Belent maksatlar rowaçlanýar

30 Iýul 2024
665

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň, bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň, gazanylýan oňyn netijeleriň binýadynda ykdysadyýetiň ähli pudagynda sazlaşykly ösüşi üpjün etmekde, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik işler bagtyýar halkymyzyň aýdyň geljegini nazarlap, ösüş arkaly parahatçylyk, bagtyýar durmuş, bolelin ýaşaýyş üpjün edilýär. Ynha, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen alty aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijelere baha berlip, geljekde ýerine ýetirilmeli möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar kesgitlendi. Giňişleýin mejlisde bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüş üpjün edildi. Bu ösüş senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy.

Täze taryhy döwrümizde durmuşa ornaşdyrylýan oňyn netijeler geljegimiz bolan ýaş nesilleriň aýdyň ertirlerini nazarlaýar. Şeýle ösüşi üpjün etmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, önümçilik binýadyny pugtalandyrmak ykdysady taýdan ösen döwlete başardýar. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri bilen ykdysadyýeti ösen kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Şu ýylyň özünde birnäçe önümçilik maksatly desgalaryň açylmagy, olaryň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi bu aýdylanlaryň aýdyň görkezijisidir.

Bägül BAÝGELDIÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar