Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda, şeýle hem mähriban paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli ak mermerli binalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem halkymyzyň durmuşynda ýatdagalyjy pursatlara beslenjek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanýar. Ähli rowaç ýyllarda bolşy ýaly, şu ýylda hem jemgyýetçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi halkymyzyň hyzmatyna berler. Düýn paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurluşygy üstünlikli tamamlanan Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi Aşgabadyň sazlaşykly ösýän keşbine täze, döwrebap desgany goşdy. Açylyşa milli Liderimiziň gatnaşmagy dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asuda durmuşda abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde bu gün ak mermerli Aşgabat dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Durmuşa ornaşdyrylýan bu beýik işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde üstünlikli dabarala

Mähriban mekan

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýýan mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe barýar. Paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde gurlup ulanylmaga berlen dolandyryş edara binalary, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, möhüm ähmiýetli senagat kärhanalarydyr myhmanhanalar, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ulag ýollary, ulaglaryň hereketine juda oňaýly şertleri döredýän köprüler — bularyň ählisi türkmen döwletiniň beýik ösüşlerinden habar berýär. Türkmen paýtagtynda gysga döwürde gurlan desgalar çuň pelsepewi many-mazmuny, kämil binagärligi, döwrebap şertleri, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde tutýan möhüm orny bilen has-da buýsandyryjydyr. Düýn paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalary ak şäherimiziň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrdy. Paýtagtymyzyň bu künjeginde ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ak şäherimiziň özgerişleri dünýäniň, döwrüň beýik ösüşleri bilen deň gadam urýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. OYR-nyň wekilleri hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanalarynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, polietilen russiýaly we owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Beýik işler durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylyp, milli ykdysadyýetiň ösüşi has-da belent derejelere çykdy. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren döwlet maksatnamalarynyň tapgyrlaýyn üstünlikli berjaý edilmegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işleriniň sazlaşykly öňe ilerlemegini üpjün etdi. Ykdysadyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýän täze iri önümçilik kärhanalary guruldy, senagat, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýangyç-energetika, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, maýa goýum kuwwatynyň netijeliligini artdyrmak we ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ösüşleriň örän çalt depginlerde öňe ilerleýän zamanynda ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçilikleri giň gerimli taslamalaryň çäklerinde sazlaşykly herekete getirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Biz belent ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýermek bilen, halkymyzyň durmuşyny hil taýdan özgertmäge niýetlenen, jemgyýetimiziň ösüşiniň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, anyk maksatlara gönükdirilen köpugurly işleri alyp barýarys» diýip nygtaýar.

Türkmen ýüplügi — Beýik Ýüpek ýoly bilen

Türkmenabatdan Mara uzaýan gara ýoluň iki ýakasy soňky ýyllarda gündogar sebitiň merkezi şäheriniň täze senagat we ýaşaýyş toplumlarynyň merkezine öwrülýär. Welaýat köpugurly hassahanasyndan Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezine çenli aralykdaky 15 — 20 kilometrlik menzilde bu gün döwrebap ýaşaýyş jaýlary, atçylyk-sport toplumy, mekdep-internaty, iri önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi we beýleki döwrebap binalar ýerleşýär. Gara ýoldan biraz uzakda ýerleşýän hem bolsa, seleňläp durşy bilen ýolagçylaryň nazaryny egleýän Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi hem bu sebitdäki gözellikleriň biri. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durky täzelenip, önümçilik mümkinçilikleri artdyrylan kärhana mundan ýedi ýyl ozal täze güýç bilen işläp başlady. Ýadyňyzdadyr, hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň aprel aýynda bu kärhananyň durkuny täzeläp, mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky taryhy Karara gol çekipdi. Onda oturdyljak enjamlar bolsa bu Karara gol çekilmezinden alty-ýedi aý ozal Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen dokma enjamlarynyň «ITMA — 2011» halkara sergisinde türkmenistanly wekiller tarapyndan ilik-düwme öwrenilipdi. Iň kuwwatly, iň güýçli hasap edilen enjamlar Şweýsariýa, Italiýa ýaly döwletleriň önümleridi. Olaryň arasynda Şweýsariýanyň «Uster» kompaniýasynyň pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçeýän doly awtomatlaşdyrylan enjaml

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini has-da ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky özgertmeler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamak babatda alnyp barylýan işler we degişli ugurda döredilýän amatly mümkinçilikler aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Maksatnamada ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde hususy ulgamyň tutýan paýynyň artmagyna uly üns berilýär, kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde işjeň ösdürilýär. Bu ugurda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda döwlet tarapyndan uly goldawlar berilýär.

Telekeçileriň işi ileri

Öňňin “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri ätiýaçlyk şaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary hakynda maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Habar berlişi ýaly, olary öndürmek üçin ýurdumyzda zerur bolan enjamlar bar. Muňa garamazdan, degişli toplumyň kärhanalarynyň önümçilik hajatlary üçin zerur serişdeleriň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň uly möçberi daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Sement önümçiligi giňelýär

Häzirki wagtda Türkmenistanda sement ýaly gurluşykda zerur bolan önümleri öndürmek boýunça senagat gurluşy işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýene-de üç sany täze sement zawody gurlar. Şolaryň birisi Köýtendag etrabyndaky «Lebap» sement zawodynyň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolan ikinji tapgyrdakysydyr. Zawodyň birinji tapgyrdakysy 2013-nji ýylyň başynda ulanylmaga berlipdi. Zawod innowasion tehnologiýalar esasynda işleýär. «Lebap» sement zawodynyň M-400 we M-500 görnüşli portland sement önümleri ilat tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ýokary hilli sement ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşlerine uly täsirini ýetirdi. Şondan bäri kärhana ýurdumyzyň gurluşykçylaryny ýokary hilli sement bilen üpjün edip gelýär. Onuň önümleri daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Kümüş çäje bereket ýagýar

― Şularyň gününi sanap ösüşi göhüňi getirýär. Soň olaryň boýuna guwanyp, yhlasyňy gaýgyrasyň gelenok ― diýip, birki ýyllykda tejribeli ýüpekçileriň biri gürrüň beripdi. Hawa, ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gysga bolsa-da, hem gyzykly, hem kän hysyrdyly. Ýöne tabşyran piläňden bol girdeji alarsyň welin, ähli ýadawlygyň el bilen aýrylan ýaly bolaýar. Birki ýyllykda milli Liderimiziň gol çeken resminamasy bilen çig piläniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ýüpekçileriň işe bolan höwesini has-da artdyrdy. Mundan müňlerçe ýyl ozal Hytaýdan getirilen ýüpek Ýer ýüzünde tanalan gününden bäri hyrydaryny azaldanok. Şeýle bolansoň, ýüpekçilige ýurdumyzda hem gyzyklanma uly.

Energiýa çeşmeleriniň kanunçylyk esaslary

Adamyň janynyň we saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan berkarar döwletimizde ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak esasy ähmiýet berilýän meseleleriň hataryndadyr. Şu nukdaýnazardan daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen, adaty energiýany gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa bilen tapgyrlaýyn çalyşmak babatdaky işleri höweslendirmek döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Bilşimiz ýaly, adaty energiýa gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmelerinden, hususan-da, uglewodorod çig malyndan peýdalanmak bilen öndürilýän energiýadyr. Ylmyň ösmegi bilen häzirki döwürde Gün, ýel, suw ýaly tebigy serişdelerden ekologiýa taýdan peýdaly, daşky gurşaw üçin zyýansyz, arzan energiýa alnyp başlanyldy. Munuň özi daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatyň saglygyny we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Iri taslamalar

Bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Muny biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň hil derejesiniň barha kämilleşmeginde hem aýdyň görýäris. Ýurdumyz bu ulgamlaryň pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirýär we uly göwrümli taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Soňky gysga wagtyň içinde halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça häzirki zaman hyzmatlarynyň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny ýurdumyzyň hoşniýetli syýasatynyň hatarynda görkezmek bolar. Oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň we tutuş sebitiň abadançylygyna gönükdirilen bu energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol diňe bir Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine däl-de, eýsem, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine hem itergi berer.

Önüm öndürijiler üçin ýeňillikler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda we senagatda döwrebap kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy önümçiligiň täze sepgitlere çykmagyny üpjün edýär. Bu ugra ýurt derejesinde üns berilmeginiň netijesinde içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwletimiz tarapyndan dürli amatly şertler we ýeňillikler hem döredilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýerleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak, iş usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleriniň esasynda möhüm resminamalaryň birnäçesi hereket edýär. Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hojalyk işlerinde ulanylýan ýer gazýan tehnikalary we buldozerleri satyn almak üçin 10 ýyl möhlete çenli ýylda 1 göterim ýeňillikli bank karzlaryny bermek, maldarçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça döredilen amatlylyklar bolsa täze ösüşlere badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde pes önümçilik görkezijili we düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerleriniň alnyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere

Ýaşlar — «Ýelkeniň» daýanjy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, kesp-kärine kämilleşmekleri we jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu çäreler döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty arkaly amala aşyrylýar. Onuň esasy maksady bu işjeň ilat toparynyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasynda durmuş-ykdysady ösüşde ýokary netijeleri gazanmak, olary ýurduň milli bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirmek bilen baglanyşyklydyr. Etrabymyzyň ýaşlary hem özleri üçin döwlet tarapyndan döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, dürli kärlerde zähmet çekýärler we täze önümçilikleri ýola goýmakda işjeňlik görkezýärler. Geçen ýyl etrabymyzyň Astanababa şäherçesiniň Gabşal obasynda ulanylmaga berlen «Ýelken» aýakgap hususy kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy bolsa bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Ukyply we başarjaň ýaşlaryň 30-a golaýy kärhana tarapyndan hünär öwreniş okuwlaryna çagyryldy we ussat halypalaryň çeken yhlasly zähmetiniň netijesinde olaryň birnäçesi tikinçiniň, biçimçiniň, gaplaýjynyň we reňkleýjiniň hünärlerini ele aldylar. Olar hünär synagyndan üstünlikli geçip, saýlap alan ugurlarynda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda hem bu ýerde täze hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Ýurduň altyn gaznasy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurtda telekeçiligi höweslendirmek we ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar, hem-de ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär. Ýakynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak hem-de özgertmek boýunça strategiýany we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny amala aşyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli çäreler barada bellenilip geçildi. Telekeçiligi ösdürmek önümçiligiň netijeliligini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetiň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamaga, ýokary maýa goýum işjeňligini saklap galmaga, eksport kuwwatyny güýçlendirmäge, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga täsir edýän ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň telekeçileri «Ýurduň altyn gazn

Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu bolsa döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösüşi üpjün edýän döwletdiginiň baş görkezijisi bolup durýar. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durnukly ösüş, ykdysady kuwwatlylyk birsyhly ösýär, geljek üçin ösüşiň tapgyrlary meýilnamalaýyn alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri giň möçberli öňdebaryjy özgertmelere beslenýär. Ýurdumyz Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň agzasy bolmak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täsirli gurallary işläp taýýarlamaga, geljek üçin ykdysady ulgamy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge saldamly goşant goşýar.

Röwşen geljegiň nury

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan, welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz «Aşgabat-siti» taslamasyny, «Altyn kölüň» kenarynda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak barada öz döwletli başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu iri taslamalaryň durmuşa geçmegi paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe eýe bolmagyny alamatlandyrar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek ýurdumyzyň energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlar düzümi bilen geçiren taryhy duşuşygynda hem bu ugurda birnäçe anyk maksatlary kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy duşuşykda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmagyň, energetikanyň düzümini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, energiýany tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna

Sazlaşykly ösüşleriň binýady

Sanlylaşdyrma milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm ugur bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan parasatly başlangyjydyr. Milli Liderimiz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly, ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da güýçlendirmegi, halkymyzyň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda zerur işler güýçli depginde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy öwretmek maksady bilen, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde degişli dersler girizildi. Munuň özi talyp ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrümiziň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi babatda uly mümkinçilikleri hödürleýär.

Möhüm pudak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan jemgyýetiň we aýry-aýry raýatlaryň bähbitlerini nazarlaýan tutumlary durmuşa geçirmäge, aýratyn hem, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Ýurduň öz haryt öndürijilerine goldaw bermegi esasynda, içerki bazary ösdürmäge, ýeterlik derejede bäsleşik gurşawyny döretmäge hem uly üns gönükdirilýär. Ýöredilýän döwlet syýasaty, ýurduň köpugurly ykdysady kuwwaty ägirt uly wezipeleri çözmäge hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik tutumlar, ösen tehnologiýalara esaslanýan ykdysady özgertmeler, «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýola goýlan özara bähbitli, oňyn halkara hyzmatdaşlygy belent üstünlikleri nazarlaýan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň abraý bilen amala aşyrylmagynyň berk binýadydyr. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň aýratynlygy häzirki döwürde milli hojalyk mehanizminiň köp babatda daşary ykdysady gatnaşyklary, döwletara söwda alyş-çalşygy bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ykdysady giňişligine ornaşmak prosesine işjeň gatnaşýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Türkiýeden gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar.