Golýazmalar — milli baýlygymyz
Golýazma ýadygärlikleri türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Golýazmalara diňe bir beýik akyldarlarymyzyň döreden eserleri hökmünde garalman, olara kagyz taýýarlaýjy ussalaryň, hatdatlaryň, suratkeşleriň, zer çaýyjylardyr jiltleýjileriň ellerinden çykan gymmatly miras hökmünde hem baha berilmelidir. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän döwründe TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda önjeýli orny bolan golýazma mirasymyzy toplamak, ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak, halkymyzyň ýazuwly ýadygärliginiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri — golýazmalary abat saklamak, ylmy taýdan teswirlemek, gadymy taryhymyz, müdimi edebiýatymyz, asal dilimiz bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmek, nusgawy şahyrlarymyzyň we halk döredijilik eserlerini ylmy taýdan öwrenip, neşire taýýarlamak işini dowamly alyp barýar. Şu ýylda institutda akyldar şahyrymyzyň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, watançylyk, milli döwlet ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýän 271 sany şygryny özünde jemleýän «Magtymguly. Saýlanan eserler» (Aşgabat, TDNG, 519 sah.) atly neşir üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde halk köpçüligine ýetirildi.