Bereketli türkmen topragynyň nygmaty

17 Iýul 2024
540

­Ak zatlaryň ählisi adamzadyň aňyýetinde päklik, gymmatlyk ýaly düşünjeler bilen bilelikde ýaşaýar. Galyberse-de, ol ynsan arzuwlaryny sypatlandyrýan häsiýetdir. Megerem, «Ak bugdaý» diýilmeginiň hem aýratyn ähmiýeti şu jähetden ugur alýan bolsa gerek.

Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň üstümizdäki ýylda boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri hakyndaky hoş habar tutuş ilimize buşluk habary bolup ýaýrady. Watan harmanyna ýygnalan galla hasylynyň möçberi 1 million 400 müň tonnadan geçdi. Galla — bu baýlyk. Ol her bir döwletiň azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm serişdeleriň biridir. Obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar