Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy kart hasaplaryňyzdaky pul serişdeleriňizi öz maşgala agzalaryňyz üçin amatly şertlerde ulanmagy hödürleýär

Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek we raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmak üçin, ýyllyk 5 göterim möçberi bilen «Maşgala» bank karty atly bank hyzmaty ornaşdyryldy. Siz «Maşgala» bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz: — «Maşgala» atly bank kartyny almak üçin isleg bildirýän müşderileriň öz arzalary esasynda «Maşgala» bank karty açylýar. «Maşgala» bank kartynyň esasy çeşmesi müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasaby bolup durýar. Müşderiniň arzasyna laýyklykda ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabynyň çäginde «Maşgala» bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini müşderi özbaşdak kesgitleýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýaşlary «Sanly çözgüt-2023» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar  

Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi açyk diýlip yglan edildi. 2023-nji ýyl üçin açyk diýip yglan edilen «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigiň ugurlary kesgitledi.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hyzmatlary hödürleýär

“Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa ýük daşamalaryndaky resmi agenti hökmünde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçarlar arkaly ýük gatnawlarynda ýükleriň ýol hatlaryny resmileşdirip bermek, şeýle hem gümrük amallaryny ýerine ýetirmäge ygtyýarly Gümrük dellaly hökmünde gümrük düzgünnamasyna laýyklykda, harytlary deklarasiýalaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýär.

Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin rugsatnama almak boýunça arzalary kabul edýär

«Türkmenawtoulaglary» agentligi edara görnüşli we şahsy taraplardan ýük awtoulag serişdesinde ýük daşamak üçin daşary ýurt döwletleriniň 2024-nji ýyl üçin rugsatnamalarynyň sargytnamalaryny kabul edýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi web sahypasynda habar berdi. Arzalar 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

«Awtohyzmat» kompaniýasy awtoulag eýeçiligi boýunça resminamalary resmileşdirmäge kömek eder

«Awtohyzmat» kompaniýasy awtoulag eýelerine awtoulag bilen baglanyşykly dürli ýuridiki amallar üçin iş kagyzlaryny resmileşdirmek boýunça tölegli hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýanyň hyzmatlary şulary öz içine alýar:

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. «Talyp karzy» Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Hormatly raýatlar!

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Türkmenistanyň raýatlaryny, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary «Fiziki şahslara degişli jaýlary meýletin ätiýaçlandyryş» görnüşiniň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar. Fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolan ýa-da olar tarapyndan başga bir kanuny esasda ulanylýan hemişelik ýaşaýan ýerinde gurnalan we diwarlary hem-de üçegi bolan jaýlar (ýaşaýyş jaýlary, bagçylyk öýleri, ulag jaýlary, kömekçi we hojalyk jaýlary) meýletin ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

«ILIMIZ ULAŞDY SOWULMAZ ÝAZA» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hemde «Biznesreklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygymynasybetli yglan eden «Ilimiz ulaşdy sowulmaz ýaza» atly döredijilikbäsleşiginiň jemleri jemlendi. Döredijilik bäsleşigi iki ugur—goşgy düzmek hem-de makala ýazmak boýunça geçirildi. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň, dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň onlarçasyndan watançylyk ruhundaky, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň gazanan beýik üstünliklerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän eserler gelip gowuşdy. Eminler topary tarapyndan eserleriň iň gowularynyň awtorlary bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde saýlanyldy.

«ÝAŞ WASPÇY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI DOWAM EDÝÄR!

Resul AMANGULYÝEW,  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde «Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri» atly makalasy bilen žurnalyň altynjy sanynyň ýeňijisi.

ARKADAG ŞÄHERINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

«Gözellikdir Arkadagyň şäheri, nesillere eçilip dur bahary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli, onuň aýratynlygyny, gözelligini, ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde geçiren bäsleşiginiň guramaçylyk toparyna edebi we žurnalistika žanrlary boýunça eserleriň onlarçasy gelip gowuşdy. Bäsleşigiň jemi boýunça Arkadag şäherini, onuň gözelligini, ajaýyp binagärlik gurluşyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň we sebitimiziň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde eýe bolan belent ornuny  açyp görkezýän edebi we žurnalistik eserleriň, şeýle-de Arkadag şäheriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän fotosuratlaryň arasyndan has tapawutlanýanlary saýlanyp alyndy. Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşanlaryň arasyndan proza, poeziýa, žurnalistika we fotosuratlar boýunça ýeňijiler aýry aýrylykda saýlanyp alyndy. Guramaçylar tarapyndan ýeňijilere, baýrakly orunlaryň eýelerine we işjeň gatnaşan okyjylara sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Biz hem «Göze

Paýtagtymyzyň 46-njy şäheriçi ýolagçy awtobus gatnawynyň ugry üýtgedilýär

Hormatly ýolagçylar! Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny hem-de olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobus gatnawynyň ugry üýtgedilip, bu ugur boýunça awtobuslaryň «Gurtly» belleniş nokadyndan ugrap, Döwletli köçesinden hereket edip, Görogly köçesiniň ugry bilen öňki hereketini dowam edýändigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Ahal welaýat häkimliginiň hasabyna geçirilen aşakdaky sanawda görkezilen jaýlaryň we öýleriň satuwa çykarylýandygyny habar berýäris

1. Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginiň N.Saryhanow köçesiniň 120-nji jaýy. 2. Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň H.Ysmaýyl köçesiniň 82-nji jaýy.

Hormatly ildeşler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyza ähli babatda döwlet goldawlaryny bermek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, maşgala toý-dabaralaryňyzy dabaraly geçirmek üçin «Toý karzy» bank hyzmatyny hödürleýär. Karz serişdesi ýyllyk 10 göterim bilen, 3 ýyl möhlete 100 müň manada çenli berilýär. Bankymyzyň hödürleýän bu karzy size maşgalaňyzyň iň ýakymly günlerini göwnüňizdäki ýaly geçirmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy kart hasaplaryňyzdaky pul serişdeleriňizi öz maşgala agzalaryňyz üçin amatly şertlerde ulanmagy hödürleýär

Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek we raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmak üçin, ýyllyk 5 göterim möçberi bilen «Maşgala» bank karty atly bank hyzmaty ornaşdyryldy. Siz «Maşgala» bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz: — «Maşgala» atly bank kartyny almak üçin isleg bildirýän müşderileriň öz arzalary esasynda «Maşgala» bank karty açylýar. «Maşgala» bank kartynyň esasy çeşmesi müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasaby bolup durýar. Müşderiniň arzasyna laýyklykda ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabynyň çäginde «Maşgala» bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini müşderi özbaşdak kesgitleýär.

Hormatly ene-atalar!

Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebi 2023-2024-nji okuw ýylynda 5-6-njy synplara okuwa kabul etmek üçin takyk bilimlere höwesi bolan okuwçylaryň resminamalaryny 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan kabul edip başlaýandygyny habar berýär. Gerekli resminamalar:

«ÝAŞ WASPÇY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI DOWAM EDÝÄR!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde «Mähriban bilim ojagy» atly makalasy bilen žurnalyň bäşinji sanynyň ýeňijisi.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!