Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Iner kuwwatlynyň edähedine eýeren

Ol gol doly maşgalanyň eýesidi. Bir içeriden on alty baş girip çykýardy. «Teke gyzylyňkylar» diýilse, Balkan welaýatynda, ylaýta-da, ozalky Gazanjyk (häzirki Bereket), Gyzylarbat (häzirki Serdar) etraplarynyň ilatynyň aglabasy olara beletdi. Uly maşgalanyň baştutany «Ýykylsaň, ýere ýapyş» pähime eýerip, rysgalyny ene toprakdan agtarýar. Öz mekan tutan Kürendagynyň güneýindäki jülgede ne çeşme bardy, ne-de guýy. Iner kuwwatyna ynanýan Teke gyzyl Sirkeliniň oýunda howuz gazmaga ymykly girişýär. Asylly matlabyny berjaý edýär. Teke aganyň howzuny şol jelegaýlarda ýerden ýöreýäniň uludan-kiçi bilmeýäni ýokdy.

Ömür hakda oýlanmalar

Säherden gözel zat bolup bilermi?! Äleme nur saçyp, Günüň dogup gelýänini görýärsiň-de, ömrümiziň ýene bir gününi uzaltmak maksady bilen ony özüň, öz eliň bilen göterip getirýändirin öýdýärsiň. Hawa, ömrüň, ýaşaýşyň ýene bir gününi döretmek üçin edýärsiň. Täze gün özüňe, seniň öýüňe, şäheriňe, ýurduňa, tutuş dünýä näme getirer? Ony bilýänem, biljegem ýok. Ýöne bir zat begendirýär — gidip barşyňa, öňde diňe gowulyk bolar diýip umyt edýärsiň. * * *

Şygryýetdäki nowellaçylyk

XX asyr türkmen edebiýatynyň şygryýetindäki liriki gahrymanlaryň häsiýetine göz aýlanyňda, ozaly bilen bu döwrüň çeper edebiýatyndaky liriki gahrymanlarynyň özboluşlylygy göze ilýär. Dogry, gahrymanlaryň özünden öňki gahrymanlara çalymdaş häsiýetleri-de az däldirem welin, Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň hem-de beýleki zehinli şahyrlaryň liriki gahrymanlary bu döwrüň şygryýetiniň özboluşly ýoluny döredip bilipdi. Olar arzuwy, hyjuwy, dünýägaraýşy bilen dürli sypatlary janlandyranlygy üçin umumy özboluşly ýoluň içinde öz «hususy» özboluşly ýollary bilen tapawutlanypdyrlar. Aslynda-ha, biziň söhbedimiziň süňňi şahyr Halyl Kulyýewiň şygryýetindäki özboluşlylyk hakynda. Şonuň üçinem şahyryň liriki gahrymanynda ýüze çykýan häsiýet aýratynlygy dogrusynda söhbet açan alymlaryň pikirlerini-de ýatlamagy dogry bildik.

Ýylyň adyna buýsanç

Taryhy şanly döwletimizGaraşsyz, hemişelik Bitarap,Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany.Bedew batly gadamlarymyzbagtdan paýly ertirlere tarap,Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany. Gysym gumy duz dek mukaddes,bu toprak känim, baýlygym-barym,Görsem diýp her kim eder höwes,jennete bäs edýär gül Diýarym,Milletiň sesine goşup ses,joşup hem buýsanyplar diýýärin —Türkmenistan — parahatçylygyňwe ynanyşmagyň Watany.

Türkmen hoşniýetliliginiň şöhlelenmesi

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň düýp manysy ynsanperwerlikdir, esasy häsiýetnamasy bolsa parahatçylyk söýüjilikdir. Bitaraplyk halkyň arzuw-isleglerini, ýagşy niýetlerini beýan eden Gündogar edebiýatymyzyň we türkmen nusgawy edebiýatymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçen ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, asudalyk, parahatlyk duýgy-düşünjeleri arkaly aňladylypdyr. Türkmen halky hoşamaýlygy, hoşniýetli gatnaşygy ýaşaýyş durmuşyndaky ilkinji ýörelgelerine öwren we muny görüm-görelde esasynda nesillerinde terbiýeleýän halklygy bilen häsiýetlenýär. «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar» ýaly ajaýyp pähimlere eýeren, zandy hoşniýetlilige ýugrulan türkmen adam gatnaşyklarynda hemişe-de akylyň güýjüne, sözüň gudratyna daýanan we bu ýörelgelerden rahatlyk, döwlet tapan halk. Edebiýatymyza siňen «Aýrylmaz goňşyňa agyryly söz aýtma», «Söýenişen — ýykylmaz», «Arkalaşan — dag aşar» ýaly halk aýtgylarymyz ynsan gatnaşyklarynda we döwletara gatnaşyklarynda synalan tejribeler esasynda döredilendir.

Gündogaryň beýik danasy

Uzak geçmişiň dowamynda türkmen topragynda beýik danalar, akyldarlar, alymlar ýaşap we döredip geçipdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda şeýle diýýär: «Biziň Oguz han atamyzyň mekdebinden gözbaş alyp gaýdan Abu Reýhan Biruny, Abu Nasyr Faraby, Muhammet Horezmi, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Muhammet Zamahşary ýaly beýik alymlaryň zehininde eýlenen Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly beýik şahyrlarymyzyň döredijilik ussahanasynda taplanyp, kämillige ýeten we ölmez-ýitmez bolan milli ylym, bilim, döredijilik mirasymyz bardyr». Özleriniň ajaýyp eserleridir gymmatly açyşlary bilen tutuş Gündogarda meşhurlyga ýeten şol şahsyýetlerimiziň aglabasynyň suratynyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda ýerleşdirilmegi hem uly mana eýedir. Çünki ol danalaryň paýhas gazanynda gaýnap, zybanyndan çykan kelamlaryň köpüsi uzak ýyllaryň dowamynda nakyla öwrülip gidipdir. «Paýhas çeşmesi» atly pähimler ýygyndysynda suraty ýerleşdirilen danyşmentleriň biri-de özüniň täsin açyşlary, pelsepewi pikirleri bilen dünýä ylmyna mynasyp goşandyny goşan Gündogaryň beýik akyldary Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunydyr. Ol filosof, taryhçy, jahankeşde, geograf, dilçi, şah

Bu Watan siziňdir, biziňdir, dogan!

Owgan topragynda ýaşaýan doganlarymyz ilkinji gezek türkmen topragyna gadam basanlarynda şeýle diýipdirler: Ata Watan sende mähir ýeterlik,Bu Watan siziňdir, biziňdir, dogan!Duşuşdyk ýene-de ykbal göterlip,Bu Watan siziňdir, biziňdir, dogan!

Orazgeldi Ylýas we Geldi Bäşi

«Ussat bagşynyň ýoly» makalalar toplumyndan Ynsana zehin käni berlende, onuň çägi bolmaz eken. Bu wakany ussat şahyr Geldi Bäşiýew garaganly ýaşuly Gylyçdurdy Gojaýewe gürrüň beripdir:

Arkadaga alkyşnama

Gije-gündiz halkyň arasynda Siz,Halkyň aladasy — hereketiňiz.Yhlasyňyz hem-de paýhasyňyz bilen,Artýar pursat saýyn berekedimiz. Nazaryňyz düşse gülzardyr ýerler,Bahar gelen ýaly owadan bolýar.Toýlarmyzda şatlyk bilen joşulyp,Aýdym-saz, küştdepdi, gazaldan dolýar.

Ene sargydy

(Bolan waka) Bir gün  Hally dostum bilen tomsuň ahyrragynda çölüň jümmüşine düýelerimizi  gözlemäge gitmekçi bolduk. Goş-golamlarymyzy taýýarlap ýörkäk, garry enem ýanymyza gelip:

Durmuş we biz

Duýgudaşlyk Ynsanyň ruhy dünýäsi hoşmeýilli duýgulara baý. Olaryň hemmesi birigip, adamzadyň ahlak sypatlaryny, ynsanperwerlik häsiýetlerini kemala getirýär. Hoş gylykly, ajap häsiýetli, şirin zybanly ynsanlar bada-bat ünsüňi çekýär, özüne maýyl edýär.

Hikmetli sözler

Niýet nirä öwrülse, aýaklar hem şol tarapa ädilýär. * * *

Esger sowgady (Hekaýa)

Daşarda garadam ýasap ýören agtyklary şadyýan sesler bilen: ― Ene, buşluk, kakam size sowgat getirýär! ― diýişip, içerik kürsäp girdiler. Onuň yz ýany bilen ýylgyrjaklap gapydan ätlän harby eşikli ogluny gören ene dessine ýerinden galdy:

Ýaşlaryň döredijiliginden

Arkadagyň paýhasy Bu gözel Diýaryň çar ýany rahat,Bagta beslenip dur ýyllar hem aýlar.Döwletli döwranda illerimiz şat,Bizde hatar-hatar tutumly toýlar.

Howsala

(hekaýa)Bu gün hem adatdaky ýaly, Gün ýaşansoň esli wagt oýna güýmendik. Ala-garaňkylykda mallary öňümize salyp, oba sary ýola düşdük. Birden wagtyň bir çene barandygy, mallaryň sanynyň tükelligi ýa däldigi baradaky howsala ýüregimi gysdyryp ugrady. Hawa, ýüregiň gysyp ugradymy, diýmek, bir ýakymsyzlyk bardyr. Ýa mallaryň sany tükel däldir ýa-da öýüňe baraňda, giç geleniň üçin igenç eşidersiň. Kelläme gelen pikirden hiç saplanyp bilmedim. Ýüregim bir zady syzan ýaly boldy. Süriniň gapdaly bilen ylgap, ýabyň raýşyna çykyp, mallary gaýta-gaýta sanadym. Hemmesi ýerbe-ýer, toklularyň sany tükel, işşekler hemişekileri ýaly biri-birine gysylyşyp barýarlar, öweçler hem süriniň öňünde. Birden üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Hemişe süriniň ortasynda ýöreýän maň goýun ýokdy. Yzyma dolanjak bolsam, eýýäm oba golaý gelipdik, garaňky hem mazaly düşüpdi. Näme bolsa-da, kakama aýdyp, onuň bilen bile gözlemäge gitmekden başga alajym ýokdy. Şonuň üçin tizräk öýe ýetmek üçin mallary haýdaberdim.

Danalardan dürdäneler

Kitap — islendik bilimiň jany we ýüregi, islendik ylmyň başydyr. S.SWEÝE.

Ylham gorum — Watanym

Şygyrlar şadilli,  suratlar ajap,Watan waspy güberçekläp galyp dur.«Döret!» diýip, borçly edenok hiç kimÝene şygyr döredesim gelip dur. Gursagymda gözel-gözel niýet bar,Ak daňlary arzuw bilen atanym.Maksadym bir çemen bogmak şygyrdan,Ylham gorum sen — mähriban Watanym!

«Ýunus, seniň sözleriň manydyr bilenlere...»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp asyrlyk milli medeniýetimiziň gaýtadan dikeldilýändigi, ata-babalarymyzyň nesillere goýan edebi mirasynyň täzeden öwrenilip, dünýä ýaýylýandygy halkymyzyň dünýäsine nur saçýar. Türkmen halkynyň köp asyrlyk geçmiş edebiýatynda göýä bilbil bolup saýrap, owazyny çeper sözüň üsti bilen jümle-jahana ýaýanlaryň biri-de beýik söz ussady Ýunus Emredir. Ýunus Emräniň edebiýat äleminde baky ýaňlanyp duran sesi kalplara dolanda, ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda ylmy we çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdy» diýen parasatly sözleri kalplara dolýar.

Tapmaçalar

Oň balyk ýalyJany suw bilen.«Türkmen kölünde»Ýüzýär guw bilen. Suwda arkaýyn,Ýaýnap gezýär ol.Kölüň hezilin,Boýlap görýär ol.

Säher synlap, bu owadan jahany (Oýlanma)

Ýylyň her bir pasly özüniň owadanlygy, aýratynlygy, özboluşlylygy bilen türkmen sährasyny bezeýär. Altyn Güneş gyzgyn çogy bilen pasyllara hemdem bolýar, enäniň ýürek töründen gözbaş alýan mähremlik akabasy kimin, Güneşiň hem öz howrundan yssylyk mährini topraga siňdirmegi tebigaty gül-gülzarlyga öwürýär. Dünýämiz owadanlyga beslenýär. Ol owadanlyga bütin durkuň bilen teşne bolmazlyk mümkin däl. Belent-belent kemerli daglaryň howalanyp oturşy, gözbaşyny şo-ol goja daglardan alyp gaýdýan çeşmäniň Gurbannazar Ezizow bilen Nury Halmämmedowyň yhlasyndan dörän «Türkmen sährasy» aýdymynyň mylaýym sazyna meňzeş owaz bilen şildiräp akýan jana melhem suwy, ýaşyl baýyrlyklarda erkana gezip ýören jerenler... Onsoň, şu gözellikleri synlap, olara haýran galyp, neneň türkmen topragyna behişdi Diýar diýmejek. Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik kitabyndaky ösümlikleri dogry ulanyp bilseň, olaryň melhemlik peýdasynyň uludygyny görmek bolýar. Diýmek, ene topragyň üstünde bitýän ösümlikleriň, daragtlaryň hiç biriniň yrýasy ýok. Müň bir derdiň dermany üzärligi diýsene! Lukman Hekimiň öz döwründe bu melhemlik oty dertlilere derman hökmünde ulanyp başlamagy asyrlaryň dowamynda janlara melhem bolup gelýär. Taryhymyza ser salanymyzda-da, akar suwly ýaplaryň boýlaryna, köçeleriň gyralaryna, howlulara, seýil baglaryna daragtlary, gülleri ekme