«Ýunus, seniň sözleriň manydyr bilenlere...»

25 Ýanwar 2021
1741

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp asyrlyk milli medeniýetimiziň gaýtadan dikeldilýändigi, ata-babalarymyzyň nesillere goýan edebi mirasynyň täzeden öwrenilip, dünýä ýaýylýandygy halkymyzyň dünýäsine nur saçýar.

Türkmen halkynyň köp asyrlyk geçmiş edebiýatynda göýä bilbil bolup saýrap, owazyny çeper sözüň üsti bilen jümle-jahana ýaýanlaryň biri-de beýik söz ussady Ýunus Emredir. Ýunus Emräniň edebiýat äleminde baky ýaňlanyp duran sesi kalplara dolanda, ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda ylmy we çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdylar. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdy» diýen parasatly sözleri kalplara dolýar.

Azat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar