«ILIMIZ ULAŞDY SOWULMAZ ÝAZA» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi

4 Awgust 2023
1354

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hemde «Biznesreklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygymynasybetli yglan eden «Ilimiz ulaşdy sowulmaz ýaza» atly döredijilikbäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Döredijilik bäsleşigi iki ugur—goşgy düzmek hem-de makala ýazmak boýunça geçirildi. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň, dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň onlarçasyndan watançylyk ruhundaky, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň gazanan beýik üstünliklerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän eserler gelip gowuşdy. Eminler topary tarapyndan eserleriň iň gowularynyň awtorlary bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde saýlanyldy.

«Arkadagly Ýaşlar».
Beýleki habarlar