Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ermenistandaky dabara

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerewan döwlet uniwersitetinde «Magtymgulynyň filosofik mirasy — Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy» ady bilen umumy okuw sapagyny geçirdi. Türkmen diplomatynyň «Magtymgulynyň filosofik mirasy — Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy» ady bilen geçiren umumy sapagyna Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplary gatnaşdy. Beýik akyldaryň 300 ýyllyk ýubileý senesine hem-de 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan bu sapak Bitarap Türkmenistanyň häzirki daşary syýasat konsepsiýasynda görnükli şahyryň üç asyr mundan ozal wagyz eden ynsanperwer ideýalarynyň öz beýanyny tapýandygyna anyk maglumatlar arkaly göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Astanada geçirilen duşuşyk

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumatlar ministrliginiň Golýazmalar we seýrek kitaplar milli merkezinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanylyp döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanylan duşuşyk şol ýurduň Golýazmalar we seýrek kitaplar milli merkezi bilen Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Duşuşyga Astanada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, türkmen talyplary, söz ussadynyň döredijiliginiň muşdaklary we žurnalistler gatnaşdy. Duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi B.Omarow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ý.Lallakow, O.Ozganbaýuly, A.Şarip, S.Negimow ýaly köp ýyllaryň dowamynda akyldaryň edebi mirasyny öwrenip gelýän alym-akademikler we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda öz halkyny agzybirlige, jebislige, berkarar döwlet gurmaga çagyran beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna guralan duşuşygyň ähmiýetine ýokary baha berdiler. Şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi onuň baý döredijiligini içgin öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge ýardam edýändigini, bu ugurda bilelikdäki y

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gün tertibi Aşgabatda HHR-nyň ýörite wekili bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

Golaýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalarynyň biri Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň öňümizdäki daşary işler ministrleriniň formatyndaky 5-nji duşuşygynyň gün tertibi boldy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýada tutýan orny

Bedew bady bilen öňe ilerleýän Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti bilen dünýä giňişliginde öz ornuny pugta berkitdi. Geçen ýyllaryň dowamynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerilýän döwletimizde ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy üçin amatly şertleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp baryldy. Munuň özi, bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny artdyran bolsa, beýleki bir tarapdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýa sebitindäki ornuny has-da berkitdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ykdysady-geografik, syýasy-geografik we geosyýasy ýerleşişi boýunça uly mümkinçilikleriň ýurdy hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Munuň netijesinde ýurdumyz häzirki zaman dünýäsinde bir bitewi giňişligi emele getirýän Merkezi Aziýanyň ykdysady integrasiýasyna işjeň gatnaşýar we özüniň tebigy serişdelerini, eksport kuwwatyny sebit bazaryndaky zerurlygy kanagatlandyrmaga gönükdirýär. Biz bu aýdylanlara aýratyn ugurlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirip bileris.

Türkmenistanyň daşary syýasaty we hoşniýetli diplomatiýasy

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk hem-de söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär. Diplomatiýa döwletiň daşary syýasatyny amala aşyrmagyň guraly hem-de harby däl çäreleriň, usullaryň toplumyny öz içine almak bilen, anyk ýagdaýlara laýyk ulanylýar. Has giň manyda alnanda, diplomatiýa — döwletiň daşary syýasatyny parahatçylykly we gepleşikler ýoly bilen amala aşyrmagyň resmi görnüşi. Diplomatiýa bolsa döwletiň daşary syýasatynyň amala aşyrylyşynyň syýasy we resmi usuly guralydyr. Onuň esasy mazmuny döwletara we beýleki halkara derejelerinde deňhukukly hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga, saklamaklyga, ösdürmeklige gönükdirilendir. Diplomatik ýol bilen alnyp barylýan gatnaşyklar resmi görnüşde halkara-hukuk taýdan we umumy ykrar edilen diplomatik däp-dessurlar arkaly kadalaşdyrylýar.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy ulag boýunça çäre geçirdi

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy. Bu çärä ýerli diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de 40-dan gowrak ýurtdan we halkara guramalardan 70-e golaý wekiller we halkara bilermenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň kitaby Özbegistanda tanyşdyryldy

Öňňin Özbegistan Respublikasynyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurduň Ýazyjylar birleşmesiniň, käbir ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary işjeň gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň, ýurtda hereket edýän Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewanyň, Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory I.Majidowyň, Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory B.Karimowyň, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy S.Saidowyň hem-de türkmen talyplarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: dostlukly gatnaşyklar işjeň ösdürilýär

Ýurdumyz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär. Munuň şeýledigini 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen bolan duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň nygtaýşy ýaly, özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine BAE-de aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň hem-de uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Munuň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýar.

Türkmenistan — Hindistan: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

20-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Diplomat hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz hanym Madhumita Hazarika Bhagaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasy bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Düýn, Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baştutany Žerom Garsýanyň ýolbaşçylygynda bu kompaniýanyň hünärmenleri bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen demirýolçulary ýurdumyzyň demirýol infrastruktura taslamalary, demirýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri bilen fransuz hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Fransiýaly hünärmenler Türkmenistanyň demirýol ulaglary edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bilidirýändiklerini we bar bolan taslamalara gatnaşyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine öz saldamly goşantlaryny goşmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Türkmenistan durnukly ulag ulgamy boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär

22-nji fewralda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde «Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri» atly ugurdaş çäresi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Bu çärä ýerli diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de 40-dan gowrak ýurtdan we halkara guramalardan 70-e golaý wekiller we halkara bilermenler gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňeldilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Saparyň maksady Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmakdan, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň we BAE-niň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirmekleri söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň uzak möhletleýin wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň baş şerti bolup durýar. Iki ýurduň ministrlikleriniň, maliýe düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikler, bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda özara tagallalaryň işjeňleşdirilýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri hem munuň nobatdaky güwäsi boldy.

Aşgabatdan täze howa gatnawlary

Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystany Patyşalygyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy. 15-16-njy fewralda, degişlilikde, Aşgabat — Kuala-Lumpur hem-de Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça eýýäm ilkinji uçuşlar amala aşyryldy. Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylýar. 15-nji fewralda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyran ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy. Howa gämisinde baran ýolagçylary Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, şeýle-de bu ýurduň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri mähirli garşyladylar. Aziýanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menzilinde Aşgabatdan täze ugur boýunça ýolagçy uçarynyň gelip gonmagy mynasybetli guralan dabara iki dostlukly döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de munuň özi iki ýurtda hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministrini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, netijeli döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Ýurdumyza sapar bilen gelen belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman türkmen topragynda ýene-de saparda bolýandygyna örän şatdygyny belledi.

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanylan üstünlikler BMG-niň Ženewadaky ofisinde tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy «Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-nyň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy» atly maslahatlaşmada çykyş etdi. Başlyk öz çykyşynda deňiz ulag pudagynda sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlyklaryny we onuň deňiz pudagyny ösdürmekdäki ähmiýetini, şeýle hem, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň»  durmuşa geçirilmegi barada belläp geçdi.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerine daýanyp

Islendik iki ýurduň arasynda ýygy-ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginde geografik we taryhy taýdan ýakynlygyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň meňzeşliginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy ykrar edilen hakykat. Şunda döwletleriň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dostlugyň, özara ynanyşmagyň ýokary derejesiniň bilelikdäki hereketleri gadyrly gatnaşyklara öwürmäge ukyplydygyny hem durmuş tejribesi aýdyň görkezýär. Döwletleriň liderleri duşuşyp, ýürekdeş söhbet edende, millionlarça ynsanyň ykbalyna oňyn täsirini ýetirýän çözgütler kabul edilýär, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna giň ýol açylýar. Bu hakykat Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklara-da mahsusdyr. «Türkmenistan üçin Birleşen Arap Emirlikleri ygtybarly hyzmatdaş, ýürekdeş dostdur. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllaryň dowamynda ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň, kähalatlarda bolsa şahsy dostlugynyň netijesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda asylly däpler ýola goýuldy». Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda getirilýän şu jümleler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň many-mazmunyny gysga sözlerde juda düşnükli açyp görkezýär. Hakykatdan-da, arap dünýäsiniň bu ösen ýurdy bilen hyzmatdaşlykda iň ýokary we ýok

ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda

Türkmenistan ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda guramanyň alyp barýan iş ugurlaryndan gelip çykýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmak babatda yzygiderli we netijeli işleri alyp barýar. Şunda türkmen wekiliýetiniň golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Medeniýet we sungat bilimi boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy hem uly ähmiýete eýedir. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet ministrliginiň, Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Duşuşyk medeniýet we sungat bilimi boýunça gyzyklanýan taraplara özara tejribe alyşmak, bu ugurda täze çemeleşmeleridir usullary işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Abu-Dabiniň Milli sergiler merkezinde üç günläp dowam eden maslahat plenar mejlisden, şeýle-de medeniýet we sungat bilimine deň elýeterlilik; medeni köpdürlülik arkaly ömrüň dowamynda bilim almagyň hili; durmuşa ukyply, adalatly we durnukly ösýän geljegi göz öňüne getirmek başarnyklaryny kemala getirmek; medeniýet we sungat bilimini ekoulgamlaşdyrmak hem-de baha bermek; sanly tehnologiýalar w

Milli lybaslarymyz — dünýä modasynyň ýurdunda

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gelin-gyzlarymyzyň döredýän nepis el işleri bu günki gün gaýtalanmajak gözelligi özünde jemleýär hem-de dünýä nysakçylarynyň ünsüni çekýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň älemgoşar öwüşginli ketenidir parça ýüpeklerden tikilen, dürli keşdeler bilen bezelen milli köýnekleri, kürteleri, çabytlary, donlary, düýpli gyňaçlary, başatgyçlary, ýeňsizleri, täze döwrebap biçüwdäki köýnekleri bilen dünýä modasynyň merkezi hasaplanýan Pariž şäherinde geçirilen sergä türkmenistanly wekilleriň gatnaşmagy biziň üçin uly dereje boldy. «Mähirli zenan» hususy kärhanamyz gözelligi we milliligi özünde jemleýän lybaslary döredip, bäş ýyla golaý wagtdan bäri halkyň söýgüsini gazanyp gelýär. Biz tebigy ýüpekden we mahmaldan tikilen köýnekleri, el keşdeleri we üstki örtgüleri (şarflar) bilen bezelen milli donlary hem-de gyňaçlary tikip bejerýäris. Biziň zenanlara niýetläp tikýän egin-eşiklerimiz ozaldan hem owadan syratly gelin-gyzlarymyzyň görk-görmegini has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy biz modelýerler üçin hem işlemäge, döretmäge, dünýä ülňülerine gabat gelýän dizaýn işl

Türkmenistan we Halkara awtoulaglar birleşigi hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara awtoulaglar birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky wekilhanasy habar berýär. Bellenişi ýaly, taraplar alnyp barylýan häzirki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini, şeýle hem ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar.