Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde, dünýäniň dürli döwletleri bilen itşynaslyk ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini nazara alnyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Orazmyrat Rejepgulyýewiç Saparowa, Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Aganýazowiç Hanyýewe Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.

Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

Şu ýylyň 9 aýynda Özbegistanyň GDA agza ýurtlar bilen özara söwda dolanyşygy 16 milliard 842 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şonuň 6,6 milliardy Özbegistanyň eksportynyň, 10,2 milliardy bolsa importynyň paýyna düşýär. Ýurduň Statistika agentliginiň ýazmagyna görä, hasabat döwründe Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygynyň 51,4 göterimi Russiýa Federasiýasyna, 17,9 göterimi Gazagystana, 5,2 göterimi Türkmenistana degişli.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly itşynaslar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size batyrlygy, duýgurlygy, akyllylygy bilen tapawutlanyp, mähriban halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmekde alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, milli buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän günlerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy, şeýle hem saparyň dowamynda Size Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin assosiasiýanyň çäginde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan forumlara hem-de köp sanly çärelere gatnaşmak, ozaly bilen, şöhratly alabaýlaryň taryhy watanynda bolup görmäge, türkmen hünärmenleri bilen, şol sanda bu täsin tohumyň genofondyny saklamak boýunça tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Alabaýlara aýratyn gadyr goýýanlaryň şeýle duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär, täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrýar, itşynaslyk ugrunda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert döredýär. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasi

Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi. Paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirilip, onda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, ýurdumyzyň iň gowy itşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy. Şu gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide halkymyzyň milli mirasy, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Önümçilik görkezijileri ýokarlanýar

Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Begenç HANYÝEW,Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň at çopany, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň uludan toýlanýan günlerinde meniň ykbalymda ýatdan çykmajak waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, maňa-da «Türkmenistanyň at gazan itşynasy» diýen hormatly at berildi. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.

Akguş — «ýylyň türkmen edermen alabaýy»

Gojaman Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan esasy toý dabaralary ýurdumyzda milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpany ýene bir ýola äşgär etdi. Toplum ir säherden şowhunly toýhanany ýada saldy. Hatara dikilen türkmeniň ak öýleri, merjen paýtagtymyza we Arkadag şäherine, şeýle-de welaýatlarymyza degişli sergi bölümlerinde görkezilen gymmatlyklar uly toýa özboluşly bezeg berdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren sahna oýunlary, hoş owazly aýdym-sazlardyr joşgunly tanslar bu tohum itleriň janköýerlerine ruhy lezzet paýlady. Soňra Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Biz dabaranyň gidýän ýerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Akguş atly alabaýyň eýesi, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Ýanbaş ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, hususy itşynas Rasul Kerimow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi.

Waspy dünýä dolan

Düýn Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde däbe öwrülen döredijilik bäsleşiginiň hem jemi jemlenildi. Türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda yglan edilen bäsleşik şu ýyl dördünji gezek geçirildi. Bäsleşige hödürlenilen eserler halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini, döredijilik işgärleriniň zehin-yhlasyny açyp görkezdi. Bäsleşige gatnaşan halyçylar, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar, neşirýat işiniň hünärmenleri, teleoperatorlar öz eserlerinde wepadarlygyň we gaýduwsyzlygyň nyşany bolan türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmegi maksat edindiler. Olar öz eserlerinde alabaýyň daşky keşbi bilen birlikde, içki dünýäsini, gylyk-häsiýetlerini hem açyp görkezmäge synanyşdylar. Şeýlelikde, bäsleşige hödürlenilen işleriň iň gowulary eminler topary tarapyndan degişli ugurlara laýyklykda saýlanyp-seçildi. Şunda eseriň mazmun we forma aýratynlygyna, işiň ýerine ýetirilişine, reňk sazlaşygyna, bezeg aýratynlyklaryna üns berildi.

Asudalygyň goragçylarynyň hemrasy

Halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagy pederlerimiziň alabaý itlerini saklamagy we ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijesinde, alabaý itleriniň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, itiň mazarlarynyň tapylmagy gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar. Altyndepeden, Daňdanakandan tapylan alabaýyň toýundan, faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň döredilen senesi bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky döwre degişli bolup durýar. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.

Türkmenistan: Bagtyýarlyk mekany

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak hem-de bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, se­bi­tiň we tu­tuş yk­ly­myň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bi­di­ne özü­niň üs­ta­şyr ulag kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bu se­bit­de ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň, şol san­da, hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we ho­wa men­zi­li­niň, aw­tou­lag hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň bar­ly­gy örän äh­mi­ýet­li­dir.

Alabaý — milli buýsanjymyz

Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Sergide alabaý güjükleri, kinologiýa, itleri ösdürip ýetişdirmegiň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly itşynaslar!

Hoşallyk maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzda şanly senelere we taryhy wakalara baý boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde saglygy goraýyş edaralarynda ýetilýän beýik sepgitler barada bellenilip geçildi. Professor-mugallymlar täze neşiriň ýurdumyzda giňden bellenilen hünär baýramyna — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygyny aýdyp, baý mazmunly kitabyň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini, olaryň biologik we himiki aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi barada giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň düzümine girýän dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň sportu

Jem­gy­ýe­ti je­bis­leş­dir­ýän güýç

Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bularyň ählisi bedenterbiýäniň hem-de sportuň ajaýyp häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan düşünjelerdir. Her bir adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň ösüşine-de güýçli täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen adamlar şahsy kämillige ýetýän bolsa, sporty we bedenterbiýäni jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletiň kuwwaty artýar. Sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän güýçdügine ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilen günlerinde, şeýle-de, türgenlerimiziň yklym we dünýä çempionatlaryndan medallar çemeni bilen dolanyp gelen pursatlarynda şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünlikler, ýeňişler her birimiziň kalbymyza buýsanç duýgularyny eçildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan.

Behişdi ahalteke bedewimiz – baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen halysy – syrly sungat, diňe ruhy baý ynsan şeýle sungaty döreder.

Il-günümiziň köňül buýsanjy

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimli çärelere beslenýär. Onuň çäklerinde milli itşynaslygyň iň oňat däpleriniň, alabaýlaryň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini maksat edinýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşigi aýratyn bellemek gerek. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan guralýan bu bäsleşigiň ýeňijisine gowşurmak üçin «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen medalyň esaslandyrylmagy hem bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen itşynaslyk sungatyny saklamakda we ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilendigini, il içinde abraý alan itşynaslara döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bu hormatly atlaryň dakylýandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen ala

«Dur­ky pe­leň, şir my­sa­ly...»

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň agzybirlikde, ýokary derejede bellenilmegi ata-babalarymyzyň ösdürip ýetişdirip, kämil derejä ýetiren alabaý itlerine uly hormat goýulýandygynyň tassyknamasydyr. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy — türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri hasaplanylyp, onuň ýaşy müňýyllyklara uzaýar. Keşbiniň gadymy görnüşinden birjik-de üýtgemän, şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň esasy aýratynlygydyr. Bu tohumyň kemala gelen ýeri Merkezi Aziýa sebiti hasaplanylýar. Irki döwürlerde çarwaçylyk bilen meşgullanan ilata öý-ojaklaryny we kerwenleri, şeýle hem, dowar sürülerini we gaýry mallaryny ýyrtyjylardan gorap biljek wepaly, sadyk goragçy zerur bolupdyr. Agyr howa şertleri, ýyrtyjy haýwanlar bilen göreş türkmen alabaýynyň daşky görnüşini we häsiýetini emele getiripdir. Munuň özi alabaý itleriniň çydamly, gaýduwsyz we çöl şertlerinde güýjüni tygşytly sarp etmäge ukyply bolmagyny şertlendirýär.