Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Halkyň jebisligi ýurduň rowaçlygydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşlere eýe bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly toýdur baýramlara beslenýär. Taryhy wakalar ýurdumyzyň raýatlaryny belent maksatlara, giň gerimli işlere ruhlandyrýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga niýetlenen uly tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri iňňän guwandyryjydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterildi.

Mary welaýaty: Döwrebap özgertmeler, batly gadamlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, Mary welaýaty hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Bu günki gün welaýatda oba hojalygyny ösdürmäge, depginli senagatlaşdyrmaga, önümçilik we medeni maksatly desgalardyr döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga, ynsan saglygyny berkitmäge hem-de raýatlaryň medeniýetli dynç alşyny gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler ilatymyzy guwandyrýar, öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Agzybirlikde çekilýän zähmet ýurdumyzyň gazanýan ykdysady ösüşleriniň täze belentliklere çykmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam berýär. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylan 2024-nji ýylyň başyndan bäri sebitde amala aşyrylan tutumly işler hem aýdyň subut edýär. «Galkynyş» gaz käniniň «mawy» baýlygy

Şanly wakalara buýsanç

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny garşy alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna, uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, galyberse-de, ýurdumyzyň dürli künjeginde baş baýramymyzyň şanyna häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze binalardyr desgalaryň ulanmaga berilmegi, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi halkymyzyň döredijilik ylhamyny, zähmet joşgunyny, toý ruhuny has-da belende göterýär. Garaşsyzlyk baýramy abadançylygyň, parahatçylygyň, jebisligiň we agzybirligiň baýramydyr. Döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy, ykdysady ösüşleri, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy. Garaşsyzlyk döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr.

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

Häzirki ajaýyp günlerimizde beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şeýle toýly günlerde ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralar, täze binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýle ähmiýetli binalar ýurdumyzyň ähli künjeginde, welaýatlarda, etraplarda, obalarda gurulýar. Munuň özi ýurdumyzda toýlara sowgatly barylýandygyny aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň, uly üstünlikleriň döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen uly ösüşler halkyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Bu ösüşler ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmy esasda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär we täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Asylly ýörelgä eýerilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde pähimdar pederlerimiziň gadymdan gelýän agzybirlik, döwletlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, türkmen halkynyň milli demokratik däplerine, adalatlylyk, döwletlilik, kanunylyk we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribesine esaslanyp, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýörelgesinden ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Mähriban Watanymyzda agzybir hem bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýar. Garaşsyz döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy batly depginde ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylan ägirt uly ösüşleri dabaralandyrýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen öňe barýar Watanym!

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýetilýän belent sepgitler ata Watanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan Diýaryna öwürdi

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­riň ser­gi­si

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň ser­gi­si ge­çi­ril­di. Däp bol­şy ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş ösü­şiň aý­dyň ýo­lu­na dü­şen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­ni şöh­le­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Garaşsyzlyk – belent ykbal

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Baý­ram­la­ryň naý­ba­şy­sy — Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my ýe­tip gel­ýär. Her ýyl bu aja­ýyp baý­ra­ma ga­raş­ma­gyň özi hem uly buý­sanç. Baý­ram­çy­ly­gy my­na­syp gar­şy­la­mak üçin her bir ul­gam­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak üçin ýö­ri­te me­ýil­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Gün­de­lik tä­ze­lik­le­re ser ­sal­mak üçin ga­zet­dir žur­nal­la­ry ele ala­nyň­da ma­ka­la­lar­da ýa-da goş­gy se­tir­le­rin­de ga­bat gel­ýän «Ga­raş­syz­lyk — bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ar­zuw­lan bag­ty» di­ýen söz­le­ri oka­nyň­da, bi­yg­ty­ýar oýa bat­ýar­syň.

«Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­ny baýramçylygyň bosagasynda

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Türk­me­nis­tan dün­ýä nus­ga­lyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­rüp, döw­let­li tu­tum­la­ra ba­dal­ga ber­ýän kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz her bir ra­ýa­tyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ag­zy­bir­li­gi­niň we pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Garaşsyzlyk — bagtymyz

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry bi­len at­lan­dy­ry­lan ýy­ly­myz­da her bir gü­nü­miz deň­siz-taý­syz üs­tün­lik­le­re bes­le­nýär. Bil­şi­miz ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­myz­da me­de­ni, sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­miz ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýet­di. Döw­le­ti­miz hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­dan my­na­syp or­nu­ny tap­dy. Ýur­du­myz­da oka­mak, ha­lal zäh­met çek­mek we asu­da dur­muş­da ýa­şa­mak üçin dö­re­di­lip ber­len şert­ler bol­sa Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýip bel­le­ýän şy­ga­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Ylym­da we bi­lim­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­li ýo­ly bi­len öňe bar­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri buý­san­jy­my­zy go­şa­lan­dyr­ýar we ha­lal zäh­met çek­mä­ge bo­lan yh­la­sy­my­zy has-da art­dyr­ýar.

Eşretli ýaşaýşyň höziri

Öňňin gözel paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, 54 öýli we 9 sany 9 gatly, 36 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap seýilgähiň açylyş dabarasy boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda halkymyzyň rowaçlygynyň möhüm ugry hökmünde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzüminiň kemala getirilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Biz hem jaý toýlaryny toýlaýan ildeşlerimiz bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Georgiý GURTÖWEZOW,«Türkmensuwylymtaslama» institutynyň Gidrotehnika we suw ulanyş barlaghanasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty:

Döwletliniň ugran işi oň görner

Agzybir halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, röwşen geljege ynamly barýar Şu günler biz agzybir halk, jebis millet hökmünde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň belent ruhunda ýaşaýarys. Garaşsyz ösüşiň pelle-pelle geçilen menzillerine, taryhy tapgyrlaryna ser salýarys. Milli döwletlilik, döwlet Baştutany, halkyň we Watanyň ykbalynyň bitewüligi barada çynlakaý oýlara berilýäris. Garaşsyz ösüşiň şindiki tapgyrynda döwletiň keşigini öz üstüne alan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda asylly ýoluň mynasyp dowam etdirilýändigi, baý tejribelere daýanyp, täze gözýetimleriň açylýandygy bolsa bizi has-da buýsandyrýar.

Gül Diýar toý ruhunda

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlary, «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäheri şu günler uly toýlaryň ruhy joşgunyna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy, şeýle-de ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk görlüp, zähmet üstünlikleri gazanylýar. Düýn bolsa Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Aşgabada geldiler. Olar türkmeniň myhmansöýerlik däbine eýerilip, duz-çörek, aýdym-sazly çykyşlar bilen mähirli garşylandy.

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Ýüreklerde alkyş, kalplarda buýsanç Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler Garaşsyz Watanymyza, beýik döwrümize buýsanjymyzy artdyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, täze taryhy döwürde ähli ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamynda-da tutumly işler durmuşa geçirilýär. Diňe şu şanly ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, Diýarymyzyň sebitlerinde döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň birnäçesi açyldy. Şatlykly günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde gurlan 1 müň 200 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň toý ruhunda açylyp, ýaş nesillere, bilim işgärlerine sowgat edilmegi hem ýatdan çykmajak ýakymly waka öwrüldi. Bu gün täze mekdepde bilim alýan çagalaryň, zähmet çekýän mugallymlaryň şatlygyny görüp, göwnüň göterilýär.

Şanly senä toý sowgady

Ak mermerli paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherinde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bagtyýar zamanamyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy. Bu günki gün Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär. «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleriniň peýdalanylyp, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň doly abadanlaşdyrylandygyny hem-de degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek.

Döwletlilik ýolunyň dowamaty

XXI asyryň bosagasynda dünýä giňişliginde Türkmenistan döwletiniň döremegi bilen, Garaşsyzlyk merdana halkymyzyň alnynda bagtyýar geljegi gurmaga ýagty ýol açýan Gün bolup dogdy. «Garaşsyzlyk» atly gymmatlygyň özeninde ata-babalarymyzyň parahat durmuş baradaky arzuwlary, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeler jemlenýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şertleri döretdi. Garaşsyzlygyň baş maksady, ilkinji nobatda, onuň hukuk binýadynda şöhlelenýär. «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda (27.10.1991ý.) ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň belent maksatlaryň hatyrasyna adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, demokratik jemgyýeti gurmagyň hatyrasyna jar edilýändigi bellenildi.

Baýramçylygyň bosagasynda

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrabyň aragatnaşyk bölüminiň täze binasy açylyp ulanmaga berildi. Müşderileriň birbada 3000-den gowragynyň aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyna niýetlenen täze aragatnaşyk bölümi daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan öndürilen ýörite enjamlar bilen üpjün edildi. Täze bina «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan guruldy. Ol etrabyň şäher we oba ilatyny ýokary derejede aragatnaşyk hyzmaty bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Etrap aragatnaşyk bölüminiň döwrebap binasynda şäherara telefon aragatnaşygy, telefakslar, fakslar arkaly habarlary ýollamak nokatlary, abunaçylara gündelik neşirleri, žurnallary bökdençsiz paýlamaga we beýleki poçta hyzmatyny etmäge niýetlenen bölümler, internet kafesi we ýörite otaglar ýerleşýär.

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Baýramçylyk sowgady Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da şanly sene mynasybetli täze binalardyr desgalar ulanylmaga berilýär. Şu wakalaryň dabarasy barha golaý gelýän baş baýramymyzyň şatlygyna şatlyk goşup, il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär.