Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşlere eýe bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly toýdur baýramlara beslenýär. Taryhy wakalar ýurdumyzyň raýatlaryny belent maksatlara, giň gerimli işlere ruhlandyrýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga niýetlenen uly tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri iňňän guwandyryjydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterildi.