Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy

27 Noýabr 2024
173

Adamlar birek-birege gol uzadyp ýakynlaşýarlar. Döwletleri bolsa birek-birege uzan ýollar ýakynlaşdyrýar. Şonuň üçinem türkmençilikde köpri gurmak, ýol çekmek ozaldan sogaply, haýyrly iş hasaplanylyp gelnipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy hem şol asylly ýörelgelere esaslanýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň, dünýä ähmiýetli öňe sürülýän başlangyçlaryň, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalaryň düýp maksady hem Ýer ýüzünde ählumumy abadançylygy berkarar etmekden ybaratdyr.

Ata Watanymyz Türkmenistan soňky onýyllykda dünýä derejesinde ulag diplomatiýasyny dabaralandyrmakda iň işjeň çykyş edýän döwletleriň biri hökmünde halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe boldy. Bu ýöne ýere däl. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Bütindünýä durnukly ulag güni», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» ýaly Kararnamalar kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar