Ýaşlar — «Ýelkeniň» daýanjy

7 Aprel 2021
1489

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, kesp-kärine kämilleşmekleri we jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu çäreler döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty arkaly amala aşyrylýar. Onuň esasy maksady bu işjeň ilat toparynyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasynda durmuş-ykdysady ösüşde ýokary netijeleri gazanmak, olary ýurduň milli bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirmek bilen baglanyşyklydyr. Etrabymyzyň ýaşlary hem özleri üçin döwlet tarapyndan döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, dürli kärlerde zähmet çekýärler we täze önümçilikleri ýola goýmakda işjeňlik görkezýärler. Geçen ýyl etrabymyzyň Astanababa şäherçesiniň Gabşal obasynda ulanylmaga berlen «Ýelken» aýakgap hususy kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy bolsa bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Ukyply we başarjaň ýaşlaryň 30-a golaýy kärhana tarapyndan hünär öwreniş okuwlaryna çagyryldy we ussat halypalaryň çeken yhlasly zähmetiniň netijesinde olaryň birnäçesi tikinçiniň, biçimçiniň, gaplaýjynyň we reňkleýjiniň hünärlerini ele aldylar. Olar hünär synagyndan üstünlikli geçip, saýlap alan ugurlarynda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda hem bu ýerde täze hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Oguljan ABRAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar