri bol­dy. 2017-nji ýyl­da Ada­lat mi­nistr­li­gi­ne az wagt­lyk ýol­baş­çy­lyk et­di. Şeý­le hem ol 2002-nji, 2007-nji we 2012-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­len­di.

Möh­le­tin­den öň saý­law­lar ge­çi­ri­ler

16-njy de­kabr­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Olaf Şols Bun­des­tag­da ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de ynam se­si­ni alyp bil­me­di. Şo­ňa gö­rä, 23-nji few­ral­da ýurt­da no­bat­dan da­şa­ry saý­law­la­r ge­çi­ri­ler. Par­la­ment­de ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de 207 de­pu­tat Şol­sy gol­da­dy, 394 de­pu­tat gar­şy çyk­dy, 116 de­pu­tat bol­sa, ses ber­mek­den sak­lan­dy. Şol­suň ynam se­si­ni al­ma­gy üçin 367 ses ge­rek­di. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri yg­lan edi­len­den soň, Kans­ler Şols Pre­zi­dent Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer bi­len du­şuş­dy we no­bat­dan da­şa­ry saý­law­la­ry ge­çir­mek üçin par­la­men­tiň ýa­ty­ryl­ma­gy­ny tek­lip et­di. 6-njy no­ýabr­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Olaf Şols hö­kü­met bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry­nyň – So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň (SPD), «ýa­şyl­lar» we Er­kin de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň (FDP) we­kil­le­ri bi­len bo­lan du­şu­şy­gyn­da, FDP-niň baş­ly­gy bo­lan ma­li­ýe mi­nist­ri Kris­ti­an Lind­ne­ri we­zi­pe­sin­den çet­leş­dir­di. Bu mas­la­hat­dan soň, FDP par­ti­ýa­sy öz mi­nistr­le­ri­ni hö­kü­met­den yzy­na ça­gyr­dy we «ýolyşyk koa­li­si­ýa­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan hö­kü­met ýa­ty­ryl­dy.

Ne­bit mi­nist­ri OPEK-iň baş­ly­gy bol­dy

Eý­ra­nyň ne­bit mi­nist­ri Moh­sen Pak­ne­žad 2025-nji ýyl­da OPEK-iň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da Eý­ra­nyň res­mi ha­bar­lar gul­lu­gy IR­NA ha­bar ber­di. OPEK web sa­hy­pa­syn­da­ky met­bu­gat üçin be­ýa­na­tyn­da gel­jek ýyl üçin baş­lyk saý­la­nan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy we Ga­bo­nyň ne­bit mi­nist­ri Mar­sel Abe­ke 2024-nji ýyl­da gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy hök­mün­de ýol­baş­çy­lyk eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. «Moh­sen Pak­ne­žad gu­ra­ma­nyň yzy­gi­der­li­li­gi­ni, ag­zy­bir­li­gi­ni we ösü­şi­ni go­ra­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­jak­dy­gy­ny aýt­dy» diýlip beýanatda bellenilýär.

Gru­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bol­dy

Gru­zi­ýa­nyň par­la­men­ti öň­ki fut­bol­çy we par­la­men­tiň ozal­ky we­ki­li Mi­ha­il Ka­we­laş­wi­li­ni döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. «Gru­zin ar­zu­wy – De­mok­ra­tik Gru­zi­ýa» do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen da­laş­gär ýur­duň il­kin­ji gö­ni däl Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ýe­ke-täk da­laş­gär bol­dy. Ka­we­laş­wi­li par­la­men­tiň 300 we­ki­lin­den 224 ses al­dy. Pre­zi­dent bol­mak üçin, azyn­dan 200 ses ze­rur­dy. Şeý­le­lik­de, 14-nji de­kabr­da Gru­zi­ýa­da il­kin­ji ge­zek Pre­zi­dent 300 adam­dan yba­rat Saý­law kol­le­gi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan saý­lan­dy. Bu kol­le­gi­ýa bir pa­la­ta­ly par­la­men­tiň 150 we­ki­li­ni, Ab­ha­zi­ýa aw­to­nom Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ry­nyň 20 we­ki­li­ni, Aja­ri­ýa­dan 21 we­ki­li we ýer­li öz-özü­ni do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň 109 ag­za­sy­ny öz içi­ne al­ýar.

Şweý­sa­ri­ýa­nyň tä­ze Pre­zi­den­ti

Öň ma­li­ýe mi­nist­ri we ýur­duň wi­se-pre­zi­den­ti bo­lup iş­län şweý­sa­ri­ýa­ly sy­ýa­sat­çy Ka­rin Kel­ler-Zut­ter 2025-nji ýyl­da döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Fe­de­ral ýyg­na­gy (par­la­ment) özü­niň jem­gy­ýet­çi­lik ul­ga­myn­da­ky res­mi sa­hy­pa­syn­da ha­bar ber­di. 203-den 168 ses alan Kel­ler-Zut­ter 2025-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Wi­se-pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne saý­la­nan Gi Par­me­len ozal Şweý­sa­ri­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri bo­lup iş­le­di. Şweý­sa­ri­ýa – fe­de­ral par­la­ment Res­pub­li­ka­sy­dyr. Pre­zi­dent par­la­ment ta­ra­pyn­dan Fe­de­ral Ge­ňe­şiň (Hö­kü­met) ag­za­la­ry­nyň ara­syn­dan bir ýyl möh­let bi­len gaý­ta­dan saý­lan­mak hu­ku­gy bol­maz­dan saý­lan­ýar. 2024-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan 31-nji de­kab­ry­na çen­li bu we­zi­pä­ni Wio­la Am­herd eýe­le­ýär.

Dünýä täzelikleri

Gym­ma­da sa­ty­lan kar­ti­na. Ame­ri­ka­ly su­rat­keş Ro­bert Raý­ma­nyň 1970-nji ýyl­da «çe­ken» ak su­ra­ty Ber­lin­de ge­çi­ri­len Ket­te­rer Kunst auk­sio­nyn­da 1,4 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Aly­jy­nyň ady äş­gär edil­me­ýär. «Ge­ne­ral 52x52» at­ly bu su­rat, hakykat­da, hiç hi­li su­rat­syz çar­çu­wa­ly ken­dir­dir. Seý­rek ar­te­fakt tapyl­dy. Ni­der­land­lar­dan bir hö­wes­jeň Wit­mar­sum şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky ekin meý­danyn­da wi­king­le­riň döw­rü­ne de­giş­li seý­rek duş ge­l­ýän ta­pyn­dy­ny ýüze çykardy. Ol ta­pyn­dy ýa­ba­ny ýe­ke­ga­pa­nyň şe­ki­li bi­len be­ze­len X asy­ra de­giş­li gy­lyjyň sapydyr.

Tramp öz ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­ny dö­red­ýär

ABŞ-nyň täze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp, mö­hüm we­zi­pe­le­re se­kiz mil­li­ar­de­ri işe alyp, ta­ryh­da­ky iň baý Pre­zi­dent ad­mi­nist­ra­si­ýa­la­ry­nyň bi­ri­ni dö­red­ýär. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň «News­we­ek» žur­na­ly ha­bar ber­ýär. Şeý­le­lik bi­len, baý­ly­gy 336 mil­liard dol­lar diý­lip çak edil­ýän Ilon Mask we paý­na­ma­la­ry, tak­my­nan 1,1 mil­liard dol­lar bo­lan Wi­wek Ra­mas­wa­my hö­kü­me­tiň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we býu­rok­ra­ti­ýa gar­şy gö­reş bo­ýun­ça dö­re­dil­jek tä­ze mi­nistr­li­ge ýol­baş­çy we­zi­pe­le­re tek­lip edil­di. Tram­pyň döw­rün­de ha­sa­byn­da­ky 3,4 mil­liard dol­la­ry bi­len «Ste­fens Inc» ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Wor­ren Stiwens ABŞ-nyň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­ner. Tramp 2,9 mil­liard dol­lar­lyk de­we­lo­per kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­si Çarlz Kuş­ne­ri Ame­ri­ka­nyň Fran­si­ýa­da­ky il­çi­si we­zi­pe­si­ne tek­lip et­di.

BILIM – BAGTYŇ WE ROWAÇLYGYŇ AÇARY

Biz aja­ýyp dö­wür­de ýa­şa­ýa­rys. Ýaş­la­ry­my­zyň sag­dyn ös­me­gi, oka­ma­gy, bag­ty­ýar dur­muş­da bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy, ili­mi­ze, ýur­du­my­za peý­da­ly, ök­de hü­när­men­ler, ýo­ka­ry ah­lak­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­megi üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ta­ryh üçin uly bol­ma­dyk wagt­da − mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­myz­da bu ul­gam­da en­çe­me me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Ola­ryň äh­li­sin­de baş mak­sat − dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny dur­mu­şy­my­za or­naş­dyr­mak we on­dan do­ly de­re­je­de baş çy­ka­ryp bil­ýän ýaş hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mek bo­lup dur­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ba­ra­da «Bi­ziň esa­sy we­zi­pä­miz hal­kyň ta­ry­hy­ny bil­ýän, hä­zir­ki döw­rüň ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri­ne buý­san­ýan we Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ryň ne­sil­le­ri­ni ös­dür­mek­den yba­rat» di­ýip, örän ýer­lik­li bel­läp geç­ýär. Döw­le­ti­miz­de hal­ky­my­zyň, aý­ra­tyn-­da, ýaş nes­li­mi­ziň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li üns be­ril­ýän ugurlar bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wa