Halypa şahyrymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa özüniň ajaýyp şygyrlarynyň birinde: «Mert ýigit mert ärden öner, //Hemem ýagty pälden öner» diýende, müň keren mamla. Hormatly Prezidentimiziň peder göreldesine eýerip, ähli ukyp-başarnygyny, zehinini, güýç-gaýratyny halkyna, Watanyna bagyş etmegi il içre nusgalyk maşgalanyň nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň nobatdaky aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-isleginiň netijesidir.
«Ýagşy ogul — il abraýy» diýen pähime eýerýän türkmen halky 2022-nji ýylyň nurana bahar paslynda özüniň mundan beýläkki ykbalyny Arkadagly Gahryman Serdarymyza ynandy. Şol taryhy döwürden bäri geçilen menzil bagtyýar halkymyzyň juda dürs ýoly saýlap alandygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini, döreden dünýä nusgalyk ýol-ýörelgesini dowamat-dowam etmegi özüniň baş maksady hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz halkyň asuda we abadan durmuşynyň hem-de röwşen geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin turuwbaşdan täze -täze başlangyçlara badalga berdi.