Il-günümiziň köňül buýsanjy

25 Oktýabr 2024
348

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimli çärelere beslenýär. Onuň çäklerinde milli itşynaslygyň iň oňat däpleriniň, alabaýlaryň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini maksat edinýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşigi aýratyn bellemek gerek. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan guralýan bu bäsleşigiň ýeňijisine gowşurmak üçin «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen medalyň esaslandyrylmagy hem bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmen itşynaslyk sungatyny saklamakda we ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilendigini, il içinde abraý alan itşynaslara döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bu hormatly atlaryň dakylýandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalynyň esaslandyrylmagy bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýediginiň güwäsidir.

Batyr ORAZOW,
TDB we SI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar