Gadyrly gatnaşyklardan nyşan

25 Oktýabr 2024
295

Gazagystanyň Prezidentiniň 10-11-nji oktýabrda ýurdumyza amala aşyran resmi sapary Aşgabatda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň dabaraly açylmagy bilen hem utgaşdy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy.

Meşhur gazak şahyrynyň özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän heýkeliniň Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde bina edilmegi iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine esaslanýan gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Bu wakanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede baýram edilýän ýylda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Astana şäherinde Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Gazagystanyň paýtagtynda Gündogaryň beýik akyldarynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň mizemezdigini görkezdi.

Beýleki habarlar