Marş­mel­low – çy­by­ga il­di­ri­len süý­jü­jik

20 Dekabr 2024
47

Dün­ýä­de her ýyl 80 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi kon­di­ter önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Me­ge­rem, kem­put­dyr kö­kä­ni ha­la­ma­ýa­ny­ňyz ýok bol­sa ge­rek. Süý­ji önüm­ler, esa­san, şe­ker­çiň­rik­dir ka­kao aga­jy­nyň mi­we­sin­den ön­dü­ril­ýär. Süý­ji iý­mi­tiň ösüm­lik­den alyn­ýan­dy­gy­na ynan­mak kyn. Şeý­le-­de bol­sa, marş­mel­low hem bat­ga­lyk­da ös­ýän «alt­haea of­ficina­lis» gü­lü­niň şi­re­sin­den alyn­ýar. Mult­film­ler­de we ki­no­film­ler­de uzyn çö­püň uju­na mar­me­la­da meň­zeş süý­ji­ni il­di­rip, oda tu­tup otu­ran ça­ga­la­ry gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Dün­ýä­niň köp ýur­dun­da ça­ga­lyk ýyl­la­ry­nyň iň go­wy süý­jü­si hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan marş­mel­low bi­ziň «ho­raz süý­ji­miz» ýa­ly meş­hur­dyr. Eý­sem, çy­by­ga il­di­ri­lip iýil­ýän bu süý­ji nä­hi­li taýýarlanýar?

«Alt­haea of­ficina­lis» Ýew­ro­pa­nyň we Af­ri­ka­nyň bat­ga­lyk­la­ryn­da ös­ýän köp­ýyl­lyk ösüm­lik­dir. Bu ösüm­li­giň kö­ki we bal­da­gyn­da­ky şi­re­si aş­pez­çi­lik sun­ga­tyn­da hem-de mel­hem taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ga­dy­my ýaz­gy­lar­da bu ösüm­li­giň sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ta­ry­hyň bel­li bir döw­rün­de «alt­haea of­ficina­lis» ösüm­li­gi iý­mit çeş­me­si hök­mün­de hem peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu ösüm­li­giň gü­lün­den al­nan şi­re şe­ker bi­len ga­ry­lan­da ýa­kym­ly süý­jü­lik – marş­mel­low eme­le gel­ýär. Aşa süý­ji bol­ma­dyk marş­mel­low köp ýurt­da bal we hoz ga­ry­lyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Azi­ýa we Ýew­ro­pa se­bit­le­ri marş­mel­lo­wyň ata Wa­ta­ny ha­sap­lan­ýar. Bu süý­jü­lik De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka Ga­dy­my Mü­sür­den äki­di­lip­dir.

Beýleki habarlar