Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. Saparyň maksady Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmakdan, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň we BAE-niň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirmekleri söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň uzak möhletleýin wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň baş şerti bolup durýar. Iki ýurduň ministrlikleriniň, maliýe düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikler, bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda özara tagallalaryň işjeňleşdirilýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri hem munuň nobatdaky güwäsi boldy.