Ýakynda, has takygy 24-nji sentýabrda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we il bähbitli, döwletli çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň geljekki ösüşlere gönükdirilen maksatnamalaýyn resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” hem tassyklamagy ylym ulgamynyň işgärleridir alymlar üçin buýsandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzy ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler bilimiň, ylmyň, önümçiligiň sazlaşygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň” esasy maksady bolup durýar.