Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlary çekilýär
Ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda döwletimiziň ykdysadyýetiniň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta — Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. 12-nji maýda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça bu forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.