Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi

«Astrakhan Port» paýdarlar jemgyýeti täze «Астрапорт шиппинг» kompaniýasyny döretdi. Bu kararyň Hazar deňzinde gämi gatnawyny ösdürmek maksady bilen kärhananyň eýran paýdarlary tarapyndan kabul edilendigi bellenilýär. Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Tass agentliginiň beren interwýusynda, Eýranyň gämi gatnaw kompaniýasy IRISL-iň «Астрапорт шиппинг» kompaniýasyny ösdürmek üçin ep-esli serişde goýýandygyny we eýran işewürler bu kompanýanyň paýdarlar bolup durýandygy aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi “CAREC” maksatnamasynyň baýragyna mynasyp boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, düzüminde häzirki döwrüň ägirt uly başlangyçlaryna işjeň gatnaşýan aýal-gyzlaryň müňlerçesini bir ýere jemleýär hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda uly güýç bolup çykyş edýär. Döwlet tarapyndan aýal-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda olaryň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler halkara jemgyýetçil

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy gyzyklanmalara gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ony täze, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin şertleri döredýär. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «VISA», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdi.

Halkara giňişlikde

ÝHHG bilen hyzmatdaşlyga ygrarlylyk Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. Ol gurama agza döwletleriň 57-siniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekillerini, şeýle-de hyzmatdaş ýurtlaryň 11-sinden wekiliýetleri bir ýere jemledi. Nobatdaky duşuşyk Ýewroatlantika sebitinde we Ýewraziýada howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

Dünýä ýaýylýan parasat

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýen parasatly sözleriniň çuň many-mazmunyna daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýakynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Paýtagtyň «Serena» myhmanhanasynda guralan «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly bu maslahata daşary ýurtlaryň Pakistandaky ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, alymlar, edebiýatçylar, bu ýerde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy hindi dilinde

Golaýda Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde çapdan çykan goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy boldy. Ol «Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly ylmy-medeni maslahatyň çäginde dostlukly ýurduň giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu çäre «Hindistan — Merkezi Aziýa» gaznasynyň hem-de Nýu-Delidäki Hindi halkara merkeziniň ýakyndan ýardam bermeginde guraldy. Nusgawy şahyrymyzyň iri ýygyndysyny hindi diline terjime etmek üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary tutuş ýylyň dowamynda yzygiderli iş alyp bardylar. Şunuň bilen birlikde, Magtymgulynyň şygyrlaryny beýleki dillere, şol sanda Merkezi Aziýa halklarynyň dillerine terjime etmek ugrunda-da tagalla edilýär.

Gyrgyz topragynda akyldar şahyrymyzy sarpalap

1-2-nji dekabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäherinde akyldar şahyrymyza bagyşlanyp «Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynda tutýan orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenlerinden düzülen türkmen wekiliýeti Bişkek şäherinde saparda boldy. 1-nji dekabrda Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň Kasym Tynystanow adyndaky mejlisler jaýynda ýaýbaňlandyrylan maslahata ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary, Bişkek şäherinde bilim alýan türkmen ýaşlary hem gatnaşdylar. Onda dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, Manas adyndaky Gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory Alparslan Jeýlan, şol ýokary okuw mekdebiniň ynsanperwer bilimler fakultetiniň dekany Alparslan Aşyk çykyş etdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň çykyşlary hem maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Çykyşlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapdy. Maslahat bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillerde çap edilen neşirlerine, türkmen halkynyň medeni

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň ekologiýa ugry

Häzirki döwürde adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan halkara ylalaşyklarynyň, taslamalarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatda toplumlaýyn meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Şu günki ýaşaýan dünýämiziň geosyýasy we geoykdysady şertleri ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň dogry usullaryny işläp düzmekligi talap edýär. Türkmenistanyň dünýäniň halkara guramalary bilen giň we uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlygy syýasy giňişlikde täsiriniň güýçlenýändiginiň alamaty bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynda bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşyp, maksatnamalaýyn çykyş etmegi munuň nobatdaky görkezijisi boldy. 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda dowam edýän bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň ýollary Gyrgyzystany we Azerbaýjany amatly özara baglanyşdyryp biler

Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy boldy. Gepleşiklerde Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak isleýändiklerini mälim etdiler.

Aşgabat we Kabul Lazurit geçelgesi boýunça ýük daşamagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda gepleşikler geçirilýär, oňa gatnaşmak üçin Owganystanyň Demir ýol dolandyryşynyň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat 30-njy noýabrda türkmen paýtagtyna geldi. Iş mejlisiniň gün tertibinde Owganystanda demir ýollaryň gurluşygy, türkmen güýçleri tarapyndan gurlan Akina-Andhoý demir ýoluny dolandyrmak we hyzmat etmek, “Lapis - Lazuli” halkara ulag geçelgesinde ýük daşamagy güýçlendirmek we ş.m ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistan we Hytaý halkara awtomobil gatnawlary barada Ylalaşyk baglaşdy

Çarşenbe güni Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen 5-nji mejlisden soňky döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilendigi we Komitet tarapyndan kesgitlenen köp meseleleriň ýerine ýetirilendigi bellendi.

Hazar deňziniň üsti bilen ulag daşamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýa ministriniň orunbasary Yrysbek Bariýew Azerbaýjanda iş saparynda bolmagynyň çäginde Alýat deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň Gyrgyzystana Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hazar deňziniň kenaryndaky Alýat portundan gämilerde awtoulaglary daşamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýa ministrligi habar berdi.   Alýat portunyň administrasiýasy gämide Hazar deňziniň üsti bilen ulag daşamaga gyzyklanma bildirdi. Bu ýerde öňünden bellenen arzanladyş bilen, bir ýük awtoulagyny Alýatdan Türkmenbaşy portuna eltmegiň bahasynyň 1200 dollar töweregi boljakdygy aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Dubaý — Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 12-nji dekabryna çenli dowam etjek bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Bitewi ykbalyň bähbidine

Bütindünýä howa sammitinden soňky oýlanmalar Uzak wagtlyk ýüzüşden gelen Eflatundan sorapdyrlar: «Dünýäde näme geň-taň zat gördüň?». Ol: «Dünýäniň geň zady — nirä ýüzüp gitseň-de, ahyry şu kenardan çykýarsyň» diýip jogap beripdir...

Pikirler, garaýyşlar

Antoniu GUTERRIŞ,Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary:

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Häzirki wagtda 2023-nji ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde bu barada hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi. Hasabatda şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Ýurdumyzda ilkinji gezek: «Agro-Pak Türkmenistan — 2023»

28 — 30-njy noýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi geçirildi. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy tarapyndan guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.