Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Garaşsyzlyk — belent sepgitlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäde halkara söwdanyň hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine özüniň goşýan goşandynyň gerimini barha giňeldýär. Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň möhüm geosyýasy çatrygynda amatly ýerleşýän eziz Diýarymyz dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary amala aşyrýar, ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň, ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna getirýär. Häzirki döwürde köptaraplaýynlygy bilen häsiýetlendirilýän daşary ykdysady işdäki özgerişlere baglylykda gümrük edaralarynyň döwletiň hem-de jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi ýokarlanýar. Şonuň üçin döwrüň talabyndan ugur alyp we jogapkärçiligimize dogry düşünip, işimizi talabalaýyk ýola goýmaga çalyşýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylygy söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan bu ýana-da ösdürilmegine öz goşandymyzy goşmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys.

Diýarymyzyň taryhy üstünlikleri

Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär, her bir günümiz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edilýän maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda netijeli işler amal edilip, ata Watanymyzyň her bir sebitinde, her bir şäherdir obasynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly taslamalar bina edilýär. Ösüşe beslenýän esasy pudaklaryň biri bolan binagärlik-gurluşyk ulgamynda hem uly üstünliklere ýetilýär. Muňa mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän Arkadag şäherini aýtmak bolar. Bu şäheriň gaýtalanmajak, sungat eseri bolan biri-birinden kaşaň edara binalarynda innowasion tehnologiýalaryň, ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» ulgamynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berlipdir. Bu bolsa Arkadag şäheriniň sanly mümkinçilikleri özünde jemleýän, «akylly şäher» maksatnamasy boýunça gurlandygyna güwä geçýär. Biz bu hakykaty Arkadag şäheriniň halkara derejeli şahadatnamalara mynasyp bolmagynda hem görýäris.

Watan waspy dillerde

Watanymyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlady. Şeýle günlerde Watanymyzyň waspyny ýetirmek örän buýsançlydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, asudalygy söýýän halkymyzyň täze taryhynda ähmiýetli wakalaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň ähli arzuw-maksatlarymyzyň hasyl bolmagynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durandygyny nygtaýar.

Watanymyzyň goranyş kuwwaty pugtalanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň goşun görnüşlerinde gulluk edýän serkerdeleriň, çagyryş boýunça esgerleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze harby tehnikalara ezberlik bilen erk edip, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň hukuk ýagdaýyndan, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alýarlar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş aýdyň subutnama boldy. Dabara meýdançasyndan başlaryny belent tutup geçip barýan ýurt goragçylaryny synlanyňda, Watanyň goragynyň ynamly ellerdedigine berk ynanýarsyň. Olaryň bir adam ýaly ýerine ýetirýän ykjam hereketleri harby gullukçylaryň agzybirliginden, batyrlygyndan, gujur-gaýratlylygydyr edermenlig

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Lukmanlardyr şepagat uýalarynyň gatnaşmagynda geçen duşuşykda çykyş edenler şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak ugrundaky tagallalary dogrusynda durup geçdiler. Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen duşuşykda ýaş saglygy goraýyş işgärlerine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň saglygy hakda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

«Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr»

Garaşsyzlyk ýyllary içinde bilimde we ylymda edilen işleri göz öňüňe getirip, halypalaryň ençemesini ýatlaýarsyň. Çünki Garaşsyzlygyň gazanylmagy, özbaşdaklyga ýetilmegi halkymyz üçin buýsançly wakalardyr. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlygyň düýp manysyny düşündirmekde halypalaryň hyzmatlary uludyr. Belli şahsyýetleriň ömri we döredijiligini öwrenip, makala ýazanyňda bar bolan maglumatlaryň birini-ikisini esasy tutarygyň edinýärsiň. Bu gezegem şeýle boldy: Garaşsyzlyk ýaly beýik bagty ene dilimiziň üsti bilen wagyz eden, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent, Türkmenistanyň ussat mugallymy, ýaşan ömründe ençeme dilçi, edebiýatçy şägirtleri ýetişdiren Haýdar Muhyýew barada makala ýazmak üçin toplan maglumatlarymyň içinden bir wideoýazgyny esas edindim. Ol wideoýazgy söhbetdeşlik bolup, 2005-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ýazga geçirilipdir. Ýurdumyzyň Merkezi arhiwi üçin ýazgy edilen şol söhbetdeşligi žurnalist Hojamyrat Goçmyradow alyp barypdyr. Şol söhbetdeşlikde Haýdar mugallym öz ömri we döredijiligi bilen birlikde, dil ylmy hem mugallymçylyk babatda gymmatly pikirlerini-de aýdyp, tanymal şahsyýetler bilen bagly durmuş pursatlaryny ýatlapdyr. Häzirki wagtda bir nusgasy dilçi alymyň maşgala arhiwinde saklanylýan şol ýazgyda dilimiziň taryhyny öwrenmekde gymmatly maglumatlar bar. Şol söhbetdeşlik ýazgysyny esas edinmegimiňem öz sebäbi bar: söhbetdeşleriň ikisi-de

Ýaş zehinleriň şowly çykyşlary

30-njy sentýabr — 5-nji oktýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň birinji Delfiý oýunlary geçirildi. Oňa Türkmenistandan hem zehinli çagalar fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şekillendiriş sungaty ugurlary boýunça gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň 14 ýaşa çenli çagalarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen bu halkara bäsleşige Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gyrgyz Respublikalaryndan zehinli çagalaryň jemi 500-den gowragy gatnaşdy.

Parahatçylyk taglymaty

Toý-toýa ulaşsa, şatlygyň goşalansa, parahat, abadan, ösüşe beslenýän Watanyňa söýgiň, bagtyýar durmuşyňa buýsanjyň hem şüküriň, eşretli geljegiňe ynamyň, ýaşaýşa höwesiň artýar. Ýaňy-ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň toýlanan günleri halkymyzyň ruhuny has-da belende göteren şatlykly wakalara beslendi. Baýramçylyk günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamly kalbynyň joşgunyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy gymmatly serpaý bolup, kalbymyzy heýjana saldy.

Beýik Galkynyşlaryň döwri

Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyzyň beýleki sebitleri ýaly, Daşoguz welaýaty üçin hem görlüp-eşidilmedik galkynyşlaryň döwri boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatyň çäginde taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar barmak büküp sanardan köp. Şeýle wakalar halk hojalygynyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Şonuň üçin Gaşsyzlygyň beren datly miwelerini — adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleri beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem görmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde oba hojalyk pudagynda pagtaçylyk bilen bir hatarda ekerançylygyň gallaçylyk pudagy hem ösüş ýoluna düşdi. Bu günki gün welaýatyň çägindäki ekerançylyk meýdanlarynyň 300 müň gektara golaýy gowaçanyň we bugdaýyň paýyna düşýär. Şonça meýdanyň 145 müň gektary bolsa, güýzlük bugdaý ösdürilýän ekin meýdanlarydyr. Häzirki döwürde welaýatyň ekin meýdanlarynyň ýüzlerçe müň gektaryna her ýyl gowaçanyň, bugdaýyň naýbaşy sortlary ekilip, sahawatly toprakdan bol hasyl alynýar.

Täzelikler

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda bugdaýy gaýtadan işläp, un öndürmekde 96 million 767 müň 730 manatlyk iş edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli köpdür. Has takygy, geçen dokuz aýda kärhana boýunça unuň jemi 33 müň 865 tonnasy öndürildi. Şonuň 11 müň 219 tonnasy ýokary hilli, 22 müň 646 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde kärhana boýunça kepegiň 10 müň 285 tonnasy, manny ýarmasynyň bolsa 105 tonnasy öndürildi. Meýilnama 103,3 göterim berjaý edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha güýçlenýär. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen döwrebap şäherde giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak babatda geçirilýän işler barada aýdyldy.

Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy: bilim-ylym-önümçilik sazlaşygy bilen belent sepgitlere

Ýakynda, has takygy 24-nji sentýabrda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we il bähbitli, döwletli çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň geljekki ösüşlere gönükdirilen maksatnamalaýyn resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” hem tassyklamagy ylym ulgamynyň işgärleridir alymlar üçin buýsandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzy ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler bilimiň, ylmyň, önümçiligiň sazlaşygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary d

Kesbinden kemal tapan halypa

Ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň eýesi boldy Yhlasyny, ykbalyny sungata bagyş edenleriň ykrary-da başgaça. Ol ykrar, halkyň kalbyndaky hormat-söýgüden başlanyp, ýurt, döwlet derejesine çenli göterilýär, hatda ondan-da belentlige sary ýol salýar. Şeýle ajaýyp ykrara mynasyp bolmak üçin geçilmeli synagdan doly ýollar hem üýtgeşik. Ol ýollarda duş gelýän ynsanlar, şaýat bolunýan pursatlar, başdan geçirilýän wakalar... bularyň ählisi beýik bir ömrüň taryhyny ýazýar, ol ömrüň eýesiniň adyny ebedileşdirýär. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Döwlet sylagy ýokary ynamy ödemäge borçlandyrýar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda dürli pudaklaryň wekilleri ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri hem bar. Allaberdi HALMYRADOW,«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň gaztehnologiýa işleri boýunça orunbasary, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Bedew bilen ýeňişler rowan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 28-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän bu toplumda dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar 1 müň 600 metr aralykda bäsleşdi. Şolardan ikinji çapyşykda üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Bäherden» atçylyk hojalygyna degişli bolan Gülbahar atly mele aty bilen 1 minut 51,6 sekunt netije görkezip, ynamly ýeňiş gazandy. Şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çapyşygynda gazanylan bu ýeňiş ýurdumyzyň nebitgazçylarynyň ýüreklerini joşduryp, şatlyk-şowhunlaryny has-da artdyrdy. Ussat çapyksuwar Y.Saparow uly toýdan serpaýly bolmagyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tomaşa etmeginde gazanylan ýeňşiň özi üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belleýär. Ýaş çapyksuwaryň bellemegine görä, şeýle ajaýyp günler, eşretli durmuş, eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşi, ýetilýän sepgitler behişdi bedewlerimiziň tizligi, ýyndamlygy we arassa gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem bedew bady bilen ösýän-özgerýän Watanymyzda her bir şanly senäniň, toýdur baýramlaryň at çapyşyklary bilen utgaşyp gitmegi örän buýsandyryjydyr. Türkmen aga «At çapmaz, bagt ç

Lowurdap dur Arkadagyň şäheri

«Wena baly» diýlende, göz öňüňde bezegi özüne ýetik giň meýdançada wals tansyny edip ýören bagtyýar jübütler janlanýar. Bu bal — Wena baly özüniň gözbaşyny geçen asyrdan, ýagny 1935-nji ýyldan alyp gaýdýar. Biziň ýurdumyz hakynda aýdanyňda bolsa, ony Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany hökmünde 2008-nji ýylda Wena bolan sapary bilen baglanyşdyryp bolar. Çünki şol ýylda döredijilik işgärlerinden ybarat bolan topar, has dogrusy, sungat ussatlarymyz Wenanyň belli konsert köşgünde çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göteripdiler. Ýewropada ilkinji gezek ýaňlanan halk sazlarydyr mukamlar medeni gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Şonuň esasynda-da, gatnaşyklar berkäp, 2009-njy ýylyň maý aýynda mermer paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde türkmen-awstriýa orkestriniň ilkinji konserti geçirilip, ol ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň hasam berkemegine getirdi. 2011-nji ýylyň sentýabrynda bolsa ilkinji Wena baly geçirilip, onuň watany hasaplanýan Awstriýa bilen medeni gatnaşyklaryň ösýändiginiň güwäsi boldy. Bu bal hakynda Gahryman Arkadagymyzyň:

Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň köptaraply

Geňeşli ýollar — güneşli ýollar

Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymydan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Durmuşynyň iň möhüm meseleleri Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde geçirilen milli forumda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taryhy waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri orun aldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň esasy maksady gazanylan taryhy üstünliklere syn bermekden, uzakmöhletleýin wezipeleri kesgitlemekden we özygtyýarly döwletiň gazananlaryny berkitmekden ybarat boldy. Halk Maslahatynyň mejlisine ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, ha