Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

TÄJIGISTAN 30 GÖTERIM ÝOKARLANDY

2024-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygy 4,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30 göterim ýokarydyr. Hususan-da, ýurduň eksporty 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak, importy bolsa 3,4 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Hasabat döwründe Täjigistan dünýäniň 106 döwleti bilen söwda amallaryny amala aşyrypdyr. Ýurduň esasy daşary söwda hyzmatdaşlary bolsa Russiýa Federasiýasy, Hytaý, Gazagystan hem-de Şweýsariýa bolupdyr.

KOFE BAHASY SOŇKY 15 ÝYLLYKDA 4300 amerikan dollaryna ýetdi

Häzirki wagtda dünýä bazarynda kofäniň bahasy çalt depginde gymmatlamagyny dowam etdirýär. Bahalar eýýäm soňky 15 ýyllykdaky rekordy täzeledi. Dowamly gymmatlamadan soňra kofäniň bahasy her tonna üçin ortaça 4 müň 300 amerikan dollaryna ýetdi. Bu bolsa soňky 15 ýyllykdaky rekord görkezijidir. Hususan-da, iň gymmat görnüşleriň biri bolan «Arabicanyň» dünýä bazaryndaky bahasy 2024-nji ýylyň dowamynda 30 göterim ýokarlandy. Iň arzan görnüşleriň biri bolan «Robusta» bolsa geçen ýyldakydan 65 göterim gymmatlady.

«DUTY FREE» dükanynda 7,5 million amerikan dollarlyk söwda

GDA girýän ýurtlaryň biriniň raýaty bolan syýahatçy Türkiýedäki howa menziliniň çägindäki «Duty Free» dükanyndan eden söwdasy bilen köpleri geň galdyrdy. Has takygy, ol syýahatçy bir gezekde dükandan 7,5 million amerikan dollarlyk söwda edipdir. Türk metbugatynyň berýän habaryna görä, gürrüňi edilýän syýahatçy howa menzilindäki «Duty Free» dükanyndan gymmatbahaly sagat we şaý-sepleri satyn alypdyr. Bu sahy müşderiniň Azerbaýjanyň raýaty bolan erkek adamdygy hem habarlarda bellenilýär. Emma müşderi barada doly maglumat beýan edilmändir.

Halk bähbitli işler

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ykdysadyýetde, senagatda, ulag ulgamynda, ylym-bilimde, medeniýetde, umuman, ähli ugurlarda gazanylýan belent üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler ildeşlerimiziň köňül buýsanjyny goşalandyrýar. Çünki bu beýik işler ösüşleriň berk binýady bolup, halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň özünde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylmagy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Senagat taýdan uly ähmiýetli bolan bu desgalar hem halkymyzyň eşretli durmuşy üçin gönükdirilendir. Ilkinji nobatda, raýatlarymyza täze iş orunlarynyň, ol ýerde zähmet çekmek üçin dünýä ülňülerine laýyklykda şertleriň döredilmegi türkmen halky üçin uly bagtdyr. Bäherden sement zawodynyň önümi ýurdumyzda gurluşyk sen

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeler gazanylýar. Şunda bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar.

Sazlaşykly ösüşler bilen röwşen geljege

Halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy wezipesidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde biz bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirdik. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ikinji ýarym ýyllyk üçin ileri tutulýan wezipeler eziz Watanymyzyň rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny doly tassyklaýar. Ykdysadyýetde alty aýlyk möhlet gazanylan netijeleri içgin seljermäge hem-de şolaryň esasynda geljekki maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berýän möhüm sepgit hasaplanýar. Şoňa görä-de, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň oňyn häsiýete eýe bolmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini görkezýär. Mejlisde habar berlişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime, jemi öndürilen önümiň ösüşi bolsa 11,5 göterime deň boldy. Bu bolsa ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigine güwä geçýär. Halk hojalygynyň aýry-aýry pudaklary boýunça

Geçginli önümler öndürilýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat pagta egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi barha ýokarlandyrylýar. Fabrikde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýokary hilli nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleriniň 2 müň 872 tonnasy öndürilip, alty aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 93 million 736 müň 950 manatlyga deň boldy. Şeýle-de geçen alty aýda fabrigiň hil taýdan ýokary bolan nah ýüplükleriniň 1 müň 452 tonnasy, pul hasabynda bolsa 46 million 161 müň 514 manatlygy eksporta ugradyldy. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu dokma kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 580-e golaýy yhlasly zähmet çekýär.

Azyk syýasaty: bolçulyk we köpugurlylyk

Durmuş-ykdysady strategiýanyň çäklerinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ösdürmäge möhüm strategik ugur hökmünde garap, öňde wajyp wezipeleriň durandygyna ünsi çekdi. Häzirki wagtda oba hojalyk pudagyna uly möçberde gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň netijesinde, bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitleri çalt depginler bilen ösdürilýär. Iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär, olar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Ekin meýdanlaryny işläp bejermek, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar.

Maldarçylyk — hemmetaraplaýyn amatly ugur

Geljekde mundan-da ileri tutuljak pudak Awçylykdan maldarçylyga, çarwaçylykdan daýhançylyga geçmek, soňy bilenem senagat arkaly şäherleşme — taryhy ösüşiň basgançaklary. Ýöne munuň özi bu ugurdyr ulgamlaryň düýpden ýitip gitmegini aňlatmaýar. Gaýtam, dünýäniň ählumumylaşýan häzirki döwründe ylmyň hem tehniki usullaryň ösmegi bilen, her zady öz ýerinde ulanmaga, özi-de tebigata zeper ýetirmezden, has netijeli peýdalanmaga düýpgöter täze şertler döreýär. Biziň ýurdumyzyň tebigy şertleri we ösüş tejribesi, munuň üstesine telekeçiligi goldamakda alnyp barylýan oýlanyşykly döwlet syýasaty maldarçylygyň yzygiderli ilerlemeginde aýratyn oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Täze kärhananyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, bu ugurda zähmet çekýän adamlar üçin zerur şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalaryndan ýerlikli peýdalanyp, netijeli hereket edýän önümçilik kärhanalary welaýatymyzda hem az däl. Olaryň biri-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän, azyk we iýmit önümlerini öndürýän «Sadaja» toplumydyr.

Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Olaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, maliýe-karz hyzmatlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk, maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda sanly innowasion tehnologiýalar arkaly ornaşdyrylan nagt däl hasaplaşyklar ilata döwrebap amatlyklary döretmek bilen birlikde, bank amallarynyň sanynyň artdyrylmagyna, geçirilýän tölegleriň howpsuzlygyna we maliýe serişdeleriniň goraglylygyna öz täsirini ýetirýär.

Eksport kuwwaty artýar

Berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen bir hatarda elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen pudagyň düzümi gazturbinaly elektrik beketleri bilen yzygiderli ýetirilip dur. Energiýa üpjünçilik ulgamy, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň yşyklandyryş üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgerişlikleriň durmuşa geçirilmegi iri senagat toplumlaryny, köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda onuň belli bir möçberini goňşy döwletlere ugratmaga hem mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň eksporta iberýän elektrik energiýasynyň möçberiniň görnetin artmagy döwletimiziň energetika babatynda dünýä ykdysady giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has-da berkitdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmak bilen, türkmen elektrik energiýasyny halkara ugurlar boýunça ibermegiň mö

Bereketli türkmen topragynyň nygmaty

­Ak zatlaryň ählisi adamzadyň aňyýetinde päklik, gymmatlyk ýaly düşünjeler bilen bilelikde ýaşaýar. Galyberse-de, ol ynsan arzuwlaryny sypatlandyrýan häsiýetdir. Megerem, «Ak bugdaý» diýilmeginiň hem aýratyn ähmiýeti şu jähetden ugur alýan bolsa gerek. Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň üstümizdäki ýylda boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri hakyndaky hoş habar tutuş ilimize buşluk habary bolup ýaýrady. Watan harmanyna ýygnalan galla hasylynyň möçberi 1 million 400 müň tonnadan geçdi. Galla — bu baýlyk. Ol her bir döwletiň azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm serişdeleriň biridir. Obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygid

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Täze ulgamyň aýdyň ýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly bilen ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine çykmagyna giň ýol açyldy.

Ykdysady özgertmeler — ösüşlere badalga

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde Balkan welaýatynyň aýratyn möhüm orny bardyr. Welaýatymyzyň Hazar deňziniň gündogar kenarynda ulag-geografik taýdan amatly ýerleşişi, howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý we köpdürli gorlary, ýeterlik hünär derejesi bolan adam maýasy we beýleki mümkinçilikler sebitiň durnukly ösüşine düýpli täsirini ýetirýär. Bularyň hemmesi welaýaty depginli ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ilatyň esasy böleginiň şäherlerde ýaşaýandygy welaýatyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Bu ýagdaý onuň ykdysadyýetinde senagat önümçiliginiň agdyklyk etmegi bilen baglydyr. Senagat önüminiň möçberi boýunça welaýat ýurdumyzda öňdebaryjy orny eýeleýär. Welaýatda 42 sany iri senagat kärhanasy bar. Senagat önüminiň möçberinde nebit çykaryjy we nebiti gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň paýy ýokary. Sebitde serişdeleri köp talap edýän ýangyç-energetika pudaklarynyň agdyklyk etmegi, şeýle hem döwrebap kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi uly möçberli maýa goýumlaryň özleşdirilmegini talap edýär.

"Halkbank" sanly hyzmatlaryny ornaşdyrdy

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky täze «Sanly karz» ulgamyny işläp düzdi we ornaşdyrdy. Innowasiýa hyzmaty raýatlaryň karz almakda sanly ulgamy ulanmak arkaly artykmaçlyklary döretmek ýaly internet arkaly uzakdaky müşderi hyzmatyny üpjün edýär. Sarp ediji karz üçin ýüz tutmagynyň dowamynda ýörite ykjam programmany ulanyp, bu işi doly onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.

Deňizde ýük daşama nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri

Aprel aýynyň ahyry bilen iýun aýynyň başy aralygynda deňiz ugurlary boýunça ýük daşamagyň derejesi 74% ýokarlandy. «Drewry» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri we üpjünçilik zynjyrynyň geňeşçiler bölüminiň başlygy Filip Damas nyrhlaryň düýpgöter ýokarlanmagyna sebäp bolan esasy faktorlara ünsi çekdi. Esasy gämi gatnaw zolaklarynda, esasan hem, Gyzyl deňizde ýüze çykan bökdençlikler gämileriň ep-esli saklanmagyna we ugurlaryň täzeden üýtgedilmegine sebäp boldy. Munuň özi alternatiw portlarda dyknyşyklaryň döremegine sebäp boldy, gijikmeleri has-da artdyrdy we çykdajylary ýokarlandyrdy.

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam

Tehnikalar saz işledilýär

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, pudakda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet Baştutanymyzyň esasy talaplarynyň hatarynda durýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasy hem özüniň alyp barýan işleri bilen ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasy ýük we ýeňil awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bu ýerde 600-den gowrak adam zähmet çekýär. Tejribeli sürüjiler dürli görnüşli awtoulaglara we ýükleýji mehanizmlere, burawlaýjylara ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda bildirilýän talaplary doly ödemegi başarýarlar. «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň başlygy Rustam Gurbanow:

Eziz Diýar ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşlere beslenýän, täze üstünlikler bilen ildeşlerimiziň göwnüni göterýän ajaýyp zamanadyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzda uly üstünlikler we ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba we halk hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, senagatyň pudaklarynda, täze döwrebap şäherçeleriň, obalaryň gurulmagynda, medeni ugurlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli beýik işleriň rowaçlyklara beslenmegi munuň şeýledigini aýan edýär. Ynha, şu ýylyň 12-nji iýulynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem ýurdumyzyň beýik ösüşlerini görmek bolýar. Giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy. Bu maglumatlar ýurdumyzyň durnukly ösüşini, ykdysadyýetiniň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.