Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň ekologiýa ugry

6 Dekabr 2023
1004

Häzirki döwürde adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan halkara ylalaşyklarynyň, taslamalarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatda toplumlaýyn meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Şu günki ýaşaýan dünýämiziň geosyýasy we geoykdysady şertleri ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň dogry usullaryny işläp düzmekligi talap edýär. Türkmenistanyň dünýäniň halkara guramalary bilen giň we uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlygy syýasy giňişlikde täsiriniň güýçlenýändiginiň alamaty bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynda bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşyp, maksatnamalaýyn çykyş etmegi munuň nobatdaky görkezijisi boldy. 30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda dowam edýän bu iri foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar