Belent maksatlar rowaçlanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň, bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň, gazanylýan oňyn netijeleriň binýadynda ykdysadyýetiň ähli pudagynda sazlaşykly ösüşi üpjün etmekde, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik işler bagtyýar halkymyzyň aýdyň geljegini nazarlap, ösüş arkaly parahatçylyk, bagtyýar durmuş, bolelin ýaşaýyş üpjün edilýär. Ynha, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen alty aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijelere baha berlip, geljekde ýerine ýetirilmeli möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar kesgitlendi. Giňişleýin mejlisde bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüş üpjün edildi. Bu ösüş senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalyk pudagyn