12-nji maýda milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň geljekde hem asyrlarboýy doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan türkmen we azerbaýjan halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.