Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Billerini berk guşap

Alyn derini, mähir-yhlasyny ene topraga siňdirýän adamlaryň zähmetleri ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň gowaça pellerine nazar aýlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Gowaçanyň her düýbünde ak patrak kimin açylan gozalara, ýetişen köreklere gözüň düşýär. — Ussat ýer eýelerimiz ekinlere göreldeli ideg etdiler. Olar gowy hilli tohumdan başlap, mineral dökünlerdir hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýän serişdeler, suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edildiler. Mehanizatorlar bolsa daýhanlarymyza hakyky ýardamçylar boldular. Indi bolsa ähli güýçlerimizi ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin jemleýäris — diýip, topar ýolbaşçysy Remezan Narbaýew gürrüň berýär.

Darganata mawzoleýi

Gadymy türkmen topragynda gözbaşyny iňňän irki döwürlerden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şeýle gadymy desgalaryň köpsanlysy welaýatymyzyň çäginde ýerleşýär. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň demirgazyk künjegindäki Darganata mawzoleýidir. Onuň demirgazyk-günbatar tarapynda bolsa adybir arheologiýa gala-ýadygärligi ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň Amuldan Horezme barýan şahasynyň ugrunda söwda kerwenleriniň we ýolagçylaryň düşlemekleri, dynç almaklary üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Gadymy Dargan şäheri hem şu ýoluň ugrunda ýerleşen Amuldan soňky ikinji uly duralga bolup hyzmat edipdir we öz döwründe gülläp ösen gür ilatly şäher bolupdyr. Orta asyr taryhçysy Makdisiniň bellemegine görä, şol döwürde Horezme garaşly bolan Dargan sebitiň uly şäherleriniň biri hasaplanylypdyr. Ýaşaýşyň gülläp ösmegi şäheriň töwereginde birnäçe taryhy-medeni gymmatlyklaryň döremegine getiripdir. Gadymy Dargan şäherindäki mawzoleý bilen golaýda ýerleşýän galanyň özara arabaglanyşygynyň bardygyny bellemek bolýar.

Jümle-jahan habarlary

Üç ekranly smartfonlar

Nesilleriň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini mundan beýläk-de berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan wezipeleri il-gün bolup maslahatlaşyp, geňeşip çözmek ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeler giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda gazanylan ajaýyp taryhy we oňyn tejribäniň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda ata Watanymyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýär. Milli demokratik däplerimize we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribeden ugur alnyp geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşylar.

Dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylar

Häzirki günlerde polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik etmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Dabaraly ýörişe gatnaşjak harby gullukçylaryň medeniýetli dynç alşyny guramak maksady bilen geçirilýän çäreler bolsa, has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze açylan ak mermerli binalar toplumynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatyna dabaraly harby ýörişiň harby gullukçylary hem gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda Ýaragly Güýçlerimizde alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda ajaýyp çykyşlar diňlenildi.

Jebisligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, onuň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalmagy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeleriň netijesidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan häzirki günlerimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu il bähbitli döwlet çäresi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygaryny baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sözleri bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Bagtymyzyň gözbaşy Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Häzirki günlerde merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary we giň möçberli özgertmeleri, il bähbitli tutumlary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar.

Beýik ynam, belent maksat aýdyň ertäň güwäsidir

Halypa şahyrymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa özüniň ajaýyp şygyrlarynyň birinde: «Mert ýigit mert ärden öner, //Hemem ýagty pälden öner» diýende, müň keren mamla. Hormatly Prezidentimiziň peder göreldesine eýerip, ähli ukyp-başarnygyny, zehinini, güýç-gaýratyny halkyna, Watanyna bagyş etmegi il içre nusgalyk maşgalanyň nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň nobatdaky aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-isleginiň netijesidir. «Ýagşy ogul — il abraýy» diýen pähime eýerýän türkmen halky 2022-nji ýylyň nurana bahar paslynda özüniň mundan beýläkki ykbalyny Arkadagly Gahryman Serdarymyza ynandy. Şol taryhy döwürden bäri geçilen menzil bagtyýar halkymyzyň juda dürs ýoly saýlap alandygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini, döreden dünýä nusgalyk ýol-ýörelgesini dowamat-dowam etmegi özüniň baş maksady hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz halkyň asuda we abadan durmuşynyň hem-de röwşen geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin turuwbaşdan täze -täze başlangyçlara badalga berdi.

Galkynyşly gadamlaryň gözbaşynda Garaşsyzlyk

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredýän, gurýan, bedew batly ösüşler bilen okgunly öňe barýan mähriban halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp garşy alýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz indi 33 ýyl bäri ösüşdir özgerişlerden doly röwşen ýollarymyza, bagtyýar geljegimize nurly şuglasyny saçýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

At-owazaň älem içre ýaýrandyr,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!Ösüşlerňe dünýä ýüzi haýrandyr,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym! Eziz Watan, sen owadan, görkana,Ýaş nesiller ýaýnaýarlar erkana,Günleriň beslenýär şöhrata-şana,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

At-abraýy arşa galýan «akylly» şäher

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyna, ykdysady kuwwatynyň gitdigiçe artýandygyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyna geçen ýylyň 29-njy iýunynda halkara jemgyýetçilik ýene bir ýola aýdyň göz ýetiripdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şol şanly günde taryhy waka bolup geçip, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen dörän nusgalyk Arkadag şäheriniň medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-syny özünde jemleýän birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy dünýä ýaň salypdy. Şonda sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşupdy.  Golaýda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna ýokary ruhubelentlikde barýan bagtyýar halkymyzyň başyny göge ýetiren şanly waka bolup dabaralandy. Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly halkara sylaglara mynasyp bolmagy, özem  «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanmagy aýratyn buýsançlydyr.

Milli guwanjymyz

Agzybir halkymyz ajaýyp baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny bellemäge uludan taýýarlyk görýär. Dabarasy has-da uludan tutulýan bu şanly toýy ýokary derejede, mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş maksadydyr. Şonuň üçinem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünliklere beslenýän buýsançly günlerinde önümçiligiň ähli pudaklarynda iş depginleri has-da ýokarlanyp, täze-täze zähmet ýeňişleri gazanylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen gülläp ösüşiň aýdyň ýolunda röwşen geljege ynamly ugur aldy, jemgyýetimiz bütinleý özgerip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işlere badalga berildi. Şeýlelikde, häzirki döwürde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşler dünýäni haýran edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek we adamlar üçin iň oňat durmuş şertlerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar.

Ykbalyň eçilen bagty

Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary we dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň binagärlik keşbini gözelleşdirmek bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Bir söz bilen aýdylanda, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny gazanandan bäri geçilen menzillere, ýetilen sepgitlere nazar aýlanymyzda, asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyna göz ýetirmek bolýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz biziň guwanjymyz hem buýsanjymyzdyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan döwletliligini, baky bagtyýarlygyny berkarar etdi, erkana gurmaga, döretmäge aýdyň ýollary açdy. Bu gün her gysym topragy merdana halkymyzyň watansöýüjiligine, gahrymançylygyna, paýhas-parasatyna ýugrulan ata Watanymyzyň ähli ýerinde beýik işleriň rowaçlygy, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy höküm sürýär.

Ýaşlaryň nurana ýoly

Garaşsyzlyk halkymyzyň berkararlygynyň binýadydyr, asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysala gowuşmagydyr, türkmen ýaşlarynyň nurana ykbalydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen, döwletimiziň güýç-kuwwaty hem-de beýik geljegi bolan bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Diýarymyzyň geljegine gönükdirilen maksatlaryň ýoly bilen döredijilikli işlere, täze menzillere ýetmekde, beýik Garaşsyzlygyň giň mümkinçilikleri esasynda gazanylan üstünlikleri dowam etdirmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şeýle belent ynamdan ruhlanýan türkmen ýaşlary ylymda, bilimde täze sepgitlere ýetýärler. Oýlanyşykly başlangyçlary arkaly berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşmakda, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny, oňyn tejribelerini milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna ornaşdyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary diňe bir döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda alnyp barylýan ilhalar tutumlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýäde dost-doganlygy berkitmek, durnukly ösüşi gazanmak ýaly ählumumy bähbitlere gönükdirilen işleriň rowaçlyklara beslenmeginde hem başarnyklaryny orta goýýarlar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň beren b

Täze sepgitleri nazarlaýan ösüşler

Ata Watanymyzyň gazanýan belent ykdysady ösüşleriniň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygyny görkezýär. Milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn ösdürmekde alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler we kabul edilen maksatnamalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda möhüm şertleri üpjün edýär. Belent sepgitleri nazarlaýan ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirilmegini gazanmak, ykdysadyýete sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, önümçilik pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak we innowasion tehnologiýalar esasynda täze durmuş-ykdysady maksatly kärhanalary gurmak milli hem döwlet maksatnamalarynyň baş ugry bolmagynda galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys». Ykdysadyýetde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak, iri möçberli maýa goýumlary çekmek daşary ykdysady syýasatda ileri tutulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ykdysady gatnaşyklarda dost-doganlyga we milli ýörelgelere esaslanýan özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň gerimi

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

Garaşsyz Watanymyz okgunly ösýär we barha özgerýär. Döwletli tutumlar, asylly başlangyçlar we aýdyň maksatlar rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu zatlar baky bagtyýarlygyň güwäsidir. Watanymyz bu gün toý keşbinde. Beýik döwrüň döredijilik we gurujylyk ruhy, toý öwüşginleri gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde mese-mälim duýlup, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýunyň garşylanýan çagynda ýurdumyzyň ýeten derejesine nazar aýlap, beýik ösüş-özgertmelere buýsanjymyz goşalanýar.

Şanly senä bagyşlandy

Tejen etrabyndaky Dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylyşy, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetmek ugrunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berlip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellenildi.

Eziz Diýar – toýa barýar

Üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara ulaşýar. Bilşimiz ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç, gözlerine çäksiz guwanç duýgularyny çaýýar. Şöhratly taryhyň gatlaryna nazar aýlasak, agzybirlik we jebislik, berkararlyk we döwletlilik pähimdar pederlerimiziň arzuwy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz döwletlilik ýörelgesini berkarar etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen rowaçlanýandygy bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde