«Durky peleň, şir mysaly...»
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň agzybirlikde, ýokary derejede bellenilmegi ata-babalarymyzyň ösdürip ýetişdirip, kämil derejä ýetiren alabaý itlerine uly hormat goýulýandygynyň tassyknamasydyr. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy — türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri hasaplanylyp, onuň ýaşy müňýyllyklara uzaýar. Keşbiniň gadymy görnüşinden birjik-de üýtgemän, şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň esasy aýratynlygydyr. Bu tohumyň kemala gelen ýeri Merkezi Aziýa sebiti hasaplanylýar. Irki döwürlerde çarwaçylyk bilen meşgullanan ilata öý-ojaklaryny we kerwenleri, şeýle hem, dowar sürülerini we gaýry mallaryny ýyrtyjylardan gorap biljek wepaly, sadyk goragçy zerur bolupdyr. Agyr howa şertleri, ýyrtyjy haýwanlar bilen göreş türkmen alabaýynyň daşky görnüşini we häsiýetini emele getiripdir. Munuň özi alabaý itleriniň çydamly, gaýduwsyz we çöl şertlerinde güýjüni tygşytly sarp etmäge ukyply bolmagyny şertlendirýär.