Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz hanym Pia Kaumany mähirli mübärekläp, saparynyň dowamynda onuň gatnaşmagynda geçiriljek, parahatçylygy üpjün etmekde dialogyň ornuna bagyşlanan forumyň hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, maslahatyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigini nygtady.